Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:27
Gündeligimden bir gün - takside

GÜNDELIGIMDEN BIR GÜN - TAKSIDE

20.10.2023 ý. sagat 15:15
Işden  öýe wagtyndan  irräk  gaýtdym.  Gelibem "baryp ederin" diýip gaýdan işlemi  edişdirdim. Entek öýde menden başga adam ýoklugy üçin  markede-de özüm gitmeli boldum. Munuñ üçin golaýymdaky markedi saýlamadym-da,  öýümden daşyrakdaky markede gitmegi ýüregime düwdüm.
Sagat 17:10  Deñimde saklanan  taksä münüp ugranymdan ýañlanýan mylaým  zenan sesi diýseñ tanyşdy.
Berýän gürrüñi hem tanyşdy.  Añymda dörãn: "Beh, öz-ä tanyş ses,  taryhyny gürrüñ berýan goşgusam gaty tanyş" diýip bilesigeljiligime jogap agtarýarkam,  ol zenan sesine  has ýakymly owaz çaýyp goşgy okap başlady. Goşgy-da tanyşdy. Emma sesiñ kimdigini hiç ýadyma salyp bilmedim.
Taksistden: "Bagyşlañ, bu haýsy şahyrdy?" diýenimde ol: "Ogultäç Oraztaganowa, gowy görýan şahyrymyñ biri, söhbetdeşlik bolupdyr..." diýip şahyrlar bilen içgin gyzyklanýanyny, esasam şahyrlardan Aýgül Garaýewanyñ döredijiliginiñ haýranydygyny joşup gürrüñ berdi.
Men ýylgyryp diñläp oturşyma hem taksisti hem söhbetdeşligi diñlejek bolýardym. Alyp baryjynyñ" Ogultäç gelneje.. " diyip beren sowalyna: şahyryñ "Hawa Goçmyrat..." diýip gürrüñini dowam etdirmegi bilen söhbetdeşligi alyp barýanyñ Goçmyrat Orazberdiýewdigini çakladym. Şol aralykda: taksistiñ: "näme üçindir zenan şahyrlaryñ döredijiligi has näzik hem has ýürekden, ýene Gülşirin Hanowa diyibem biri bolmaly, alçak, joşgunly okayar goşgusyny, başga-da gowy ýazýanlar bar... " diýen sözlerinem tassyklap ýetişdim.
Şeýdip düşmeli ýerime nädip gelenimem bilmedim.
Markede girip almaly zatlarymy alyp ýörkämem, öýe gelemsoñam şahyrlar baradaky ajaýyp duýgular, Karkaraejekäniñ mylaýym sesi ýadymdan, gulagymdan gitmedi. Karkaraejeke bilen birnäçe sapar telefonda gürleşenem bolsam şol wagt onuñ sesini hiç hili ýadyma salyp bilmedigim, goşgusynam, gürrüñinem näçe tanyş görsemem tanap bilmedigime özümden "utandym".
Ýöne il içinde şol taksist ýaly Zenan şahyrlaryñ nurana döredijiligine, duýguly dünýãniñ meleklerine hormat goýýan ynsanlaryñ bardygyna begendim.
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 195 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.7/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Мango • 23:28, 22.10.2023
edil täksistä däl, bir edaraň şofery bardy, (90-njy ýyllar) şolam her gün täze gazetleri alyp, halaýan ýazyjylaryny yzarlaýady (okaýady). o ýyllar gazetlerde okamaga zatlar ýazylardy.
ilçilik. edebiýata höweslileriň barlygy begendiriji.
avatar
0
2 Pero • 01:13, 24.10.2023
Ýaṣululara gabat gelipdim,edebiýat,ÿazyjy-ṣahyrlar bn gyzyklanýan. Emma olaryñ gyzyklanýanlary öz deñ-duṣlarydy. Aýgül,Gülṣürin ýaṣ ṣahyrlar bolsa-da ṣeỳle halanyp diñlenilýän bolsa,bu guwanmaga mynasyp zat. Ol taksiçä-de "Berekella" diýäÿmeli.
avatar
0
3 Medicall • 09:13, 24.10.2023
Taksist ýaş oglandy, gürrüñini uzak diñläp otursañ ýaşuly şahyrlaram, ýazyjylaram tanayandyr belki, sebäbi edebiyat bilen gyzyklansañ bu zamanda internetden köp zat öwrense bolyar. Ýalñyşmasam Aýgülem, Gülşirinem ýaşlaryñ iñ söýgüli Şahyrlary, ikisi bilenem tw-da edilýän söhbetdeşlikleri görüpdim, illerem görýandir şol zatlary, men köp şayat boldum, biri öz goşgusyny okap duran bolsa, hiç zat okamayan adamlaram säginip diñleýanini.

Edebiyat bilen gyzyklanýar adamlar, emma okamaga ýaltanýanlar köp. Çykyşlary, söhbetdeşlikleri her kim diñleýar. Bulam bir gowy ýerliginde. Ýene bir bellemeli zat: täzeden bäri Edebiyat duşuşyklarynyñ geçirilmegi hem gowy netijeli iş.

Gündelikdäki bu ýazgy bary ýogy 10 minutlyk ýoluñ gürrüñidi. Men-a artykmaç gürlemägede çekindim: meni iñ aljyradyan sorag: "Sizem şahyrmy?, kim diyip tanalýañyz? " :) şony soramasa razy bolup sessizje diñläp oturdym. Ýöne menden şol soragy sorasalaram çynym bilen bar berip bilyan jogabym: "ýok, diñe edebiýaty gowy görüp okayanlañ biri"
Jogabym dogram-da, artykmaç zat ýazamog-a, diñe ýazýanlary goldajak bolyan, tanymal bolmakdan utanýanmy, birhili çekinjeñ, utanjañja duygyly biri bar içimde, tanaýanlam "goşgy okap ber" diyselerem utanýanmy, çekinýanmi, garaz goşgy aýdyp beresim gelmeýar, başgalañ goşgularyny aydyp ber diyseler welin hezil edip aydyp berýan:)
avatar
1
4 aygull • 16:00, 24.10.2023
Haýran galdym. Diýmek, ýazybermeli.
avatar
0
5 Mehir • 20:35, 07.11.2023
Gündeligiňden ýene goýsaň okaýsak
avatar
0
6 Балканов • 17:32, 20.04.2024
"Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Ýanyp, öçüp, ýene ýanyp, öçüp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git"

Kerim Gurbannepesow

"И долго буду тем любезен я народу,
Что чувства добрые я лирой пробуждал,
Что в мой жестокий век  я восславил свободу
И милость к падшим призывал"

А.С. Пушкин
avatar
0
7 ToylyOraz • 20:39, 20.04.2024
мм Бах Умана чалым Эдян гин хем чун Теманы гозгапсыныз.. Шахырлар барада гуррун, Олар билен сохбетдешлик.. Окувчы Доврумиз Шахыр Драматург Нобатгулы ага билен Мекдебимизде душушук болупды.. шонда онун эден гуррунлери хазир хазирлерем гулагымдан гиденок Шол душушукда биз кичи яшлы окувчы боландыгмыза Гарамаздан озимин шахыры гормек ховесим мени биз яшлылары душушуга элтмеселерде гизленип гирмегиме себап болупды.. Хачанда Кимде сораг бар диенлеринде Илкилерден болуп.. шейле Сораг берипдим... "Шахыр ага Гошгучы билен Шахырын тапавуды намека?" Диен угурсыжа сорагмы берипдим Залда менин сорагма гуленлерем барды.. Эмма Шахырын азажык ойланмасындан сонра..
-бу сораг кын морагларын бири.. Шахыр халкын йуреги дийсенем болар..Гошгучы Болса шол жогапкарли Дережа ымтылмадыр, чгны кандидатлар Гошгычы коп захмети коп гозлеги билен Шахыр боляр; дийипди.. Пахыр ятан ери ягты болсун! Алла ондан разы болсун!

Бу ятламаны айтмак билен.Максадым. Херким оз озине душунмек билен Гошгы, поема, хекая, повест, роман, бейлеки проза, доредян, ве эдебиятын, сунгатын бейлеки угурлары бойунча доретмекде Захмет чекян адамлар, Хорматлы авторлар... Сиз йити зехининиз билен ики сози чатмак бар ишимиз дийип душунмезлигинизи, Хер бир эсерде окыжын говнине етип билжек, оны тербиелап, говы горелделери горкезип билжек, дердине дерман болуп билжек. дон Йурегни эредип билжек, Рухыны готерип билжек эсерлери доретмек Сизин боржуныздыгына берк душунмегинизи Хайыш эдян..!

Сагболун, Ялнышян ерим болса (маны, граматика бабатда) отунжими кабул эдин!
avatar
0
8 aygull • 21:40, 20.04.2024
Alla razy bolsun,ToýlyOraz. Biz kim? Biz bir...
avatar
0
9 ToylyOraz • 22:02, 20.04.2024
Алла хеммамизден Разы болсун..! Оселин озгерелин орналин!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203