00:04 Ahwal | |
AHWAL "Ýanybam bilemok tüsseläbem men. Ne halda sen?" © MANGO-dan Nurdym--ýagty salardym, Kuýaşdan paý alandym. Arly Gyşy ýylydan, Buzlyklary ereden, Günüñ ýollan çogudym, "Tahyr begni öldürgen" Men, hut yşkyñ özüdim.. Deñiz kalply Ýaşylbaş Erkana yüzsün diyip, Eretmekdi hyýalym, Ummanyñ aysbergin. Asman Aýyn gabanyp, Örtüp gara şalyny, Tün goysa Zemistana, Haýpyrgap, oylanmazdan Eräp ýitjegim bilibem-- Şem boldum tümistanda.. .. Günleriñ gaýly güni Bir gazaply düyş gördüm: Akpamygyñ pişiginiñ Gahry joş gelip meni Söndürmegi emr etdi. Läbik bolup ýagmagy, Bulançaklap guýmagy.. Ak Buluda öwretdi.. Wah, ertekiñ pişig-ä, Ýok etmäniñ destinde, AK bulut syýa dönüp Lay eñerli üstümden... -Ýagyşym, ak ýagmyrym, Hakdan bidin ýagmazym! Ýag! Meni oýar düýşden, Hem aýt pişige duşsañ: Eýäm Mälikul-Mülküñ, "Kün" emri bolmagynça, Köýmez küle dönmeziñ! Arşdan Nurdyr sönmeziñ..! © Kalba NUR | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |