16:39 Ýok, gardaş, agtarma özüňden günä! | |
Kakabaýa Ýok, gardaş, agtarma özüňden günä, Goşgy ýaz. kyssa ýaz gussa çekme-de. Ýeri, ak «Wolgaly» gatnamanda nä, Ertir-agşam çagalarmyz mekdebe. Aslynda biz baýlygyn däl, Baýronyň, Pyragynyň yzyn yzlap selpedik. Biz bu dünýä diňe keýp etmäge hem Gelnimizi bezemäge gelmedik. Studentlik öwretmändi diňe bir, Özümiz kitaba bendi etmegi. Makaronly ýyllar öwrenipdik biz, Sada geýinmegi, Bergi etmegi. Ýok, biz iller ýaly miweler bişse, Agtaryp kurortlaň gowudan gowsun, Sergin ülkelerde, diýardan daşda, Goşga geçirmedik Türkmeniň tomsun. Ýalňyşsak-da, ýara alsak-da herhal, Ýan bermän gideli diňe öňe biz. Çünki janymyzy goramaga däl, Söweşmäge giripdig-ä jeňe biz. Ýok, gardaş, agtarma özüňden günä, Hem çekme sen ýalňyşlygyň keşgini. Bize hiç mahalam miýesser etmez. Ýeňles şahyrlaryň ýeňil geçgini. Goý, gözläli, urunaly her ýana, Çözläli üzülse üzülsin kelep. Guwwaslar gark bolar däli derýada, Azaşsa, çöllerde azaşar belet. © Nobatguly REJEBOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |