00:33 Şirinli günler (sonetler çemeni) | |
Şirinli günler (sonetler çemeni ) 1 Bu duýgyny nädip beýan edeýin? Tans edýärsiň sen şeýle bir owadan Diňle,bar syrymy aýan edeýin Sen dälmidiň bu duýgyny oýadan Indi bolsa özge bilen toý eden Toýuňada çagyrmadyň barjakdym Ençe ýyllar ýigit kalbym ereden Ýylgyrşyňy golaýjakdan görjekdim Biläýjekdim ,bagtly sen oň bilen Bagtly bolsaň menem borun bagtly Ýaşap ýörün şol köneje heň bilen Seň bagtyňa seretmegem bagtdy Gyýylma göz ýaşlaň ömrümi gäder Dözmezim! Sözlerim gyýaýsa näder? 2 Dözmezim ! Sözlerim gyýaýsa näder ? Şonuň üçin ýazmanada dözemok Leňňeç deý ädimim her ýana äder Ýazanlarmy bozmanada dözemok Seret ýene gaşyňda dur undanyň Geçmişiňdiň indi bolduň geljegim "Unut" diýýäň , seni nädip undaýyn? Heýde seni unudarmy Gerçegiň Üýtgemedim otuz ýaşly çaga men Çagalyga siňip galdym girdapda Özümdenem öňürdüpdir çagalam Ýaşaýaly bolmanda bir etrapda Ömrüme birneme zyýan edeýin Özümi birneme pyýan edeýin 3 Özümi birneme pyýan edeýin Içir meni, hemme zady aýdaýyn Duýguly dünýämi duman edeýin Göremoga indi nädip gaýdaýyn? Men nädeýin , nätsem unudulmaýaň Göz öňünde doňup dur-a syratyň Bolduň sen dünýämde unudulmaýan Setirlerme siňip dur-a sungatyň Bagra basyp göräýjekdim suratyň Ykbal seniň suratyňam kän gördi Syratyň ýok,suratyň ýok, ýok hatyň Ganatym ýok, ykbal maňa näm berdi? Yşk bolan ýerinde meýhana bardyr Muhapbet meýinden bir damja dadyr 4 Muhapbet meýinden bir damja dadyr Içip , uçup,gaçyp, şaň bolaýynla Aýdylmadyk sözi aýdaýsam näder? Heniz hiňlenmedik heň bolaýynla Geň göreýin,gel göreýin gözlerňi Gözeriňde çaga göwnüm galypdyr Iň bolmanda eşdäýeýin sözlerňi Görünmeýär indi gözleň gaýypdyr Indi seni görjegimem gümana Nirelerde,nämişleýäň , näbelli Birje gezek geläýsene bu ýana Beýle bagt ýa belli däl,ýa belli Kagyza siňmese ýürekde ganar Senden kemal tapdy şygryýethanam 5 Senden kemal tapdy şygryýethanam Ylham beren gözleriňe döneýin Nirde sen , neneňsi , aýtsana janam ?! Sözlesene sözeriňe döneýin Şar garaja saçlaryňa döneýin Näp-näzijek elleriňe döneýin Kirpiklerňe,gaşlaryňa döneýin Ah çagalyk ýyllaryma döneýin Neneň hezil eken senli günlerim Neneň gözel eken bakyşlaryňda Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin Ençe sonetleri bagyşlasamda Ýalňyz ýüregimiň syrdaşy sensiň Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň 6 Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň Sensiň sebäp Gerçeknazar bolmagma Ýadyma düşende gyýylýan sessiz Birje kitap ýazarsadym bolmanda Ne güldürýäň ,ne öldürýärsiň meni Gezip ýörün ne öli ne diri men Başga dünýä sen indirýärsiň meni Geň görmegin ölüp ýene direlsem Ýagyş kimin ýagyp duran sözlermiň Aşagynda ezilmeseň bolarla Hanasynda çogup duran sözlermiň Garşysyna böwet boljak bolýarlar Ýürek ýazgylarmy aýt kimler halar ? Köňül para-para , şygyrlam ganan. 7 Köňül para -para , şygyrlam ganan Aýt beýle heseri nirden tapaýyn ? Göýä seniň bilen aýlanýar ganam Ýitdi ýene ,zordan gözläp tapanym Wah seniň dünýäňe ruhum siňipdir Henizlerem men dermansyz keselli Aladalar şool ýagyp dur , ýagyp dur Senli ýatlamalar berýär teselli Oturyn syrdaşym bilen sözleşip Ýene-de bir zady bilip galdym men Ömür boýy ýüregime ýelmeşip Şirinli ýatlama bolup galdyň sen Duýguly dünýämiň göz,gaşy sensiň Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň 8 Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň Sensiň sebäp köňüldäki heýjana Diýýärdim men "Ýaşap bilmerin sensiz" Henizlerem seniň bilen her ýana aýlanýaryn.Göterýärin gursakda Her sözleriň setirlerme siňip dur Ony ýazjak bolup gelen pursatda Galam,kagyz ýanýoldaşym bolup dur Ömre dowaatdyr ýazan goşgylam Hemde köňüllerden parran geçmeli Seni söýüp şahyr boldum başda men Bakyşlaryň bakylygyň çeşmesi Düşündim henizem çagadygyma Aşyk boldum seniň çagalygyňa 9 Aşyk boldum seniň çagalygyňa Şu günüňe dälde düýnüňe aşyk Seň bilen hezildi çagalygymam Degişip,gülüşip ,oýnardyk üýşüp Şirinli günlere gidýän gaýbana Gowursada meni hijranyň ody Ýelek kimin üfläniňde gaýýana Sähelçe ylhama ýazýaryn goşgy Okap,ýazyp ýadamadym goşgydan Ýadaman ýazaryn halkym halasa Çagalykdan bäri ýazan goşgylam Porsaşyp ýatyrlar hajathanada Şonda-da ýaşaýar poeziýa söýgüm Sen bolduň tolgunjym bir täsin duýgym 10 Sen bolduň tolgunjym , bir täsin duýgym Derdimiň düýbünde nämeler ýatyr ? Baryp görsem ine ilkinji söýgüm , Ýenede naýynjar seredip otyr Her gören gelnimi saňa meňzedip Saňa meňzeýärdä gara saçlylar Undulşan derdimi ýene gozgadyp Şol köne derdime başdan başladym Mähir lowurdysy gursakda gaýnap Muhapbet şerbetin içirdiň ýene Içir sen içirseň ýazaýyn saýrap Içir sen , içir sen ,günäsi maňa Gör-ä geçip gitdi çagalygymam Indi seredýän öz çagalaryma 11 Indi seredýän öz çagalaryma Indi başga birne yrsaraýaryn Käte aýlanyp öz çagalygyma Şirinli günleri ýada salýaryn Heýde undularmy Şirinli günler ? Şirinli günlerim alabaharym Aglatsada meni ol gara gözler Ol gözlere mydam gülüp bakaryn Heýde undularmy Şirinli günler ? Barardym ýanyňa ganatym kakyp Ganatsyzam gaýratlanyp göwünler Bileje oýnardym eliňden tutup Köňülde kerepläp galdymy gaýgym ? Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm. 12 Çagalykda galdy ,çagalyk söýgüm Belkem bile borduk ulalmasadyk Çagajyk bolardym , bolmazdy gaýgym Ulalmak melhemni ulanmasadyk Her gün aýlanardym eliňden tutup Oýnardym,ýaýnardym,saýrardym joşup Ýaşardym pelegiň oýnuny utup Söýgünem bilmezdim bolmazdym aşyk Indi "Sagat" diýlen zalyma duşup Gün geçdigçe garrap, ölüp barýana Bolsun arasynda täsin duşuşyk Bolmasa ýatlama bolup barýaňa Duýgylarmy gizlesede göz , gaşym Setirlemden akyp dur-a göz ýaşym 13 Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym Ýürek sözüm ýaýrar ýüreklerňize Göz ýaş bilen gidip barýar gör ýaşym Ýenede ýaş berýär ýürekler bize Şygyrlarym bilmeýäne bulaşyk Elim işde,kelle goşgy düzüp dur Ýene ýazýan yşk derdine ulaşyp Men-ä aýdýan , galam bolsa ýazyp dur Ylham bolsa şol gelip dur, gelip dur Indi galam ýetişenok ýazmana Birikdirseň poeziýa bolup dur Maý berenok, işimizem bir ýandan Seniň waspyň ýazmak boldy bar işim Boldum seniň ömür boýy serhoşyň 14 Boldum seniň ömür boýy serhoşyň Serhoş bolup samyrdaýar setirlem Wah şonda-da geläýsene serhoşym Beýle derdi hemme ýürek götermez Çagalykdan eýe bolduň köňlüme Götereýin baýdak kimin pasyrda Aýratynja ömür goş sen ömrüme Gel bileje ýaşaly biz asyrlap Diýýärsiň "Eý Gerçek ! Öňmüzde geljek Jaýdar jümleleriň düşsün jaýyna Manysyz ýaşandan , manyly öljek Sonetler döretsem Şirinaýyma Gel ,rugsat ber seniň bilen gideýin Bu duýgyny nädip beýan edeýin? Magistral Bu duýgyny nädip beýan edeýin? Dözmezim! Sözlerim gyýaýsa näder ? Özümi birneme pyýan edeýin Muhapbet meýinden bir damja dadyr Senden kemal tapdy şygryýethanam Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň Köňül para -para ,şygyrlam ganan Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň Aşyk boldum seniň çagalygyňa Sen bolduň tolgunjym ,bir täsin duýgym Indi seredýärin öz çagalarma Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym Boldum seniň ömür boýy serhoşyň. Gerçeknazar Amannazarow (19.03.2023) | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
0
0
0
0
| |