00:42 Aklym däliräpdir başymy aýlap | |
Aklym däliräpdir başymy aýlap, Pikirlermiñ ählijesi tersine. Nirde azaşypdyr? Bir Alla bilýär... Diñe samsam pikir gelip dur sere. Hat-da elimem diýen edenok we Aýagymyñ basan ýeri garalyk. Has akylly çöle çykan telbe-de, Gözlerimiñ agam barýar garalyp. Ne döw çaldy, ne belaga uçradym, Gulaklarym eşdenoklar görüp dur. Agzym eşdip, burnum bolsa gürleýär, Gözüm welin ýürege dem berip dur. Işi gaýdan, heý beýle zat bolarmy? Muny belki görüp-eşdenem ýokdur. Akylym aklyna aýlansyn diýip, Öýkenimem gürsüldeýär gursakda. © Remezan Mämetgurbanow | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |