22:26 Erkeklik mukamy / hekaýa | |
ERKEKLIK MUKAMY Ol indi öz öýündedi. Diýseň tutanýerli we maksadaokgunly häsiýetiniň yzyna düşüp, geçen menzillerinden, başaran işlerinden lezzet alýardy. Lezzet almazça-da däl. Heý, eden işleriň lezzetinden gowy lezzet nirede barmyş?! 1832-nji ýyl dünýä inenem bolsa, özüniň eýýäm-haçan dünýä meşhur syýahatçylaryň hataryna goşulandygyna ynanýardy hem buýsanýardy. Ol wenger syýahatçysy, etnograf, türkşynas, gündogarşynas hökmünde, eýýäm, meşhur bolupdy. Ýewropa dilleriniň 20-den gowragyny we gündogar dillerini, esasan hem, türki dilleri we arap dilini suwara bilipdir. Hawa ol wengerler üçin Armeni Wamberi bolsa-da, gündogara derwüş sypatynda syýahat eden döwri Reşid Efendidi. Ol edil häzir Reşid Efendiniň 1861 — 1864-nji ýyllar aralygynda eden syýahatynyň jemlerini jemleýärdi. 1863-nji ýylyň iýun aýynda Hywa hanlygyna, soňra Buhara-da, ondan soňra gadymy Wasa, Murgap, Tejen derýalarynyň sebitine, Etrege-de barypdy. Türkmen topragyna syýahat eden döwürlerindäki belliklerini ýörite kitap etmek üçin tertipleýärdi, gaýtadan gözden geçirýärdi. Ýazgylarydyr belliklerini gözden geçirip oturyşyna, bir zady çyny bilen gözleýärdi. Ýogsam, ol Nurmuhammet Andalybyň «Sagdy-Wakgas» poemasyny hem buýsanç bilen bir gapdala geçiripdi. «Muny nesip bolsa nemes diline-de terjime-de etmek gerek» diýip kagyzyň bir burçuna bellijegem edipdi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny, ýagny 31 goşgusy bilen 9 goşgusyndan göçürilen bölekleri birlaý gözden geçirip, Andalybyň poemasynyň üstüne goşdy. «Bu ajaýyp zehini, hökman, Ýewropa üçin açmak gerek» diýip, içini hümletdi. Häzir ol Hywa hanlygyndaky ýagdaýlary, türkmen tire-taýpalarynyň durmuşyny has aýdyň beýan edýän maglumatlary bir ýere jemläp, rus dilinde «Orta Aziýa syýahat» diýen at bilen neşir etmäge hödürlemek üçin jemleýärdi. Şonuň üçin hem ol çyny bilen gözleýärdi. Sebäbi haýsy belligini eline alsa-da, ony ýerinde goýup, gözlegini täzeden dowam edip, dümtünip otyrdy. Ahyry eline bir kagyz ildi. Wamberiniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Öz ýanyndan: «Ynha, tapdym» diýdi. Açdy, okady: «Toý-tomguda ýa-da ýönekeý üýşmeleňde Magtymgulynyň aýdymlaryndan aýdýan bagşyny diňlemek miýesser eden pursatlary meniň aňymda asla ýitmejek täsir galdyrdy». Bu ýazgyny ýazan pursatyndaky ahwal göz öňünde janlandy. Emma gereklenilýän maglumat bu däldi. Ol gözlemegini dowam etdi. Ýene bir kagyzy tapdy, okady: «Etrekdäki şonuň ýaly bagşylaryň biri öz öýüni (çadyryny) biziň gapdalymyzda gurdy. Günlerde bir gün ol öz dutary bilen agşamara biziňkä geldi. Az wagtyň içinde ýaş ýetginjekleriň bir toparynyň onuň daşyny gurşap alandygy sebäpli, olaryň göwünlerinden turmak üçin haýsydyr bir gahrymançylykly aýdymlardan birini aýtmaly boldy. Ol ilki bada dutaryň taryna ýuwaş we saldamly kakyp, bogazyna salyp, ýakymly owaz bilen hiňlenmäge başlady. Bu aýdyma däl-de, birhili hor çekýäne meňzeýärdi, emma bara gyzyşandan soňra, dutaryny örän batly kakyp, sesi diýseň çasly çykyp ugrady. Tarypy edilýän söweş gazaplandygysaýyn, bagşynyň we töweregindäki diňleýjileriň ruhlary göterilip başlady. Soňra ýaş çarwalar agraslyk bilen dem alyp, telpeklerini ýere urup, guduz açan ýaly saçlaryny penjeläp, öz-özleri bilen söweşe giren ýaly boldular». Her bir edilen bellik özüne çekip barýardy. Emma greklenilýän bu-da däl. Älhepus, ala-böle şonuň ýitäýşini. Öňünden çykan indiki bir ýazgyny gyssanmaç okady: «Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň ýa Aman mollanyň ýa-da gaty oňat görülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy, türkmen üçin gowy hezillikdir». Özüniň takyk belliklerinden öz göwni hoş boldy. Gyssagarada, hiç kime bildirmän beýle takyk bellikleri edäýmek kyn işdi ahbetin. Wamberi gözleýärdi. Ol şu ýazgylaryň hataryna goşaýmaly ýene bir maglumaty gözleýärdi. Ol gaty köp ýeri gezensoň gören zatlarynyň hemmesini jikme-jikligine ýatda saklap bilmeýänligi üçin gözleýärdi. Ol özi bilen hatardaş bir sazanda ýigidiň adyny hem onuň döreden sazynyň adyny gözleýärdi. Çünki ony ýatlamalar eserine goşmalydy... *** Alymyň ýazgylarynyň arasyndan bir säwlik bilen gaçyp galan kagyzdaky wakasyny welin, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky türkmen ülkesi hakydasynda müdimi saklan eken... ...1863-nji ýylyň tomsy. Tomus agramly bölegini arka atsa-da, heniz howanyň howry ýatyşmandy. Güýzüň bosagasynda bolsa-da tomus janalgyjyna çydaýmak zoruň işi. Ony aýtsaň, bi adamlaryň-a piňine-de däl. Reşid Efendi öz pikirleri bilen gümrady. Türkmenler diýseň-diýmeseňem gaty özboluşly, geň häsiýetli halk-ow. Bularyň myhmansöýerligi, göwnaçyklygy nämä degmeýär. Hamala diýersiň özünden uly bir ýagşylyk görüp, ýagşylyklaryň aşagyndan çykyp bilmeýän ýaly bular. Öz ýanlaryndan «Reşit kary» diýip sylap-sediwesläýişlerini diýsene. Sylag-hormat ýetik-le welin, bularyň yssysyna çydar ýaly däl. Iň ýaramaz ýerem çydamaýanlygyňy bildirer ýalam däl. Açyk göwünli adamlar, göwünlerinde müňkürlikden nyşan ýogam welin..., onda-da...». Reşid kary öz pikirlerini özi jemledi: Gündiziň güni-hä yssa tap getirip bolanok. Myhman diýşip, gelen seniň bilen salamlaşjak, gürleşjek. Bir ýandan-a yssy, bir ýandanam kalby kireňsiz adamlaryň tanyşlyk islegi, garaz, gören-eşiden täsinlikleriňi ýazga geçirmäge wagtam, mümkinçiligem az. Agşamara iň gowy wagty. Garaňky düşensoňam gijäniň tümlüginde pelteli çyranyň ýagtysyna ýazmak kyn. «Şu wagt aýny wagty» diýip, kary depder kagyzlaryny çykaryp, Magtymgulynyň goşgulary göçürilen kitabyň türkmenleriň arasynda edil Gurhanyň yz ýanyndaky orunda durýandygyny barada oýlanyp oturyşyna, kellesine gelen pikirlerini kagyza sünnäläp ugrady: «Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlylygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuň at-ýarag hakynda we şuňa meňzeş temalarda ýazan şygyrlarynda görmek bolýar. Munuň ýaly ýagdaý gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär» diýip, çadyryň golaýyndaky aýak seslerini eşidip, ýandepderçesini gyssanmaç ýapdy. Onýança-da Bezirgen begiň ýognasdan gelen ýakymly sesi eşidildi: Şirmämmet, sazanda-bagşylary myhmanyň ak öýünde hezzetläýsek niçik bolarka? Bilmedim-dä, begim. Özüne bir sala salyp görsek niçik bolar?! Aý, sala salşyp ýörer ýaly zat ýog-a. Ol goşgy gazallar-a gaty gowy görýän eken, Wasdan Nurmuhammet Andalybyň, bärdenem Magtymguly işanyň goşgularyny ýazyp alyp ýanynda göterip ýör-ä ol. Rast, goşgy-gazaly halaýan bolsa, diýmek, aýdym-sazdanam daşda däldir diýjek men-ä. Olam-a şeýledir. Sazanda-bagşylary başga öýe ýerleşdirip, soň myhmany olaryň üstüne alyp barsagam, oňaýsyzrak bolaýmasa. Hany, Janesen molla näme diýerkä?! Häzir, bilip gaýdaýaryn. Şeýdäýsene. Şirmämmet ylgaşlap, Janesen mollanyň gözlegine gitdi. Reşid kary myhmanlaryň geläýmeginiň mümkindigini nazara alyp, galamdyr kagyzlaryny ezberlik bilen düýrleşdirdi-de, düwünçege düwüp, haly horjunynyň gözüne ýerleşdirdi. Ätiýaç üçin belläýer ýaly birki bölek kagyzy elýüzüräginde goýdy. «Indi kim gelse-de gelibersin» diýen pikir bilen ýerinden gobsunany hem şol welin gapydan Bezirgen beg bilen Janesen molla tirkeşip girdi. Diýmek, herhal olar bu meselede özüne sala salyp görmegi müwessa bilipdirler. Indi ençeme wagt bäri ýat illeriň içinde özüniň kimligini gizläp gezmäge endik edinen hem bolsa, barybir, ätiýajy elden berenokdy. Onuň häzirki ýagdaýda berip biljek iň gowy jogaby: «Özüňiz gowy bilýärsiňiz» ýa-da «Sizde: «Myhman öý eýesiniň guly» diýibem bir nakyl barmydy?!» diýlen jümlelerde jemlenip biljekdi. Ol islendik duýgusyny hem paýhasyndan bidin ýüze çykarmazlyga, bireýýäm, endik edinipdi. Dünýäni aýlanyp ýören derwüş sypatynda bolsa-da ony gyssanan ýerlerinde Kurany kerimden ýatdan aýdyp bilýändigi halas edipdi. Onuň kratly-labyzly ses bilen ýüzugra aýdyp bilýän süreleri oňa «kary» lakamyny hem ýelmäpdi. Şonuň üçinem ol özüni – Reşid Efendi diýip tanyşdyrsa-da köplenç oňa «Reşit kary» ýa-da ýöne «kary» diýip ýüzlenenini kem görenokdylar. Bu meseläniň anyk çözgüdini Janesen molla aýtdy: Bezirgen beg, Reşit kary bir il gezip ýören derwüş. Özem, ynha, bitüki, Magtymguly işanyň goşgularyny dagy hem göçürip alyp ýören adam-da. Şoň üçirim däninim, näme edeli diýsene... Aýdyber, mollam, aýdyber. Howa gowy, Aýam aýdyň. Sazanda-bagşylar jem bolsa-da, näme millet öýe sygmaz. Bu bir. Her kimem olary görjekden. Onsoň ak öýüň serpigini serpäge-de kary agany öýde oturdaly, bagşylara bolsa daşardan haly düşäp bereris. Goý, emin-erkinlikde göwün solpusyndan çyksynlar. Şeýle dälmi, kary aga?! Bolar, gaty gowy bolar. Gün eňegini ýere diräp, howry gaýdyşyp ugrandan sazandadyr bagşylar jemlenişip ugradylar. Kary aga, isleseňiz şu oturan ýeriňizden, isleseňiz bagşylaryň gapdalynda ornuňyz bardyr. Edil, öz öýüňizde ýaly duýuberiň özüňizi. «Öýüňdäki ýaly duýup bolasy ýok-la» diýip öz kellesine gelen pikir bilen hem ylalaşdy, hemem ylalaşmady. «Ýeri, nämeden närazy bolýaň, Armeni, aýt maňa, bular-a seniň hormatyň üçin birtopar alada galyp, sazanda-bagşylary ýygnaýar. Seni olaryň ýanynda oturtsa gowumy, ýa olary seniň ýanyňda. Şonuň aladasyny edýärler. Sen bolsa, närazy boljak bolýaň, munyň şerigata-da, kowahada-da, adamçylyga-da sygjak zat däl ahbetin». ...Daşarda, ilki bilen, saz çalyndy. Iki kirişli dutardan çogup çykýan mylaýymdan gelen mähriban owaz oturanlaryň göwnüne ganat bagladýardy. Sag elini dutaryň kakuwynda hellewledýän, çep elini bolsa, inçejik sapynyň ýüzündäki bary-ýogy on üç sany perdäniň üstünde gezekli gezegine çalasynlyk bilen gezmeledip barşyna towsakladyp-towsakladyp oýnadýan bagşynyň tutuş süňňi şol owazlar bilen sazlaşykly hereket edýärdi. Käwagt-käwagt bolsa, hamala diýersiň, owazy dutardan däl-de gursagyndan sogrup çykarýan ýaly gerdenlerini, göwresini silkip-silkip goýberýärdi. Keşbi garaýagyzrak hem sakaly bilen gaşlary sähel gürräk diýmeseň özi bilen bilen ýaşytdaşrak, birki ýaş ulurak, özüne çalymdaşrak ýigit, Ahal topragyndan gelen eken, ol saz bilen gyzyşdy. Gara dere batdy. Telpegi bilen donuny çykaryp, ezýaka köýneginiň ýeňini çermäp, barha möwjeýärdi. Tutuş märekeden ses çykanok, olar howadan däl-de şol iki kirişden çykýan owazdan dem alýan kysmydy. Ahyr märekäniň içinden kimdir biri: «Adamlar, sazandamyz kyn görmese, bagşylara-da gezek bereliň-how» diýdi. Başga hiç kimden ses çykmady. Diňe sazanda dutaryny gapdala goýmakçy bolanynda, Bezirgen beg degişdi: «Elleriňe güller bitsin, sazandam! Bitüki, Zöhre gyzam, Mahym janam, Şasenemdir Leýlem geçip gitdi kirişleriň arasyndan, hany bi, edermen, mert ýigitler üçin erkegräk sazlaryňdan birini çalman dutaryňy gabyna salsaň-a, gelşiksiz bolar, şeýle dälmidir, how, ýigitler!». Bagşy Bezirgen begiň göwnüni ýykmady. Ýöne degişmä degişme bilen jogap gaýtardy: «Aý, how şu erkekler diýýänleriňiziň seresi Görogly beg dälmi. Olam-a how, eline dutar ildigi Agaýunusyň waspyna tutdurybermeýärmi näme?!» diýip degişdi. Söýgi heňlerinden gahrymançylykly heňlere köpri boljak bir mukamy güzlendirip goýbermeýäsmi. Birini däl, ikisini çalarys, gerek bolsa». Adamlar durky bilen bir göwrä öwrüldiler. Dutar ýene bagşynyň gujagyna doldy. Dutaryň owazy öz-özünde joşgun tapyberdi. Oturanlaryň biri «Göroglynyň at oýnadyşy» diýip, at üstünde oturan ýaly gobsundy. Amangeldi Gönübek oturanlara ýüzlenip: «Edil şu ýerde siziň islegiňizden dörän heňem çalyp bereýin indi size. Ellerim-ä «Göroglynyň at oýnadyşyny» kalbymam şu sazy çalýar-da şu wagt» diýip, hiç kimiň jogabyna-da garaşman dutary dillendirip ugrady. Öň çalynýan heňleriň hersinde kimdir biri sazyň adyny, bolmanda pyşyrdap aýdýardy welin aýdýardy. Bu gezek bolsa, hiç kimden ses-seda çykmady. Ýöne welim durky bilen gulak bolup, diňlediler. Saz tamamlandy. Berkeli beg durup bilmedi< Bezirgen begden öňe düşdi-de: — Amangeldi Gönübek diýýän-ä, bi, öň eşidilip ýören sazlardan-a däl, çyndanam şu wagt döredimi bi?! Ynjydýaň, beg. Siziň islegiňizden dörän täze heň bi. Söýgi heňlerinden gahrymançylykly aýdymlara geçmek üçin başaranjamyz şu boldy, gyssagara» Saz kemi ýok-la welin, adyny bir aýd-a bu sazyň! Sazy siziň üçin çaldymmy, diýmek adyny-da özüňize goýdugymdyr. Adyny özüňiz dakaýyň. Baran ýerlerimde-de şo at bilen çalar ýörerin men bu sazy. Damlar bir Bezirgen begiň bir-de Berkeli begiň ýüzüne seretdiler. Berkeli beg uzak garaşdyrmady. «Aý, saz bir inçe sungat, oňa at dakybilerismi bilmerismi bilemok welinim, biziň islegimizi ýerde goýman döreden sazyň üçin bir erkeg-ä menden saňa nyýazdyr sazandam. Jaý ýerinde gürrüňe goşulan Şirmämmet: «Mundan soň bu saza at gözleşip azar edinmäň, sazyň ady «Erkeklik mukamy» bolsun! Hemmeler gyzyl gyran gülüşdiler. Gezegi bagşylara geçiren Amangeldi Gönübek owazy özi döredenem bolsa, Şirmämmediň jogabyna ýylgyryp durşuna onuň adyny hakydasynda ornaşdyrmak üçin ýene bir gezek gaýtalady — «Erkeklik mukamy». ...Armeni bölek alnyp goýlan birki kagyza ýazan bellikleriniň kerwenden kerwene geçirilen ýükleriň arasynda gaçyp galandygyna gyýyldy. Sebäbi ol şo wakanyň yzysüre bagşylaryň merdanalyga ýugrulan watançylyk heňlerinden — Görogludan, Magtymguludan, Aman molladan aýdylanynda ýigitleriň telpegini ýere urup, dälilik hetdine ýetiberýändikleri hakyndaky ýazgynyň üstünden bardy. «Bu-la bar eken» diýip begendi. Elbetde, ol aýratyn bir hekaýalyk gürrüň. Ol hakynda ýene bir gezekde. © Aşyrmät GARLY, ýazyjy. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |