Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:53
Söýüň meni goşgularym boýunça

SÖÝÜŇ MENI GOŞGULARYM BOÝUNÇA


Söýüň meni goşgularym boýunça!
Şol söýgüden tapaýyn men nep baryn.
Men goşgy ýazmasam — düwülen gunça,
Ýazsam — gül men, goşgularym — nektarym.

Miweli bag öz miwesin iýmeýär.
Öz saýasy goramaýar deregi.
Men dag bolsam goşgularym — mumyýam.
Peýdalanyň, eger çyksa geregi.

Goşgularym — aňymda kän pelpellän
Göwün guşlarymdan gaýan ýelekler.
Eger, olary siz etseňiz inkär,
Onda meniň özüme-de gerekmez.

Öz ýüki,
Öz ýüzi,
Öz sözi bilen,
Kim at goýup barýar, kim at ýitirip.
Olaram şol welin, siz öňi bilen,
Şu ýagdaýam göz öňüne getiriň:

Mende başga zat ýok göze gelüwli,
Ne-hä kirpigim ok,
ne-de gaşym ýaý.
Men, diňe goşgulam meniň ýüregmi,
Görkezer umydy bilen ýaşaýan...
Bölümler: Goşgular | Görülen: 295 | Mowzugy paýlaşan: Aygul | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.6/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 15:03, 27.04.2023
Men diňe goşgulam meniň ýüregmi,
Görkezer umydy bilen ýaşaýan...

"men" we "meniň" ....
başgaça edip bolmazmy-ka?
avatar
0
2 Aygul • 15:08, 27.04.2023
"Men"-den soň otur goýup bolar.Başga wariant ýok.
avatar
0
3 Мango • 15:11, 27.04.2023
Men, diňe goşgulam açyp ýüregmi,
Görkezer umydy bilen ýaşaýan...
avatar
0
4 atayeva • 15:17, 27.04.2023
Like goydum. Yurekden yazypdyr.
avatar
0
5 Kyyas • 15:25, 27.04.2023
Miweli bag öz miwesin iýmeýär.
Öz saýasy goramaýar deregi.
Men dag bolsam goşgularym — mumyýam.
Peýdalanyň, eger çyksa geregi.

Şu bendiñ has ýakymly,
avatar
0
6 Kyyas • 15:27, 27.04.2023
Men, diňe goşgulam meniň ýüregmi,

Meniñ, diñe goşgularym ýüregimi bolsa manysy üýtgärmi
avatar
0
7 lirika • 15:51, 27.04.2023
Tüweleme, gowy gosgy. Ýöne ,,Kim at goýup barýar, kim at ýitirip." --bu setirler ilkibasda ,, Kim ýol goýup barýar, kim ýol ýitirip" ýazylypdy öýdýän...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202