18:32 Eje daş ýagýar | |
"EJE DAŞ ÝAGÝAR" Näçe ýaşymdadygym anyk ýadyma düşenok. Bolsa ýaňy bir mekdebe gatnap başlan wagtlarymdyr. Men ilkinji gezek gyzdyrma keseline ýolugypdym. Henizem ýadymda. Içki jaýda , kondisioneriň aşagynda , gara der bolup ýatyrdym. Ýanymda ejem bardy. Kelläm şeýle bir güwläp agyrýardy, başym aýlanýardy. Endamym ot ýaly gyzgyn bolsa-da , gaty üşeýärdim. Üstümdäki ýorganyma bürenip, penjireden daşaryny synlajak bolýardym. Örän elhenç ýagdaýdadym.Hamala penjiräniň içinden geçip, ullakan-ullakan daşlar üstüme gaýdyp duran ýalydy. Elhenç gorkupdym.Kiçijek ellerimi aýna uzadyp: - Eje daş ýagýar. Eje seret daş ýagýar-diýip gorkujygyma daş ýagýandygyny ejeme görkezjek bolýardym. Gözlerimden buýur-buýur ýaşlar akýardy. Ejem näme diýjegini bilmän yzly-yzyna başymy sypalap, göz ýaşlaryny gizlejek bolýardy. Soňra ýer iki ýana çaýkanyp başlady. Daşam üstümden ýagyp durdy .Ýöne endamym gyzgynlykdan başga zady duýmaýardy. Aglap-aglap ýatyp galypdyryn. Ol günleri ýatlamagam gorkunç. Ejem meniň şolar ýaly günlerimde-de mydama ýanymdady. Garaz şeýdip-şeýdip ine şu güne ýetdim. Ejemjana bergim, borjum ummasyz. Henizem giç däl. Ejemjan aýatda diri ahyryn. Söýgüli pygambermiz (s.a.w) "Jennet enelermiziň dabanynyň aşagyndadyr" buýurýar. Biz ene-atamyza näçe hyzmat etsek, näçe sylasak, näçe söýsek, şonçada az. Olar biziň üçin gör nämeler etmedi, gör nämeler görmedi. Ýöne biz henizem ähmiýetsiz garaýarys. Näme üçin ? ... Bolan waka esasynda ýazyldy © Gerçeknazar AMANNAZAROW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |