Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:53
Arakkeşligiň soňy


ARAKKEŞLIGIŇ SOŇY

Myrat maña Begmyrat kapitanyñ öýlerine baryp gaýtmaga ýoldaş bolmagymy haýyş etdi. Men onuñ sebäbinem soraman:

-Bolýar dost, baryp gaýdaýarys-diýip klasdaşym we iñ ýakyn dostum Myrat bilen Begmyrat kapitanyñ öýlerine ugradyk. Men gapynyñ agzyna baryp, gapyny iki-üç gezek kakanymdan soñra içerden Begmyrat kapitanyñ sesi geldi:

-Giriberiñ gapy açykdyr.

Men gapyny açyp içeri girjek boldum . Emma Myrat añyrraga çekilip mölirgäp duruberdi. Men Myrada:

-Ýör dost öýe gireli-dä-diýdim. Myrat şonda-da sesini çykarman şol duran ýerinde durdy. Men Myradyñ bolup durşuna gaharlanyp:

-Ýör-dä indi beýdip durma-da, girjek bolsañ gir-dä-diýip gygyrdym. Soñ gapyny açdym. Şol wagt Begmyrat kapitan gapa tarap ýöräp gelýärdi. Myrat onuñ gelýändini görip derrew aşhananyñ içine okdurlup girdi. Menem onuñ yzyndan ylgadym. Soñra Begmyrat kapitan ýanymyza ylgap geldi-de, Myradyñ ýakasyndan tutup zor bilen özüne çekip başlady.
Myrat bolsa ýarym-ýaş bolup kapitana dilinden gelenini diýip gargaýardy:

-Göýber haramzada göýber. Bu eden işleriñ bilinmez öýtme haramzada, ahyrsoñy biliner bu edenleriñ, göýber...

Men nämäniñ nämedigine düşünip bilmän şol bir duran ýerimde durdum. Soñra "Myrady bir halas edeýin "diýip aşhana tarap ylgadym.

Barsam gapynyñ agzynda Myrat gözlerine ýaş aýlap öýe girmejek bolup bar güýjüni aýaman yza çekilýärdi. Kapitan bolsa:

-Gel jigim, saña hakykaty görkezjek gel, gel, gel diýýân saña, hakykaty görkezjek-diýip bar güýji bilen Myradyñ ýakasyndan tutup çekýärdi. Men Myradyñ bilinden, soñ kapitanyñ elinden tutup çekip başladym. Ahyry Myrat kapitanyñ elinden sypyp klubyñ içine gaçyp gitdi. Ýöne kapitan bizi kowalajagam bolmady. Ol gapyny içinden gulplap agyr oýa batdy. Şol pursat öýüñ içinden onuñ horkuldap aglaýan sesi eşdilýärdi. Myrat kapitanyñ yzyndan kowalamaýandygyny duýup öýden biraz daşlaşdy-da ýörâp başlady. Men onuñ yzyndan ýetip, ýanyndan ýöredim.Men henizem hiç zada düşünmeýârdim. Edil şol wagt Myratdan nâmeleriñ bolýanyny soramana girişdim. Myradyñ ýüzüne seretsem ýüzi jym-gyzyl bolupdyr,ýakasy bolsa biraz ýyrtylypdyr. Soñ men hiç zat geplemedim. Öz içimden "Goý aglap biraz köşeşsin soñurak soraýarynda "diýip öz-özime göwinlik berdim. Şol barmana biz obasebede golaýladyk. Ahyry men özimi saklap bilmân:

-Myrat, aýtsana indi näm boldy size. Biz näm üçin obasebede barýas?-diýip soradym. Myrat soragyma bir agyz:

-Hâzir bilersiñ-diýdi-de obasebede girip gitdi. Az wagtdan soñ Myrat obanyñ üçasgaboýy bilen gapydan çykdy. Biz üçasgaboýyñ ulagyna münüp Begmyrat kapitanyñ öýlerine tarap ugradym.Men maşynyñ yzynda oturdum. Myrat maşynyñ öñüne münüp üçasgaboýa âhli bolan wakalary gürrüñ berip gelýârdi.

* * *

Bu wakanyñ döremegine iki çüýşe arak sebâp bolupdy. Tâze ýyl gijesi arakdan bez bolan serhoş kapitan iñ ýakyn dosdy. Annageldiniñ öýlerine geldi. Öýe girdi. Saçak başyna geçdi. Ahyry arak cüýşâni öñlerine atdylar. Iki ülpet arak başynda degişip-gülişip "hahahaýlaşyp "oturdylar. "Hahahaýyñ"soñy dawa ýazdy. Soñ urşa. Arakdan serhoş bolan alkaşlar özara garpyşdylar. Öý eýesi Annageldi eline ilen pyçagy aldy-da. Begmyrat kapitanyñ üstüne topuldy. Ýöne onuñ öz pyçagy,öz tenine girdi.

* * *

Ahyry biz Begmyrat kapitanyñ öýlerine bardyk. Men indi hasam howatyrlanyp başladym. Üçasgaboý bize:

-Siz maña maşynda garaşyñ-diýip özi seresaplylyk bilen Begmyrat kapitanyñ öýlerine ugrady. Bâş-on minut geçenden soñ ol lapykeç ýagdaýda yzyna dolandy. Soñra ol bize:

-Baryñ oglanlar siz öýiñize gaýdyberiñ-diýdi. Ýöne biz wakanyñ anygyna ýetmân öýe dolanasymyz gelmeýârdi. Biz hiç zat geplemân üçasgaboýyñ ýüzüne seredip durduk.Ahyry üçasgaboý içini çekip şeýle diýdi:

-Begmyrat özine asypdyr...

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 63 | Mowzugy paýlaşan: Gerceknazar | Teg: Gerçeknazar Amannazarow | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Medicall • 22:33, 11.04.2023
Gerçeknazar, dyngy belgi, harp ýalñyşlyklary gören ýerimdäkileri dogrylap goýdum, emma öz öñki goýanyñ bilen deñeşdir, nirede nähili ýalñyşlyk göýberipsiñ. Ünsli yzarla, şeýtseñ indikide ýalñyşmazlygyña gowy bolar.
Ýene-de ýalñyşlyk bardyr, onam düzetmäge çalyş.
Hakyky eser ýazjak bolsañ birinji dürs ýazmaga endik edin, harsallyga ýol berme.
avatar
0
2 Medicall • 22:54, 11.04.2023
* üçasgaboý - munuñ türkmençesi polisiýanyñ ýerli wekili bolmaly,

*kapitana dilinden gelenini diýip gargaýardy: şu ýerde-de "dilinden gelenini diýip" artykmaç, şu söz.
Diñe kapitana gargaýardy diýseñem ýeterlik.
avatar
0
3 Medicall • 22:59, 11.04.2023
Ilki Begmyrat kapitanyñ öýüne ugradyñyz, ol ýere barañyzsoñ aşhanañ içine (içine sõzi hem artykmaç) ylgady. Soñam birden klub nirden peýda boldy ol ýerde?!
avatar
0
4 Medicall • 23:12, 11.04.2023
üstünde gowy işleseñ bolmanam durjak däl şul-a.

Iñ soñy güýçli detektiw eserler Gerçeknazardan çykar, köp okaberse, okaberse:)

Ýöne ýene bir gaýtalap ýazýan: köp ýazmakdan, köp okap, dürs ýazuwy, ussatlañ nähili ýazyşyny, dilini öwrenmek möhüm hem peýdaly döretmek, kämilleşmek üçin..
avatar
0
5 Мango • 01:30, 12.04.2023
"Myrat maña Begmyrat kapitanyñ öýlerine baryp gaýtmaga ýoldaş bolmagymy haýyş etdi...
...Myrat bilen Begmyrat kapitanyñ öýlerine ugradyk. Men ...gapyny ...kakanymdan soñra ...Begmyrat kapitanyñ sesi geldi..."
(gapyny näme üçin sen kakýaň, sen diňe ýoldaş bolup gitmediňmi? Myrada gerek, Myradam kakaýjak ýaly...)

***
"Men gapyny açyp içeri girjek boldum...
...
-Ýör-dä indi beýdip durma-da, girjek bolsañ gir-dä-diýip gygyrdym. Soñ gapyny açdym"".
(dostum! gapyny iki gezek açdyň, habaryň barmy?)

***
"Myrat ...aşhananyñ içine okdurlup girdi. Menem onuñ yzyndan ylgadym. Soñra Begmyrat kapitan ýanymyza ylgap geldi-de...
(her kim ylgaýar :-) )

Men nämäniñ nämedigine düşünip bilmän şol bir duran ýerimde durdum. Soñra "Myrady bir halas edeýin "diýip aşhana tarap ylgadym".
(nirä ylgaýaň? sen eýýäm aşhanaň içinde ahyryn. aşhana gireňde-de ylgap girdiň.)

***
"Ýöne kapitan bizi kowalajagam bolmady. Ol gapyny içinden gulplap agyr oýa batdy".
(nirden bilýäň onuň agyr oýa batanyny. ol gapyny içinden gulplady, hemem oýa batanam bolsa içinden oýa batandyr. hekaýaçyň adyndan "agyr oýa batanyny" aýdyp bolar, ýöne sen bu ýerde myradyň dosty hökmünde kapitanyň oýa batanyny bilmeli däl.)

***
"Şol barmana biz obasebede golaýladyk...
-Myrat, aýtsana ...Biz näm üçin obasebede barýas?-diýip soradym."
(obaSEBEDE barýanyňy nä bildiň? obasebede golaýlanyň bilen, deňine ýeteniň bilen obasebede bardygyň bolýamy? käşgä myrat aýtsady, ýör obasebede gideli diýip, senem sorasaň - näme üçin - diýip...)

iň halan ýerim, ýaňky OBASEBET bilen obanyñ UÇASGABOÝY...
avatar
0
6 Gerceknazar2941 • 05:23, 12.04.2023
@Nurdan bu hekaýany öň ýazyp goýupdym. Harp we söz ýalňyşlaryna seretmän goýanym üçin bagyşlaň we iş edinip düzedeniňiz üçin sag boluň . Ynanyň şu günler ýalňyş ýazmajak bolup türkmen dilini başdan , täzeden okaýan. Maslahatlaryňyzada minnetdar, indikilerde harsallyga ýol bermeris inşalla
avatar
0
7 Gerceknazar2941 • 05:26, 12.04.2023
@Mango bu hekaýany men düýşümde görüp, şondan täsirlenip ýazypdym. Elbetde gümürtik ýerleri kändir . Bellikleriňiz üçin sag boluň .
avatar

Старая форма входа
Total users: 202