23:27 Kim diýer «ýaz güli owadan bolar», Kim diýer «güýz güli owadan bolar» | |
Psihologlaryň çaklamaklaryna görä, zenan maşgalanyň gylyk-häsiýetine onuň doglan aýynyň täsiri örän uly. Näme üçin?! Biziň bu «nämüçinimize» psihologlaryň örän degerli delilleri bar. Olaryň aýtmaklaryna görä, adamyň ömrüniň ilkinji günleri onuň aň gurluşy üçin örän möhüm. Aňymyzyň ýylyň haýsy paslynda kemala gelip başlaýandygy biziň gylyk-häsiýetimize belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Ähli zady çalt we ýiti kabul edýän zenan maşgalanyň has duýguçyllygy-da bu ýagdaýyň üstüne... Zenan psihologiýasyny öwerenmäge ilgezik bilermenler yhlasly seljermeleriniň netijesinde haýsy aýda doglan zenanyň nähili hüý-häsiýete eýedigini aýyl-saýyl edip, ýörite maglumatlary toplapdyrlar. Käbir ýerinde ýylgyrdyp, käbir ýerinde pikirlendirip biljek bu maglumatlar bilen, geliň, bileleikde tanşalyň! Sözümiziň başy ýanwar aýynda doglan zenanlara degişli. Bilermenleriň bellemegine görä, ýanwar aýynda doglan zenanlara çaksyz erjellik, tekepbirlik, tertiplilik, durmuşa örän çynlakaý garamak we şol garaýyşlaryna üýtgewsizlik mahsusdyr. Käwagt bular şeýle bir tankytçy welin, olara igenjeň, özüňden diňe bahana gözleýändir öýdýärsiň. Emma bu beýle däl. Bu zenanlar daşyndakylar üçin diňe gowy zatlary isleýändikleri sebäpli şeýle ýagdaýa düşýärler. Ýanwarda doglan zenanlar köplenç aň derejesi öz aň derejelerine kybap adamlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar. Eger-de siz olar bilen ýakyndan gatnaşmak isleseňiz, durmuşa hem hut şolaryň garaýşy ýaly garasaňyz kem bolmajagyny ýatladýarys. Fewralda dünýä gelen zenanlar örän arzuwçyl. Şol sebäpli-de, olar bilen gatnaşykda sabyrlylyk möhümdir. Çünki çem gelen erkek kişi olaryň syrly ýüregine, häli-şindi üýtgäp duran ahwalynyň sebäbine düşünip bilmeýär. Ýöne bu zenanlara çem gelen erkek kişi gerek hem däl. Olar hemmelerden üýtgeşik kişiniň arzuwynda. Fewral zenanlary beýleki aýlarda doglan zenanlardan öz täsin we howaýy dünýägaraýyşlary bilen hem saýlanýarlar. Ýogsa-da, ýene-de bir möhüm zat: eger-de siz fewral zenanlaryny bir gezek, hatda çalaja aldan hem bolsaňyz, onda olary gaýdyp görjegiňiz gümanadyr. Bahar paslynyň mart aýynda dünýä gelmek nesibesi bolan zenanlar örän güýçli özüneçekijiligi we mylaýymlygy, syr saklamaga ökdeligi, söýmäge kynlyk bilen ulaşýandyklary, birje nälaýyk söz ýa-da ýerliksiz berlen bahadan çalt gaharlanyp bilýändikleri, ömürlerinde ýekeje gezek aşyk bolýandyklary, özlerine taý boljak kişini-de bir gezek we hemişelik saýlaýandyklary bilen tapawutlanýarlar. Täsin ýeri, gylyk-häsiýeti biraz çylşyrymly bolan bu ajaýyp zenanlara martda doglan kişi bilen maşgala gurmak maslahat berilýär. Aýtmaklaryna görä, olar biri-birine örän laýyk gabat gelýärler. Özüňizem syn edip göräýiň, haýsy zenan aprelde doglan bolsa, ol «doga diplomat» diýilýänidir. Çünki olaryň alçaklygy, islendik kişi bilen derrew dil tapmaga ukyplygy olar barada şeýle netije çykarmaga itergi berýär. Olaryň ýeke-täk ýetmezçiligi wagtl-wagtal özlerine haýplarynyň gelip, eden işlene ökünýändikleridir. Aprel zenanlarynyň örän gabanjaňdyklary hakynda hem aýratyn bellemek gerek. Olara gabanmak üçin islendik zat uly bahana. Eger siziň ýaryňyz aprel zenany bolsa, ony gabandyrmaga kän ýol bermejek boluň. Bardy-geldi siz bu säwligi sypdyraýsaňyz, onda gabanç odunyň öz-özünden sönmegine garaşmakdan ýa-da öýden çykyp gidäýmekden başga alaç tapmarsyňyz. Başga bir tarapdan, bu zenanlar durmuşyň, bagtyň lezzetiniň nämededigini gaty gowy bilýärler. Aprel zenany, eger-de söwer ýary onuň ynamyny doly gazanmagy başaran bolsa, ony ýeriň ýüzündäki iň bagtly ynsana öwrer. Eger tersine bolsa, hiç kim siziň ýeriňizde bolmak islemezdi... Maý aýy iň tutanýerli we öz düşünjelerine ygrarly zenanlaryň dogulýan aýydyr. Daşyndan seredeniňde, olaryň içinde ahlak kompasy ýerleşip, ol hem bu zenanlara dogry ýol görkezip durana meňzeýär. Maý zenanlarynyň özboluşy häsiýetlerine sazlaşyp duran gelşikli daşky keşpleri hem bolýar. Erkek kişiler üçin bu zenanlara aşyk bolmak «howplydyr». Çünki, maý zenany söýgä söýgi bilen jogap beräýse ne ýagşy welin, eger söýgi birtapaly bolsa, onda onuň aşyga arman çekdirjekdigi ikuçsyz. Şeýlelikde netije: kim maý aýynda doglan zenana aşyk bolan bolsa, ony hiç haçan ýadyndan çykarmaz. Iýunda doglan zenanlaryň bilesigelijidigini, heý, goýaýyň! Ugurtapyjylygy, sungata, döredijilige çensiz höwesi bu zenanlaryň artykmaç taraplary bolsa, olaryň kemçilikli tarapy, pikirlerini şol durşuna, söz saýlamazdan gönümellik bilen aýdyp goýberýänligidir. Olaryň pikiriçe, ýüz görmezlik dogry netije. Iýun zenanynyň aýdýanlary öz ýerinde dogry-da bolsa, bu ajaýyp gözeller käte şeýle häsiýetleri bilen başgalaryň göwünlerine degip biljekdiklerini-de unudýarlar. Iýun zenany söýgüde-de öz ornuny başga biri bilen çalşyp bolmajakdygyny subut etmegi başarýar. Bir söz bilen aýdanyňda, iýun aýynda doglan zenan edil gyzykly kitaba meňzeş şahsyýet. Onuň bilen söýgi ýa-da dostluk gatnaşyklaryny üzmän saklap bilmek bolsa, sahypalary bir-birinden täsin ýazylan şol gyzykly kitaby eliňden düşürmezden okap ýörmek diýen ýalydyr. Iýun bilen iýul aýy ýazylyş, aýdylyş taýdan tüýs «bir almany iki bölen ýaly» diýilýäni bolsalar-da, bu iki aýda dünýä inen zenanlar asla bir-birlerine meňzemeýärler. Ynanmasaňyz, özüňiz hem deňeşdirip göräýiň. *adatdan daşary dogruçyllyk we öz ýakynlaryňdan asla syr saklamazlyk; *özüne ýakyn däl adamlara syr bermezlik, owadanlyk, diýseň akyllylyk we köpler üçin elýetmez saýylmak; *gündelik durmuşda öz sabyr käsesisini syndyrman, özüniň belent adamkärçiligini we sypaýçylygyny saklamagy başarmak. Ine, iýul zenanlarynyň aýratyn tapawutlanýan häsiýetleri. Sözümizi jemläp aýtsak, iýul zenanlary diýseň ajaýyp! Ýöne...iýul zenanlarynyň ýalany, ýalançylary örän ýek görýändiklerini-de belläp almak gerek. Siz tarapdan aýdylan birje ýalan sözüň ýa bolmasa islendik ýasama hereketiň olar bilen gatnaşygyňyzy böwetläp biljek harsaň daşa öwrülmegi gaty ähtimaldyr. Awgustda doglan zenanlar ullalkan hem giň ýüreginiň içinde özüne göwniýetijilik duýgusyny diýseň sazlaşykly ornaşdyryp bilen inçe häsiýetli zenanlardyr. Olaryň islendik gatnaşykda-da belent bolmagy başarýandyklaryny ikirjiňlenmän boýun almak gerek. Hawa, hawa, bu awgust zenany bilen durmuş guran ýa gurmak isleýän erkek kişä hem degişli. Kim-de-kim, öz saýlan zenanynyň dogumly hem başarjaň bolmagyny isleýän bolsa, onda ol orna awgustda doglan zenandan mynasyp dalaşgär tapylmaz. Awgust zenanlary degşip-gülüşmegi, şeýdibem, töweregindäkileriň üns merkezinde bolmagy hem gowy görýärler. Emma olar gülki ýassygynyň özleri bolmagyna asla ýol bermeýärler. Olaryň ugrunda hozanak bolýan aşyklar bolsa, elmydama-da ýeterlik. Megerem, bu zenanlaryň giň we ullakan ýüreklerinde aýap saklaýan özüne göwniýetijilik duýgusy-da, hut şol aşyklaryň ýeterlikdiginden gelip çykýandyr, kim bilýär?!.. Eger-de siz zenan, özi-de sentýabr aýynda doglan zenan bolsaňyz, onda siziň esasy häsiýetleriňiziň rehimdarlyk, harbylara mahsus düzgün-tertiplilikdigini, daş keşbiňiziň bolsa tebigatyň gysganman eçilen gözelligine baýdygyny ikirjiňlenmän aýtsa bolar. Siz söýgide wepalylygy iň wajyp zat hasaplaýandygyňyz üçin, biwepalyk diýlen zada birje gezek şaýat bolan bolsaňyz hem, ony ömürboýy unutmaýarsyňyz. Şol sebäpli-de, siz adamlar bilen gatnaşykda örän ätiýaçly. Bu, siziň söýginiň öz ömrüňizde bir gezek we mydamalyk bolmagyny isleýändigiňizden gelip çykýar. Siz adama berýän bahaňyzda hem biraz tankytçyl. Onuň zyýany ýok, bu gaýtam siziň synçy nazaryňyzdan diňe size mynasyp adamyň geçip bilmegine getirýär. Ykbal taýyňy tapmakda ýalňyşlyga ýol bermezlik, kämillikden alamatdyr... *güýçli we üýtgemezek bolsa; *örän duýgur, emma hiç kime öz ejizlänini bildirmän, gözýaşyny görkezmeýän bolsa; *her gabat gelene ýüregini açybermeýän seresaply hem-de örän akylly bolsa; özleri üçin iň gowy kişini ýanýoldaş saýlamagy başarýanlygy üçin beýleki zenanlar olar barada gözigidijilik bilen gürrüň edýän bolsa... onda biläýiň, ol, oktýabr aýynda dünýä inmek bagty nesip eden zenandyr. Oktýabr zenanlary, hakyt, «akyly─gözünde» diýilýän, durmuşda ätjek ädimini, etjek işini özleri kesgitläp, onda-da, ýalňyşman kesgitläp bilýän zenanlardyr. Bu zenanlar bilen durmuş guran erkek kişileriň maşgala durmuşy abat bolup, asuda hem-de abadan ýagdaýda göwnühoş ömür sürer. Oktýabr zenanlarynyň bagtly tarapy, beýlekileri-de bagtly etmek başarnygyna eýedikleridir. Bilermenleriň kesgitlemegine görä, noýabr aýynda doglan zenanlar beýlekilerden bir ädim öňdedir. Sebäbi olar işjeň, irginsiz öwrenip ýörmäge ukyply, ýalan bilen çynyň tapawudyny ýeňillik bilen saýgarýan zenanlar bolup, olara göwnüýetmezçilik etmek ýa-da olaryň duýgy-düşünjelerini kemsitmek gadagandyr! Çünki beýle wakalaryň soňy ýakymsyz gutarar. Hut şonuň üçin hem, «ot ýaly» diýdirýän dogumly noýabr zenanlary daşyndan az-kem gedem görünýärler. Ýogsa-da, siz özüňize degişli ýa-da başga bir zat barada hakykaty eşitmäge taýyn däl bolsaňyz, onda bu hakykatçyl zenanlardan hiç zat soramaň. Sözümiziň soňuny dekabr aýynda dünýä gelen zenanlar jemleýär. Bu zenanlar howlukmaçlygy we oýlap tapmaga örän ökdeligi bilen tapawutlanýarlar. Ýöne olar her näçe howlukmaç bolsalar-da, olara hudaý tarapyn şowlulyk eçilendigi sebäpli, özleri bilen bolup geçýän islendik ýagdaýdan ýeňiji bolup çykýarlar. Öz ýakynlaryň göwnüni nädip tapmaly, olaryň keýpini neneňsi gotermeli, ine bu ýagdaýlary beýleki aýda doglan zenanlaryň ählisi-de göwnaçyk dekabr zenanlaryndan öwrenseler dogry bolar. Durmuşyň duýdansyz kynçylygy-da, bir bigänäniň ýerliksiz sözi-de aňsat-aňsat dekabr zenany ynjydyp ýa güýçden gaçyryp bilmez. Ykbal tarapyn şowlulykdan paýly bu zenanlar ir-u-giç öz matlap-maksatlaryna hökman ýetýärler. Aýam aý, günem gündür welin, zenan maşgala hökmünde sözümiň soňunda menem bir zat aýdaýyn. Haýsy aýda doglan bolsalar-da, zenanlaryň içki dünýäsine, hüý-häsiýetine olara berilýän ünsüň, olar barada edilýän aladadyr mähriň täsiri uludyr. Şonuň üçinem, eger-de siziň ömrüňize bezeg berjek gülüňiz elmydam täze we ter görnüşde müki-anbar ysy bilen ykbalyma ýakym eçilip dursun diýseňiz, olary ýeke pursadam unutman, aýdýan her bir sözlerine, edýän hereketlerine diýseň dykgatly boluň! Çünki zenany ünsden düşürmek, ýaşaýyşy ünsden düşürmekdir. Taýýarlan:© Aýgül GARAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 16 | |
0
| |