01:22 Agyr dünýäde | |
Üstünlige ýeňil ýetjek bolýas biz, Ýaşamasy juda agyr dünýäde. Onsoň çalt sargaryp, çakgan solýas biz Çyn sözi juda az wagyr dünýäde. Gümanly ýaşasaň — bolarsyň küpür, Herniçik, etmeli baryňa şükür, Dymsaň-a samsyksyň, gürleseň — pökür, Ýok zada etmeli sabyr dünýäde Aýna: däl, kalbyna seretsin her kim, Dünýä gözel — bolsa göwnüňde görküň Ýaşap başarmadyk özünden görsün, Ýaşanyňa degýän nebir dünýäde. Göwün gulpdyr, açarydyr öwgüler, Dost bolmagy başarsaňam döw bilen, Degmäň, degmäň, degmäň ynsan göwnüne, Ahyrky pillesi gabyr dünýäde. 17.06.2023 © Aşyrmät GARLY | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |