Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:08
Adam atanyň arzy
ADAM ATANYŇ ARZY

Bir gapyrgam sypdyryp çep taýymdan,
Ýasapsyň sen, Alla,
asman aýyndan
Hem behişdiň humaýyndan ajaýyp
Zyba jenany.
Sagymdanam bir gapyrgam alaňda,
Bolmazdym maýyp!

Nobatguly REJEBOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 109 | Mowzugy paýlaşan: lirika | Teg: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Мango • 17:31, 26.04.2023
Adam ata arzyny ýere düşensoň aýdan bolmaly - "asman aýyndan hem behişdiň humaýyndan ajaýyp Zyba jenany" ýasadyň diýýä welin. asmanyň Aýy Ýerden görünýär (behiştde görünmeýän bolaýmasa).

aý, düşünmän şikaýat edäýipdirdaý, gapyrgamdan ýasadyň, maýyp etdiň diýip...
oň başga manysy bar-a.
gapyrga - adamyň iç goşuny aman, gorap saklaýan agza ahyryn.
edil özi, edil özi - aýalam maşgalany aman, gorap saklaýan biri.
şikaýat etseň et welin - bu adalatly däl. :-)
How enesiz Adam ataň güni geçmez.
avatar
0
2 lirika • 19:28, 26.04.2023
Ylalasýan. Ýöne aýal masgalany aman, gorap saklaýany üçin diñe çep gapyrgamy däl, sag gapyrgamam bermäge taýyn diýýän ýaly görünýär...
avatar
0
3 Мango • 22:01, 26.04.2023
Tersirak düşünipdirin :-)

Aýal gapyrgadan bolany üçin ol maşgalany, ojagy gorar (iç goşlary goraýşy ýaly gapyrgaň).
Bilýäňmi ol kelle süňkünden ýasalmandyr - şo sebäpli aýaly kellä çykarmaly däl (ýa aýalyň özem baş boljak bolmaly däl :-) )
Bilýäňmi ol aýak süňkünden ýasalmandyr - şo sebäpli aýal basgylanmaly däl.
Aýal - gapyrgadan. Aýal - ojagy gorar.
Ýaşasyn AÝAL! :-)
avatar
1
4 Балканов • 22:26, 26.04.2023
Salam hormatly Lirika (resmi adyňyzy we familiýaňyzy bilemok, bagyşlaň)! Eger şu saýtda Siziň eserlerňiz çap edilen bolsa, salgysyny berseňiz, biziň hem tanyşmak hyýalymyz bar.
Sag boluň, minnetdar.
avatar
1
5 Балканов • 22:31, 26.04.2023
Nobatguly halypaň ýatan ýeri ýagty, jaýy--Jennetden bolsun!
Onuň bu ajaýyp goşysyna erkek adamlar düşünip aňyrsyna ýetýärler, ýöne üçünji we dördünji gapyrgalaryny agzamaga ýanýoldaşlaryndan çekinýärler
avatar
0
6 Pero • 23:08, 26.04.2023
Hany biri Gurhanyñ şol aýalyñ ýasalyşyny gür berýän aýady ters terjime edilip gelindi diýýär-da. Kimdigi ýadyma-ha düşenok. Ýa ol pikir ykrar edilmedimikä?!
avatar
0
7 lirika • 23:12, 26.04.2023
Balkanow, meniñ adym, familiýamy(f.a.a) hiç kime indiden beýläk aýtmaryn diýip özüme söz berdim. Eserlerimiñ bu saýtda bardygyny ýa ýokdugyny aýdyp biljek däl. Ýöne bar bolaýanda-da onuñam salgysyny berip biljek däl. Sebäbi ony aýtsam siz meniñ kimdigimi bilersiñiz...
Ýöne wagty gelende hökman özümi tanadaryn.
avatar
0
8 Балканов • 23:36, 26.04.2023
Näme diýseňizläň Lirika, men siziň şahsyýetiňizi bilen tanyşmak niýetim ýok, meni Siziň esrleriňiz gyzklandyrýar (eger döredýän bolsaňyz). Siz mamala--her bir hadysaň öz döwri bar, özüňizi tanajkak bolup azara galmaň, gerek bolsa Wagtyň özi Sizi tanadar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202