15:10 Ýüregim | |
ÝÜREGIM Meniň döşümdäki ýürek däl, serwim, Ýok, ol şygryýetiň şänigi eken. Bakylygyň meniň gursagma eken Gämigi eken. Ony seniň söýgiň bilen oýaryp, Suwardym gözümden akan ýaşa men. Doýurdym men ony şatlygym bilen Hem seniň al ýaňak ýaşlygyň bilen. Iýdirdim men oňa çeken külpetim, Gökden toýnuk gurup öten durnalaň Ýelginine onuň ýüzün ýelpedim, Meň ýüregim—şygryýetiň tohumy Hem seniň ýaz ýaly yşgyň salnan gap. Maňzy şine urup dömen şänik deý, Gabyk deý ol indi galypdyr boşap... Nobatguly REJEBOW. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |