Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:27
Söz
«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

SÖZ

Ýazmadym maşgala eklejek bolup,
Men sungatyň aşygy däl, dälisi.
Dil bilen Käbäni ýykmajak bolup,
Öýkeletdim poeziýa şalygy.

Aýdylmadyk aýdymlarym armanda,
Çişip-çişip duýgylarym dolupdyr.
Adamlaram seredişýär asmandan,
Akja garlar şahasyndan tänip dur.

Bulutlaň içinde urýaryn kürek,
Dünýe suwa gark bolana meňzeýär.
Sähelçe şemala möwjeme ýürek!
Hiç kim girip bilmez däli deňziňe.

Ýüregiňi açda giň dünýä seret,
Guşlaň arasynda gaýyp bilýäňmi?!
Derdinme, seň derdiň aýt kime gerek ?
Öňem aladasy ýetik dünýäniň.

Gara gatyşykly söýgüm ýagyp dur,
Sergin şemal ogurlady ýazanym.
Sähel söze didelerim dolup dur,
Serden geçip ,ýüregimi ýazaryn.

Ýazaryn men , gözleýärin köp zady,
Internetde, kitaplarda... ýok zady.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 175 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Gerçeknazar Amannazarow | Рейтинг: 4.2/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 30
avatar
0
1 aygull • 21:09, 03.03.2024
Şol bir goşgularyñ dowamy
3/10
avatar
0
2 Мukam • 21:44, 03.03.2024
Başlangyjy passiw (birinji bendi okanyndan) bu goşgyny okamaga höwes gaçyrýar. Soñky bentlerde gowy duýgylar bar. Birinji bendi aýyryp goýsañam gowy goşgy boljak. "Adamlaram seredişýär Asmandan" şu setiri nähili baglajagymy bilmedim. Belki asmanadyr. Özi ýazmaga ussatlarça çemeleşipdir. Täzeçillik gözleýän şahyr. Goşgyda aýtjak bolup bärden gaýdan (onam birinji bentde ýañzydypdyr) Şonuñ üçin ýazjak bolgun. Maşgalany eklemek üçinem rysgyny berer. (Şu şygyram ylahy ýaly bir zat. Ýykgyn etseñ kalbyñy päkleýär. Namazlyga münüp dünýäni unudandan kem däl)
avatar
0
3 Mekan • 23:34, 03.03.2024
8/10
avatar
0
4 Küle • 00:14, 04.03.2024
2/10
avatar
0
5 sussupessimist • 03:02, 04.03.2024
Aýdylanlaryň üstesine, gepleşik diliň nogsanlyklaram bar:

Akja garlar şahasyndan tänip dur.

tänýärmi ýa durmy?
Birdöwür işimize Atamyrat Atabaý gelende: "Işläp ýatyrsyňyzmy?" diýerdi

2/10
avatar
0
6 Gerceknazar96 • 07:24, 04.03.2024
Goşgynyň yzygiderliligini halamadym. Her setirinde üýtgeşik zat aýtjak bolýar onam oňaranokmy, ýa-da men düşünemokmy? Umyman alanyňda erbedem däl. Awtor gowy zatlar ýazjagyna söz beripdir. Goşga 7/10 baha berýän.
avatar
0
7 Garlawac • 08:24, 04.03.2024
,,Dil bilen Käbäni ýykmajak bolup,
Öýkeletdim poeziýa şalygy"

Şo ýerini okap birhili sorag döredi mende: Dil bilen Käbäni ýykan bolanynda poeziýa begenerdimi beri? Ýa-da poeziýany begendirenler Käbäni ýykanlarmy? Umuman men birhili düşündimmi, ýa ...
Filosofik manysynam gözläberip ahyry tapmadygymy boýn aldym, ýa meniň taparymdan gowy gizläpdir...

Soraglar kellämi bulaşdyrdy(öňem-ä iwaly däldi welin;)
avatar
0
8 Garlawac • 08:35, 04.03.2024
Aýdylmany galan aýdymlaryňam sany barha köpelýäreýt)...
avatar
0
9 Seýrаn • 08:37, 04.03.2024
1. teswir ylaýyk teswirläpdir. Şol bir suwlar. Ýazyp bilýäne meňzeýär.
4/10
avatar
0
10 Pero • 08:53, 04.03.2024
7/10
avatar
0
11 Medicall • 09:01, 04.03.2024
6-njy teswire.
@ Gerceknazar, beýtseñem bolýamy?
avatar
0
12 Seýrаn • 09:19, 04.03.2024
Mukam diňe teswir ýazyp ýörmi? Ýa hemmä 0/10 paýlaýamy?
avatar
0
13 Hyýalbent • 14:23, 04.03.2024
7/10
Awtora üstünlik
avatar
1
14 Belki • 14:45, 04.03.2024
Şahyr garrasa tankytçy bolarmyṣ ))
avatar
-1
15 Gerceknazar96 • 20:45, 04.03.2024
Nurdan soň düşünşsek bolarmy? Uruş barka sögüş gerek dälläý :)
avatar
0
16 Medicall • 21:20, 04.03.2024
Gerçeknazar, soñ düşünişmegiñ hiç hili ähmiýetem geregem ýok. Eýýamdan gaty gowy düşünýän men her kimiñ her hereketine...

Şu saytyñ ýörelgesi dogurçyllyk, şeýle-de diñe hakyky edebiýatyñ ýüze çykarylmagy.

Galan zady bäsleşigiñ jeminde hemmeler bilen sizem bile görersiñiz. saýtyñ hemem şu bäsleşigiñ şertine dogry hereket ediñ.
Bärde çaga oýunlary oýnalanok.
avatar
2
17 Мukam • 21:56, 04.03.2024
Teswir 12–ä men eminlik edemok, ýöne eger. Bal görkezmeli bolsa Laçyn Pürjäýewadan görelde alyp 10/10 goýdy hasap edip bilersiñiz! Hemme gatnaşýana, agzalara, awtorlar üstünlik!
Admin hanyma bolsa ulakan sabyrlylyk we işinde tutan maksatlarynyn amala aşmagyny dileýän. ( Kiçijik hasaplasada Edebiýata uly goşant goşmagyna biziñ ýaly edebiýat söýüjileriñ adyndan minnetdar!)
avatar
0
18 Gerceknazar96 • 22:07, 04.03.2024
Saýtdaşlar şu saýtyň şahsy haty işleýärmikä?
avatar
2
19 Medicall • 00:02, 05.03.2024
Sagboluñ, @ Mukam Mergen!

Şu bäsleşik diýip edilýän zatlañ bary gowusyndan gowusyny saýlamak üçin hemem awtorlar kemçiligi bolsa öwrensinler, düşünsinler, kämilleşsinler, geljekde has gowy ýazmaga özlerine talapkär bolsunlar, gowy ýazmaga ymtylsynlar diýip edilýär.

Baha goýmadyñyz, hiç birine-de goýmañ. Beýdip hemmesine 10/10 diýip beýlekileñ dogry seljerişlerinde, baha berişlerinde pikirlerini garjaşdyrmasañyz gowy bolardy.
(baha berýänler nädogry iş edýän ýaly, rehimsizler ýaly etmäñ, gaýrat ediñ, bu aýdyşyñyz özüñizi ýukaýürek görkezjek bolýan ýaly ýerliksiz görünýär. daşyndan seredeniñde dogruçyl görüneñzok beýtseñiz.
Sebäbi her kimede düşünikli: hemmesiniñ 10/10-lyk däldigi, diýmek hemmesine 10/10 diýmek içiñden bir zat aýdyp, daşyñdan düýbinden başga zat aýtmak ýaly bir zat bolýar. )

aslynda Laçyna meñzejek bolsañyz ol-a bal berip otyr, hemmesine 10/10 berenok ýöne. gowja yzarlañ Laçyn Pürjaýewany ýogsa ýalñyş eýerýäñiz...)))

Nähilem bolsa eserler biri birinden tapawutly,
her kim dogry baha bermejek bolsa bizem edip bilýäris siziñ edýän hereketleriñizi.

Hemmesine 10/10 diyilmegi bäsleşik geçirilmegini ýañsylamak, äsgermezlik ýaly görkezýär.

Derdi edebiýat bolan adam kemçiligem, üstünligem dogry görübem, aýdybam, dogry baha beribem başarar.
avatar
0
20 Garlawac • 02:18, 05.03.2024
Şu @Gerceknazar96 köçämizden geçende şo-o daşlasym geli-ip dur-leýt...
avatar
0
21 paragraph • 04:59, 05.03.2024
8/10
avatar
0
22 Belki • 05:25, 05.03.2024
Özüñiz şu eleganta eser hödürleýän bolsañyz, hiç esere-de bal goýmañ. Sebäbi, hemmesine bal berip gelseñiz, özüñize bal berip bilmeýänligiñiz üçin balyñyz kem çykar. Bu bolsa siziñ ýüze çykaran adalatsyzlygyñyz bolar. Özüñize bal berip bilmejegiñiz düşnüklidir-le. (Meñ pikrimçe)
avatar
0
23 Medicall • 07:47, 05.03.2024
Daşyndan gelip goýsunlarmy onda bahany.
Gaýta gaty gowy adalatlylyk bolyar her kim özüniñkä goyman başgalaryñka goýup berseler.
avatar
0
24 Pero • 08:17, 05.03.2024
Teswir 24-e
Bal goýmaly bolar. Her kim özüne goymaz. Netije şeýdibem sazlaşar. Meselem,men siziñ eseriñize,sizem meniñ eserime goýarsyñyz.
avatar
0
25 Мukam • 09:33, 05.03.2024
Nurdan hanym! Men eminlik edip bilmerin, ýene 2-3 günden işe gitýän. Men ýöne okyjy bolanym üçin, düşündigimden öz pikirimi ýazdym. Boş wagtym okamak lezzetini almak üçin girýän. Öz ýanymdan bal bermegi unamok. Siziñ özüñiz belläpsiñiz! Özüm ýazamok, pozamok. Awtorlaryn eserine bal bermegimem nädogry. Teswir ýazmagym bolsa, şu awtorlaryñ duýgularyny bildimmikäm diýen net bilen ýazdym. Menem bäsleşigiñ jemine howlukýan! Indiki aý ýa haçan girenimde görüp, öz synymyñ ýerne düşenni düşmedigini görerindä. Öz-özümi barlamak bolýanam bolsa. Adalatsyz hereketim bolsada kabul edersinizde.
avatar
0
26 Gülkamat • 15:00, 05.03.2024
Internetde, kitaplarda ýok zady ýazmagyña garaşýas onda, awtor! 5/10 bal mendenem
avatar
0
27 garagar • 15:13, 05.03.2024
4/10
avatar
0
28 Sylapberdi • 00:43, 09.03.2024
Şu goşgynyñ birinji setirink öñ bir ýerde okan ýaly bolup durun. Özem pdf edilen kitapda. Ýalñyşýan bolaýyn-da herne.
Galan ýerler-ä deja-vu berenok)
5/10
avatar
0
29 janjennet • 13:18, 13.03.2024
taparmyka kim biler?! (köpi gözläp azdan galmajak bolmaly)
1/10
avatar
0
30 sussupessimist • 09:08, 25.03.2024
Gerçeknazaryň öz goşgusy eken-ä))
Awtor gowy zatlar ýazjagyny söz beripdir diýýämi? haha. Oýny kän-äý

Indi ýöne sözüňde durmaly borsuň. Has güýçli eserleriňe garaşýas!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202