00:13 Peleñ pälwan | |
PELEŇ PÄLWAN Bu jelegaýyň ilaty üçin göreş toý tomaşasynyň başydy. Tutulýan toýlaryň göreşi bolmasa, «Pylany-ha sadaka-toý berdi» diýäýýädiler. Indi bir hepdeden gowrak wagtdan bäri «Koýly baý körpe ogluny öýerýämiş» diýlen «myş-myş» obany ençeme sapar aýlanyp çykypdy. Obanyň göreşe muşdak ýigitleri bu gün Allagulynyň ýanyna şol «myş-myşyň» anyk çakylygyny alyp gelipdiler. «Dilden – dile, ilden – ile» diýleni çyn boldugy-da. Allagulynyň ady eýýäm gum içine ýaýrapdyr. Dogrusyny aýtmaly bolsa, döwrüýan göreşlerde bolsa bolandyram welin, ol heniz orta çykyp, ýykylyb-a görenok. Ýöne näme, oňa «Ýagyrnysy ýere degmedik pälwan» diýiberer ýalam däl. Sebäbi, onuň orta çykyp ýörenine o diýen kän wagtam geçenok. Ýöne, alty aý dagy mundan öň goňşy obada tutulan toýa uzak illerden gelen atly-abravly pälwan bilen tutan göreşi oňa diýseň uly şöhrat getirdi. Allaguly töwerekde öň adygyp ýören güýçli pälwanlara gözi ilmänsoň, baş pälwana çykaýypdy welin, oňarsa garşydaşyny nazary bilen ýykaýjak bolup gelýän, özünden diýseň minnetdar pyýadany görüp, biraz ikirjiňlendem. Öz ýanyndan özüne «Sataşdyň öýdýän, senem» diýse-de, guşaklar guşalyp eglişeninden soň, gaty bir gorkybiýrçe-de däldigine düşünipdi. Garşydaşyny äsgermedik pälwan bolsa, öz emeline çolaşyp ýykylypdy. Şonuň üçindir-dä, Koýly baý beýleki uly-uly pälwanlar, atly-atly bagşylar bilen bir hatarda, Allagula-da ýörite çakylyk ýollapdyr. Baý üçin kim ýeňse-de parhy ýok. Aýdyşsyn – ýeňsin, göreşsin – ýyksyn, baýragyny alsyn. Toýa bir gün öň baran Allaguly dagyny öň pälwanlyk edip, indi göreşden galyşanam bolsa, heniz-henizler göreşiň dünýäsinden çykyp bilmeýän Baky pälwan myhman aldy. Pälwanlara kemsiz hyzmatam etdi. Toý eýesem häli-şindi adam ugradýa «Gerek zat bolsa, aýdaweriň» diýip. Baky pälwan ahyr «Baý bolmasak hem, birki myhman sowarlygymyz bardyr, Koýly» diýip, öýkesini daşyna çykardam, gürrüňdenem dyndy. Baý Bakydan gaty görmedi, gaýtam guwandy. Il-günüň özüni sylaýanyna guwandy. Ertesi toýuň tomaşalary başlandy. Allaguly öz obalaryndan gelen ýigitler bilen döwre gurabyrak bir çetde oturdy. Öz obalarynda ýa golaý goltumdaky obalarda bolaýmasa, göreş üçin uzak ýerlere ýöriteläp gidip görmedik Allagulynyň baş baýraga çykmak meýli ýokdy. Muň ýaly uly toýda ikinji-üçünjä dagy çyksamam bolar-la diýip otyrdy. Göreşiň baş baýragyna goýlan bugurça dalaşgär bolup, daýanykly, epeý pälwan orta çykdy. Oňa nazary ilişen Baky pälwan öz ýanyndan «Ýaşymyň gaýdyşanyny boýnuma goýup, baýragymy hem pälwanlygymy elimden alan Ilek ýaly-la bi. Häý, zaňňar, pälwandyr öz-ä, mert göreşýä. Aý hawa-da, bu wagtlar oň men diýen wagty-da. Omynlarmyka? Ýa bil tutuşan tapylarmyka?» diýlen duýgulara berlip, eminlik wezipesini ýerine ýetirmek üçin amatly ýer peýledi. Daşyndan seretseň, Ilek pälwan Baky pälwanyň başdan geçirýän duýgularyndan habarsyz ýalydy. Emma, ol diňe göräýmägedi. Şahandazlygy, degşip-gülüşmegi gaty gowy görýän Ilek oňa gowy düşünýärdi. Ol toýa ýörite çakylyk bilen gelipdi. Ýogsam, baýraga goýlan bir bugurçy baýry pälwany ynjydanyňa degjegem däldi. Şonuň üçinem, ol toý eýesine ýüzlenip, ýene-de degişme äheňine geçdi. «Koýly baý, diýýän-ä, toýuňyza soňky günler ady öýümde oturtman ýören Allaguly pälwany çagyraýmadyňmy? Allaguly pälwan gowy göreşýä diýýäler» diýip, ýylgyrdy. Koýly baýam kem galarly däldi: «Menem şeý diýip eşitdim-how şu illerden. Onsoň, heý-em ony çagyrman bolarmy?!» — diýdi. Ilek pälwan matlabyny beýan etdi: «Olam, menem, gowy göreşýän bolsak, onda ikimiz ir-u-giç bir ýerde bil tutlyşmaly bolýas. Goý, şo toý seň toýuň bolsun, baý aga. Ýyksamam, baýragymy toýa goşantdyr-how» diýdi. Ilek pälwan degişse-de, degişmese-de öňräkden bäri adygyp ugran Allaguly pälwan bilen bil tutluşmagyň arzuwyndady. Bolmanynda-da Ilek bilen bil tutmaga göwünjeňem bardyr öýdülenokdy. Allaguly Ilek pälwanyň at-owazasyna beletdi. Emma onuň ýaly güýçli pälwan özüne beýle üns berer öýtmedik Allagula başga ýol galmady. Ýykylaýanynda-da Ilek ýaly atly pälwan bilen bil tutuşmagam bagt ahyr Allagula. Ol ýylgyryp, ýygrylyp orta çykdy. Bu onuň ilkinji uly toýudy. Öz myhmanyny ortada gören Baky aga, hamala diýersiň, ogly orta çykan ýaly tolgundy. Aýagy bişen ýaly bir ýerde durup bilmedi. Emma hemmäniň ünsi göreşjek pälwanlarda bolansoň, oňa üns berenem tapylmady. Allagulynyň dilkaw-dilkaw ýaňaklaryny gören Ilek pälwanyň gülüp duran ýüzünden ýylgyryş zym-zyýat boldy. Endamyndan garynja ýörän ýaly bolup, ini jümşüldäp gitdi. Içinden: «Özi pespäl görünse-de, ýüzüne seredibiýrligi ýok eken-ow, ýigidiň. Şuň bilen bir obada ýaşaýan obadaşlaryny, bir öýden girip-çykýan aýalyny gaty ýürekli görmeli, sähel ýöwselräk bolsaň, gözüň goltukda ýerleşdirilmändigine ökündirjek ýaly-la bi» diýdi. Guşaklar guşaldy. Eller guşakdan geçirildi. Pälwanlar oýkanyşyp, bir-biriniň çakyny ölçediler. Tejribeli Ilek pälwan öz ýagdaýyny derrew aňdy. Şonuň üçinem, Ilek pälwan heniz tejribe toplap ýetişen däldir-le diýip, Allagulydan emele garaşdy. Çünki, beýle doguma emel etmek, daş dependen enaýy boljak däldi. Emma, onuň emeline garşy emel etmek, emel etmekden ýene amatlyrakdy. Ýöne Allaguly hem emele howlukmady. Garaşdy. Çözgüdiň özüne goýlup duranlygyna düşünen Ilek pälwan birden silkdi-de, göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen bykyp goýberdi. Güýji agdyk pälwanlaryň öz güýjüni özüne garşy ulanylýan bu emelde Allaguly pälwan ýykylmady. Haýran galmaly ýeri, ol garşa emelem ulanmady. Ilek pälwan «Allaguly ýykjak bolup, kän bir oda-köze düşüberenok. Gorkýandyr diýsem, durşy gaty bek. Hyýaly nämekä bi ýigidiň?» diýip, içini gepletdi. Badagym bar diýip golaýyna baryp bolmajak ýigide indi näme etse bolar? Guşak tutuşy ezber, gaçanok, çekip almaly däl, dim-dik diýen ýaly dur. Ediber emeliň bolsa. Iläýsem näderkä? Ilek pälwanyň niýetini duýan ýaly Allagulynyň çep eli onuň böwründe dikilgazyk bolup direldi. Ony islän çemine goýbermedi. Onsoň, Ilek pälwan ezberlik bilen erk edýän, uranynam agaç ýaly tarp edýän ýanbaşyny-da ikirjiňlendi. Alaýjagyna ynamy gowşak bolany üçinem, ömründe birinji gezek çekinibräge-de, ýanbaş urdy. Urup-urmanam, ýagdaýyny aňdy-da, öňki katdyna geçmäge howlukdy. Çünki, sag aýagyny bir sere ýaly öňe süýşürmäge ýetişen Allagulam ýanbaşdan gaýdarly däldi. Ed-dil ýöne ýere çüýlenen ýalydy. Märekäniň içinde öň göreşen ýa-da şu wagt göreşip ýören birküç sany pälwan bolaýmasa, Ilegiň ýagdaýyny aňýan bolmaly däldi. Gaýtam, märeke ony ezber saýyp «Haý, berekella, Ilek pälwan» diýşip, şowhun berýärdiler. Ilek pälwanyň gezegi özüne geçirenine Allaguly düşündi. Ony ýerden göterip ugrady. Ilek pälwan endige öwrülip giden tejribesine görä, garşydaşynyň guşagyndan ýag çykarjak bolýan ýaly gysylyp duran ellerini birden gowşatdy. Ilegi göterip ýere urmak islegine berlen dyzmaç pälwanlar kän bolupdy. Üşügine görä, guşakdan elini wagtynda gowşadyp ýetişýän Ilege olaryň birem kär edip bilmändi. Heniz-heniz ony göterip ýykan pälwan ýokdy. Bolaýanynda-da Ilek oňa gabat gelmändi. Emma ol bar eken. Bu gün, ynha oňa gabadam geldi. «Ýylan özüne atylanam bolsa, degmän duşundan geçip barýan oky tutup ýetişýämiş» diýip gürrüň edýärdiler. Şeýdibem, öz başyna belany satyn alýamyş ýylan. Ilegiňkem şeýleräk boldy öýdýän, şu gün. Olam belany şahandazlyga endik eden dilleri bilen satyn aldy. Allaguly ony ýuwaşlyk bilen ýerden saýlady. Hiç kimiň ýanynda ulumsylyk ýa ýöwsellik etmedik Ilek öz ýanyndan ýykylanyny doly boýun aldy. Göreşiň öň ýanyndaky ýersiz degişmesinden utandy. Içinden «Aglasyň gelse – ula, utanasyň gelse kiçä deg diýleni bol-dow, büý-ä» diýdi. Bolsa-da, onuň hyýalyny aňýan ýaly Allaguly birinji emelde ady belli pälwanyň abraýyny guma garasy gelmedi. Mertebesini saklady. «Güýçliden gül ysy geler» diýleni-dä. Daşyndan birki aýlan boldy-da, başarmadyksyrap, ýere goýdy. Indi märeke Allagulynyň tarapyna geçdi. Göreşiň alkymyndan «Berekella, göwnüm bol-a!», «Düşürme-dä ony ýere, il-ä göterip bilenok», «Düşürdigiň kakar, göterdiňmi, ýyk ahyr indi...» diýişýän janköýerler öz turzan şowhunlary sebäpli, üstlerine egilen birnäçe adamy hopbalap oturanam bolsalar, dünýäni duýanokdylar. Bu wagt olaryň hemmesi pälwandy. Köpçülikd-ä, kimiň tarapyna gygyrjagyny doly saýlap bilmän, hyjuwyny dodagyna dolap, gaýym dişläp duranam bar. Allaguly ony ikinji gezegem ýykmady. Üçünji gezekde welin mesele doly çözüldi. Oturanlaryň içinde, «Adam oglundan ýykylmaýan, Ilek pälwana-da baýrak berewer baý aga, barybir goýup gitjek diýd-ä» diýip, märekäni gülüşdirenem tapyldy. Ilek pälwan Baky pälwanyň elinden alan uly şöhratyny ýene-de alanja obasynda goýup gitmeli boldy. Ýerinden turup, bi jelegaýlarda gabat gelinmedik gujuryň eýesi bolan Allagulynyň ýanyna bardy. Turuwbaşdan ýere çalyp biljegem bolsa, beýdäýmän, eden hormatyndan göwni suw içen Ilek pälwanyň Allagulynyň arkasyna kakyp: «Adamlar, henize çenli adam oglundan-a basylamokdym welin, arslanmy, peleňmi, garaz, adam-a däl how, şü. Adam bolaýsaňam orta atly çykýan Göki pälwanyň neberesinden bolaýsaň gerek. Koýly baý baş baýraga bugurçy däl-de, bedew goýmaly ekeniň, indiki toýlara atly çykar ýaly» diýip, häsiýetine görä märekäni ýene-de gülüşdirmegi başardy. Hakykatyny aýdanyňda welin, Ilek pälwanyň degişmä salyp uran çaky göni nyşana degipdi. Allaguly Göki pälwanyň neberesindendi. Ilek pälwanyň «arslanmy, peleňmi» diýip degişmegi Allagulynyň hyýalyny Ata aganyň örüsine sary aldy gidiberdi... Eýsem, Ata aga kim? Ol onuň durmuş halypasy. Ol – halasgär. Eger Ata aga bolmadyk bolsa, ol bu toýlary görermidi? Ýürek syzgyrlygy bilen epgekli sährada bugaryp gitmeli janyny ajaldan alyp galan Ata aga ahyryn ol. ...Halkyň arasynda Ybraýym Edhem sahabanyň hikmetli hekaýatlary bilen aýrylmaz bagly bolan Bötendag sebitleriniň Atgyrlan ýaýlasynda goýun bakyp ýören Ata aga baş sany köpelen sürüsini özüne näbelli bolan örä çykarmalydygy sebäpli obalaryndan Allaguly atly ýigidi öz ýanyna çoluklyga alýar. Göwresi göze ýakymly, deşlek Allaguly Ata aganyň göwnünden turýar. Çopan aradan birki aý geçip-geçmänkä, Allagulynyň işine ezberligine, goýun sürüsini bir özüniňem bakyp biljekdigine ymykly göz ýetirýär. Şonuň üçinem bir gün irden çaý başynda «Inim, görýän welin, indi bir özüňem bu süriniň hötdesinden geliberjek ýaly. Sen gaýrat edip sürä bir hepdeläp özüň seretmeli boljak öýdýän. Meniň oba baryp gaýdasym gelip dur. Körpämiz Myrat janyň toýuny tizläýsem diýýän. Gudaçylyk işlerimi bir ýola goýaýyn, gaýdyşynam gerek-ýarak azyk-owkatlardan ýükümi tutaryn. Soň gerek bolsa, Allaguly jan, seni-de oba goýberäýerin» diýýär. Çolugyndan «Arkaýyn gidiberiň, Ata aga goýunlary gaýgy etmäň» diýen jogaby alan Ata aga, oba tarap ýola düşýär. Ata aganyň oba gideninden iki gün geçensoň, Allaguly sürüden bir goýnuň kemligini aňýar. Ertesi ýene-de bir goýun kem çykýar. Göwnüne bolmasa, gurt görende göhi gelýän Alabaýam birhili ýöwselläberýän ýaly. Allaguly biynjalyk bolup ugraýar. Bu ýagdaý Ata aga gelýänçä dowam etse, bäş goýun dagy kemeljek. Üçülenji gün Allaguly eserdeňlik bilen yz çalyp ugraýar. Sähel ulurak diýäýmeseň, itiň yzyna çalymdaşraga-da bir yzyň üstünden barýar. Goýunlaryň ýitmegine sebäp bolýan zadyň şol yzyň eýesidigine Allaguly ymykly göz ýetirýär. «Näme etmeli?» diýen sowal örboýuna galýar. Geňeşeýin diýse, Ata aga-da ýok. Isleseň-islemeseňem, meseläniň çözgüdini özüň tapmaly. Allaguly gyssanmaçlyk bilen sürini ýataga gabaýar. Düşbüligi adamdan kem bolmadyk Alabaýa berk tabşyryk berip, çopan goşunda asylgy duran goşany hem oklap, çaý-suwunam alyp, alaşasyna atlanýar. Täze yzy çalyp ugraýar. Başarjaň, gaýduwsyz Allaguly bir zatda ýalňyşlyk goýberýär. Ol tejribesiz bolansoň, möjekleriň goýunlary ýeke-ýekeden iýmän, parçalap gidýänligini-de ünsden düşürýär. Şeýlelikde, Allaguly tomsuň tüp yssysynda bir salkynlap yz çalýar. Geň galmaly ýerem, yz täzeje. Ony ýelem bozmandyr, tüweleýem. Sebäbi, gaty mekir hem hüşgär gaplaň Allanyň beren ys alyş ussatlygynyň kömegi bilen yzyna düşülenini aňlaýar. Agzy tagam tapan sürüsindenem ara açasy gelenok. Şonuň üçinem ýedi derýanyň suwuny içen gaplaň, hyrydaryny yzyna düşürip, gum içinde aýlanyberýär. Ahyry diýseň çöllän Allaguly bir ýerde düşleýär. Alaşasynyň bagyny bir sazaga çalaja ilteýär-de, çaý haltasy bilen goşasynam goýýar. Gaplaň özüni yzarlap gelýän ysyň bir ýerde saklananyna doly göz ýetirýär. Şonuň üçinem, yzyna öwrülýär. Alaşasynyň birki gezek hokranmasyny-da Allaguly özüçe ýorýar. Suw isleýändir öýdýär. Ys alyş ukyby arkaly alan maglumatyna düşünmedik eýesini ykbaly bilen ikiçäk galdyran alaşa, aýylganç hokranyp, jylawyny süýräp, ümdüzine tutdurýar. Şu ýerde bir zadyň bardygyna göz ýetiren, bu hereketiň ýöne ýere däldigini aňan Allaguly, hüşgärligi elden bermejek bolup, tüpeňine tarap ugraýar. Emma, eýýäm giçdi. Çünki, diýseň mekir gaplaň Allagulynyň tüpeňini goýan tarapyndan gelipdi. Suwsyzlykdan birneme usurganam bolsa, Allagula uzak oýlanmaga wagt ýokdy. Gaplaňdan gaçyp gutulyp bilmejegine-de ol diýseň gowy düşünýärdi. Gaçmak näme, gaplaň onuň ähli hereketini elekden geçirip durdy. Yzyna öwrülibildigi, arkasyna hopba bolmaga taýyndy. Goşany aljak bolsa-da, Allaguly islese-islemese-de, göni gaplaňa tarap ýöremelidi. Başga ýol ýokdy. Allagulynyň iki gözi gaplaňda, gaplaňyňky bolsa, Allagulydady. Göreçler birje pursat başga ýana sowulsa, birden biriniň bellisi bolmalydy. Gözüni gaplaňyň gözünden aýyrmazdan, Allaguly, Hudaýy çagyryp, goşasyna, ýagny, gaplaňa tarap ýuwaşlyk bilen ädimläp ugrady. Emma köpi gören gaplaň haýwanam bolsa, tejribeli bolup çykýar. Aýylganç arlap, özüni Allagulynyň üstüne oklaýar. Başa-baş söweş başlanýar. Bu ýaryşyň baş baýragynyň öz şirin jany ekendigine Allagulam, gaplaňam düşünýärdi. Ýeňşiň ýeke-täk serişdesi gara güýç. Gujurly, gaýratly bilegiň zoruna düşünen gaplaň, ýalňyşanyna giç düşünip ugraýar. Boýnundan dolap alan el-ä ony goýbererli däldi, beýleki eliňem gaýym düwlen ýumrugynyň urgusy ony halys seňseledip barýardy. Şonuň üçinem gaplaň artky aýaklaryny, ýitiligi pyçaga aňry dur diýýän dyrnaklaryny işe girizmeli bolýar. Gaplaňy goltugynda mundan artyk saklamagyň ölüme barabardygyny duýan Allaguly, amatyny peýläp, ony bir gapdala agdardy-da, iki elinem bokurdagyna geçirýär. Onuň penjeleri gaplaňyň bokurdagyndan ajal halkasy bolup ildi. Gaplaň goýunlaryň hezilliginden bireýýäm geçipdi, indi janyny halas etse şükürdi. Demligi dykylan jan bolsa, gaplaňyň içinden çykara deşik tapman ters aýlanýardy. Çaý içmek islegine berlen çolugy güpbasdylykda basan gaplaň üçin welin bu gezek giç bolupdy. Gaplaňyň jandan geçesi gelmese-de, jan gaplaňdan geçdi. Allaguly gaplaň öleninden soňam, ynam etmän, demirçiniň gysajyna dönen elini onuň bokurdagyndan aýrasy gelmedi. Gaplaň öldi. Allaguly diňe şondan soň, jany karkara gelen gaplaňyň artky aýaklarynyň oýnunyň netijesine göz ýetirdi. Onuň garny pers ala bolup, içegeleri görnüp durdy. ...Hudaýyň ýanynda islendik işiň müşgili ýok. Hakyň buýrugy bilen gursagyna aralaşan düşnüksiz bir duýgy Ata aganyň ýüregini howladyp başlady. Ol muny nämä ýorjagyny-da bilmän, goýunlar bir abatmyka özi diýip, ýene örä gaýdanyny kem görmedi. Gelse, goýunlar agylda. Allaguly-da ýok, alaşa-da. Alabaýyňam aýtjak zady ýok. Emma tejribeli çopana Alabaýyň gözünden onuň kalbyna düşen gorkyny okamak başardypdy. Ata aga Allagulynyň atynyň yzyny çalyp, ýola düşýär. Ata aga uzak oýlanmaly bolmaýar. Basym ähli zada göz ýetirýär: «Häk, oňarmansyň, Allaguly, oň-ňarmansyň! Oglanlyk edipsiň, Allaguly. Wah, oglan başyňa döneýin-ow, bü seň oýlaýan yzyň däl ahyryn, gaplaň yzy ahyryn bü. Häý, başyňa ýetäýmese-de biridir, özi» diýip, eşegini aýagaldygyna gyssap ugrady. Ozalky teşneliginiň üstüne gaplaňyň salan ýaralary sebäpli, kemsiz ysgyndan gaçan Allaguly, her niçigem bolsa, goşasyna ýetmäge güýç tapýar. Indi tüpeň oňa gaplaň atmak üçin gerek bolmasa-da, ses ýeter ýerde adam bolsa, şony kömege çagyrmaga gerekdi. Gum depelerini yzly-yzyna ýaňlandyryp giden tüpeň sesi tejribeli çopana Allagulynyň bäş-alty depeden aňyrda däldigini buşlady. Ata aga Allagulynyň ýaralaryny sarap, goşa tarap alyp gaýtdy. Soňra Allagulyny oba getirdi. Uzak wagtyň dowamynda bolsa-da, Allaguly aýak üstüne galdy. Ata aga aýak direse-de, ol Ata aganyň ýanynda ýene iki ýyla golaý çoluk boldy. Gaplaň janynyň yzysüre şaýlanyp duran janynyň Allagulydan ýolunyň çapraz düşmezligine sebäp bolan Ata aga minnetdarlyk bildiresi geldi. Kömegem etdi, özi üçinem kän zat aldy Ata agadan. Onsoň ol oba dolandy, öýlendi. Toýlarda kä ýarym göreşem tutdy. Goşarlaryndaky, ýüzündäki, tutuş gursagyndaky dyrnak yzlary bolsa, Allagulynyň ömürlik ýoldaşy boldy. Emma ol onuň görküni gaçyrmady, gaýtam tersine, Allagulynyň «men» diýen wagtlary gaplaňy ýeňip bilenliginiň inkär edilmesiz şaýady boldy... Ilek pälwan bilen tutluşygyndan soň-a, il içinde Allagulynyň ady täzelendi gidiberdi. Allaguly şol toýda berlen baýragy – bugurçyny öýlerine-de sowulmazdan, Ata aganyň hernäçe aýak diremegine seretmezden, göni barşyna agzy öýlerine bakdyrylyp salnan ýatagyna eltip daňdy. Bu eden işinden Allagulynyň öz göwni giňlik tapdy. Onuň üçin bolsa Koýly baýyň toýunda Ilek pälwanyň beren bahasyndan uly baýrak ýokdy. Ilek pälwanyň märekeden saýlananlaryndan soň «Ýykyp biljekgiňi turuwbaşdan bilenem bolsaň, näme üçin ýykaýmadyň, inim?» diýen gönümel sowalyna Ata aganyň şägirdi ýylgyryş bilen jogap gaýtarypdy. Iki pälwanyňam ýüregine düşünip duran Baky pälwan bolsa Ilek bilen Allaguly ikisini goşup, ýene bir duz dadyp gitmeklerini, taýýar naharyň barlygyny duýdurdy. Hoşlaşylmazyň öňüsyrasy Allaguly «Halypa, eleşdirmäwer, bir hil-ä boldy özi» diýdi. Ilek pälwan onuň sözlerine gönümel jogap berjegem bolup durman: «Inim, men-ä mundan buýana saňa Peleň pälwan diýäýjekdirin onda» diýip, degişmä salan bolup: «Peleň deý güýjüň-ä bar, şir ýaly paýhasyňam. Ýöne alsaň bir nesihat: hiç wagt göwnüňi ösdürme» diýip, halypalyk maslahatynam beripdi. Şondan soň il arasynda onuň Peleň pälwan ady ýörgünli boldy. © Aşyrmät GARLY | |
|
Ähli teswirler: 0 | |