22:43 Ile gerekli goşgylar | |
ILE GEREKLI GOŞGYLAR Salam . Ilki bilen şu mowzugy pozmazlygy adminden haýyş edýän. Sebäbi bu mowzukda kähalat ile zerur gerek bolýan goşgylary jemledim. Internetden gözledip tapar ýaly ony şu saýtda-da paýlaşmakçy. Bu goşgylary men bir manat alman diňe adamlardan alkyş,sogap almak üçin ýazdym. Allajan ýene-de ile gerekli goşgylary ýazmagy maňa-da miýesser etsin. [b]Harplyk goşgysy (Gülnar mugallymyň haýyşy boýunça) A. Atajan,Agajan,Aýna Joralarym ,dostlam bary . "Mama alma al"diýip Aňsatjak öwrendim A-ny B. Baýram dosdym geldi bu gün Diýdi "Dosdym ýör oýnaly" "Baba,Baýram,Bahar"diýip Bahymjak öwrendim B-ny Ç. Çagajyklar oýnaýarlar Çemen,Çerkez,Çynar,Çary Şolaryň adyny tutup Çaltjak öwrendim Ç-ny D. Didar mugallym öwretdi Ähli sany sanamany "Dört,dokuz,togsan dört"diýip Derrewjek öwrendim D-ny E. Ejemjanym ezizlänim Janymdan eý görýän seni "Ene kalba eýe"diýip Eglenmän öwrendim E-ni Ä. Äýneklije aýazbaba Geldi sowgat paýlamaga Äşe "Äýnek äber"diýdi Şonda öwrendim men Ä-ni F. Futbol oýnamaga gitdik Üýşüp oýnaýas futboly "Fanta , futbol , futzal"diýip Bahymjak öwrendim F-ny G. Gerçek joşýar,goşgy goşýar Gursagyma gelse göni "Gerçek goşgy goşdy"diýip Gaýtalap öwrendim G-ny H. Harplyk baýramynda bu gün Sanaýas ähli harplary "Hormatlasaň hormatlarlar " Diýip öwrendim men H-ny I. Irden turýan,ýuwunýaryn Ýygnaýan ýatýan ýerimi Maşk edýärin,iýip-içýärin Diýip öwrendim I-ni J. Jennet mekan Türkmenistan Sensiň jigerimiň jany "Jeren,Jemal joralarym " Diýip öwrendim men J-ny Ž. Žirafany gördüňmi dost Žurnalda gördüm men häli "Žirafa hem žurnal"diýip Aňsatjak öwrendim Ž-ny K. Kakamjany eý görýärin Olam eý görýändir meni "Kakamjanym kyblam "diýip Derrewjek öwrendim K-ny L. Lukmanlarmyz-dermanlarmyz Dertden halas edýär bizi "Lukman gerek hökman "diýip Öwrendim men L harpyny M. Mugallymlarym sag bolsun Öwredýärler köp zatlary Bu gün ýene mugallymdan Öwrendim men M harpyny N. N harpynam öwretdi ol Söýýärin mugallymjany Ýene gaýtalap-gaýtalap Öwrendim men N harpyny Ň. Bu harpdan başlaýan söz ýok Onda-da gerek hökmany "Gaňňa,töňňe,iňňe"diýip Öwrendim men Ň harpyny O. Okaýarys , öwrenýäris Söýýärin öz mekdebimi Inhä bu gün şol mekdepde Öwrendim men O harpyny Ö. Öwrenýärin men kän zady Öwredýär mollymyň özi Özleşdirip sapaklary Özümem öwrendim Ö-ni P. Pajarlaýar pudagymyz Pugta Arkadag permany "Perman , Pena,Pälwan "diýip Öwrendim men P harpyny R. Rahym,Rahman,Resul,Roza R harpyndan gelýär bary Rüstem , Röwşen , radio diýip Ahyry öwrendim R-y S. Sylaýany sylaýaryn Söýýärin men söýýänleri Ejemjanym söýýän seni Diýip öwrendim men S-ny Ş. Arkadagly Serdaryma Aýdýarys biz şöhrat-şany "Şygyr,şöhrat hem şan"diýip Derrewjek öwrendim Ş-ny T. Tirkiş aýlanyp tigirli Tigirçegni tigirledi Aýamady jany-teni Diýip öwrendim men T-ny U. Ulylary sylaýaryn Hem-de söýýärin kiçini "Ulag,uly,umyt"diýip Öwrendim men U harpyny Ü. Ülkämiziň balalary Hem şu güni hem-de düýni "Ülje,üzüm,ülke,ülker" Diýip öwrendim men Ü-ni W. Watan -çuňňur mukaddeslik Gorap, söýeliň watany Watan waspy dilde dessan Diýip öwrendim men W-ny Y. Ylym-bilim ojagynda Öwrenýäris kän zatlary Ynha bu gün mugallymdan Öwrendim men Y harpyny Ý. Ýürek bilen aýdylan söz Eýeleýär ýürekleri "Ýürek-ýuwşak ýüpek"diýip Ýatda sakladym men Ý-ny Z. Zamanamyz ajap zaman Ýurdum Arkadag Serdarly Ýaşap ajap zamanada Öwrendim men Z harpyny (04.03.2023) <b>Doglan gün gutlaglary </b> Sapa Hommadow: Durmuş gowy günler üçin ýaşalýar, Galan zatlar owarrama! Owarra! Gadyrlylar ýaşadykça ýaşarýar, Hut şoň üçin olar bagtly dogulýar. Baharda dogulmak — “Bahar deý bolmak, Bahar deý ýaşamak” diýilmek belki. Şoň üçin, bahara meňzeş başlygmyz, Size nesip etsin bagtlaryň berki! Gerçeknazar Amannazarow : Ine bu gün işgärleriň adyndan , Üýşüp gutlaýarys 45 ýaş toýuň . Ýaşyň uzyn bolsun , janyň sag bolsun , Şatlyga beslensin , maşgalaň öýüň. Ençe ýyllap lukman bolduň bilimli , Ençe keselleriň bolduň melhemi. Käte derman ýaly söýji söz bilen, Ýaraly kalplara berdiň ylhamy. Bu gün seniň doglan günňi belleýäs, Alladan iň gowy arzuw dileýäs . Asla ýykylmasyn köňülde köşgüň, Doglan günňe sowgat şu ýazan goşgym Talyp gözeli Ilki salam bilen başlaýyn söze , Salam size eziz watandaşlarym! "Ezber mehanikler" diýerler bize. Halkyma hyzmatdyr edýän işlerim . Adym Maýagözel , Lebap ilinden. Her bir işde dür döküler elimden . Nama joşar , saýrap duran dilimden . Mydam belentdedir belent başlarym . Kyblam Baýram , Eneş meniň käbämdir. Dogdyk depäm ol Galkynyş obamdyr. Biz ýaşlar watana röwşen dowamdyr . Dünýä nusga ylymlarmyz, işlermiz . Şunuň bilen gutarýaryn gazaly . Gözelligim haýran edýär göreni . Bu gün bolaryn men "Talyp gözeli " Arkadag Serdarly bagtly ýaşlar biz. (25.02.2023) <b>Mekdep,soňky jaň,klasdaşlar ,mugallymlar barada goşgylar</b> Soňky jaň Iň soňky jaň Soňky pursat Soňky gün Soňky gezek seň saýaňa geldik biz Biz uçurym ellermizde çemen gül Gör gadyrňy bu gün bilip galdyk biz On ýyl okap ,on ýyl bile oýnadyk Bir-biregiň didaryndan doýmadyp Yşga düşüp bilbil kimin saýradyk Hem goýnuňda ylym-bilim aldyk biz Ýüregim aglaýar ,gözlerim gülýär Bu ajy aýralyk kalbymy dilýär Her adama ömür bir gezek gelýär Bu ömürde näme edip bildik biz Hoş gal klasdaşlar,hoş gal mekdebim Bu gün senden aýrylmaly boldyk biz Hoş gal eziz mekdebim Bir mekdepde bile okap,bile geçdi ýaşlygymyz Hoş gal eziz klasdaşlam,hoş gal eziz mekdebim Bize täze giň ýol açdy dörtligimiz ,bäşligimiz Hoş gal eziz deňi duşlar ,hoş gal eziz mekdebim Gör biz bu gün uçurym biz ellermizde bägüller Mekdep seniň goýnuňda geçirdik biz nä günler Göýä uçar guş kimin uçup gitdi aý-ýyllar Hoş gal çagalyk ýyllam,hoş gal eziz mekdebim On ýyl bile gülişip oýnardyk biz şadyýan Günler nähili geçdi ýa düýşmidi ýa duman ? Mugallymlar öňde durup okatdylar ýadaman Hoş gal eziz mugallymlar ,hoş gal eziz mekdebim Eziz klasdaşlarym Ýada düşýär ýenede şol ajaýyp günlerim Ýada düşýär ýenede meniň mekdep ýyllarym Unutmaryn men sizi Sizem unutmaň bizi Belent bolsun başlaryň,eziz klasdaşlarym Ol gyzlar geçip gitdi bir ajaýyp düýş ýaly Oglanlar -gyzlar bolup oýnaýardyk walboly Bir-biregi söýerdik ,dogan ýaly görerdik Ol gyzlaryň yzynda bolardyk meždun däli Bu gün bolsa zalym pelek bir-birekden aýyrdy Herimizem özimizem bir kär tutdyk haýyrly Käbirlermiz talyp bolup täze okuwa girdik Soňra ýarymyz bilen bagtyýar döwran sürdik Ýada düşýär ýenede şol ajaýyp günlerim Ýada düşýär ýenede meniň mekdep ýyllarym Unutmaryn men sizi ,sizem unutmaň bizi Belent bolsun başlaryň Uzak bolsun ýaşlaryň Oňna bolsun işleriň Eziz klasdaşlarym! <b> Eje,kaka,maşgala barada goşgylar.</b> Ejeme… Birje gezek ýylgyrsana ejemjan Gussa batyp öz-öziňi gynama Ýylgyrsana ,ýylgyrmana sebäp kän Hasrat çekip öz-öziňi gynama Sen ýylgyrsaň dünýäm bolar ýaz ýaly Agras gülkiň bir jadyly saz ýaly Öňki çeken hasratlaryň az ýaly Göz ýaş dökip öz-öziňi gynama Göz ýaş dökip köýdirme kül ömriňi Duşsa duşubersin durmuş öwrimiň Ýykmasana gülden näzik göwniňi Oýa batyp öz-öziňi gynama Öwitlerňi örkim saýyp özime Seniň wasbyň salýan aýdym-sazyma Mähribanym haýpyň gelsin öziňe Hasrat çekip öz-özüňi gynama Kakama ! "Kaka uly bolmak aňsat däl eken " (Kerim Hallyýew) Kaka ! Kaka bolmak aňsat däl eken Dünýe jennet eken kakaň bolanda "Kaka" diýlen uly sözüň manysyn Has duýýan ekeniň kakaň ölende Kaka ! Kaka bolmak aňsat däl eken Gör juda kyn eken kakalaň borjy Haýyşym kakanyň göwnüne degmäň Gitdi... Ony yza gaýtaryp bormy? Ine menem kaka Durmuş tüm ýaly Kakanyň gadyry bolmaýan eken Indi menem kaka bolsam sen ýaly Kaka ! Kaka bolmak aňsat däl eken Esger haty Salam eje! Ýagdaýlaryň gowumy ? Janyň sagmy ,gezip ýörmüň sag aman ? Mähribanym seniň ajap keşbiňi Ýatlaýaryn her pursatda her zaman Menem gowy... Käte ýatlap obamy Geçen günler hakda edýärin pikir Eje meni asla alada etme Janym sag Keýpim kök Hudaýa şükür Duýýan käbäm käte goşgularmy okap Ýatlaýansyň meni göz ýaşyň döküp Bilýän buýsanýansyň esger ogluňa Garaşýansyň geljek ýoluma bakyp Iki ýyl hem geçip gider hä diýmän Garaş käbäm menem bararyn hökman Wokzalda hoşlaşyp gidişim ýaly Ýenede şol ýerde duşarys hökman Salam kaka! Ýagdaýlaryň gowumy ? Ekin ekip ýetişýäňmi sag aman Meni soran adamlaryň baryna Ýürekden syzdyryp ýollaýan salam Kaka! Käte ýatlasam gül keşbiňi Nur çaýylýar giň dünýäme,ýüregme Kyblam! Sen meň üçin ýeketäk adam Hiç kim geçip bilmez seniň deregňe Maşgalany halal eklejek bolup Her gün ekin ekip ,balyk tutýansyň Käte belent dagyň üstüne çykyp Men -men diýen aýraklary atýansyň Käte Zil kysymly ulagyň bilen Arpa bugdaý çäge daşaýansyň sen Halal maşgalany halal iýdirip Halal zähmet çekip ýaşaýansyň sen Salam meniň eziz gelnejelerim Salam meň mähriban eziz agalam Ýagdaýňyz gowmy ? Janyňyz sagmy? Sag amanja ulalýarmy çagalar ? Maşgalam-siz meniň baýlygym genjim Begenjim,buýsanjym,şatlygym,ünjüm. Maşgalam -siz meniň ýagty geljegim Kyn günde söýenjim,dünýe daýanjym Maşgalam-siz meniň ýüregmiň ýary Maşgalam -siz meniň arzuwmyň bary Sizsiz bu dünýäde nädip ýaşaýyn Siz ýaraly kalba derman hem däri Watany goramak uly bagt diýip Jan aýaman watan üçin göreşýän Haty ýazan siziň esger ogluňyz Sizden hatyň jogabyna garaşýan. © Gerçeknazar AMANNAZAROW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
0
| |