10:11 Gazananlarym | |
GAZANANLARYM Çagalykda goşgy ýazdym, Hiç kimse "Ýaz" diýmese-de. Dünýäň döwük oýnawajy, Oýnadyla, Güýmedile. Şu gün goşgy ýazyp başlanyma laýyk ýigrimi ýyl dolýar.Menem ony akja kagyzy garalap,galamy zaýalap, kirden gatap giden gök geýimde, palçykdan reňki goňrumtyl aga öwrülen gara balakda, gözgyny niwaň içinde, arkan ýassanyp , ajy gara çaýyň keýpine belläp oturyn. Daşarda garagol şemal tolkunlary kybla itekläp oýnaýar. Ümsümligem-hezillik.Diňe şemalyň çalaja şuwwuldysy we suwuň kenara urýan şabyrdysy eşdilýär. Käte-käte bolsa bir siňegiň yza çekýän wyzzyldysy gulaga ilýär. Ýa-da ol siňegiň sesi dälmikä? Ýüregiň sesimi? Öz-ä eşdilýär-de görnenok. Agam gaty ýadapdyr öýdýän . Kölden çykanda özüni kenara oklap, eýýäm ulagyň kölegesinde ýatyp galdy. Aşagyna kirden gatap giden esger buşladyny ýazyp ýetişipdir. Gyzgynlyk saklamaýan ýekeje termisiň içindäki ýylyrak gara çaýyň lezzetinden agam Hanada goýasym gelýär. Ýöne gysgandygyňça beter bolşy ýaly içdigiňçe içesiň gelýär . -Häzir öýe baryp içerdä-diýen bolup öz-özüme göwünlik berýän. Ne gözel ýadaw ýatan agamy çaý üçin oýarasym gelenok. Menem ýadaw, kelläm agyrýar. Onda-da näme üçin şulary ýazyp otyryn ? Dogrudanam men näme üçin ýazýarkam? Ýazgylarymyň birine peýdasy barmy? Ýa-da ýazyp pul gazanýanmy ? Özüme-de peýdasy ýok , maşgalamada. Durmuş sapaklary Bir wakany aýdaýyn, Maşgala durmuşymdan. Entek men-ä bihabar, Dünýäniň gurluşyndan. Goşgy ýazyp duranmy, Görse meniň maşgalam. Her haýsy hem özüçe, Diýýär maňa başga zat. Ejem diýýär "Goşgudan, Alýan bolsa bäş manat. On bükülip , kösenip, Ýazmaýaram ol şu wagt". Kakam diýýär "Şool ýazyp, Onuň akly çaşypdyr. Näme edýänin bilmez, Oň aňkasy aşypdyr." Genjem diýýär"Sen şygyr, Düzüp ýadamadyňmy?! Şol bir zady göçürip, Ýazyp ýadamadyňmy?!" Soňra agamam diýýär, Bilýän üstünden gülýär, "Gerçek goşgusy bilen, Gyzlary yrjak bolýar". Bu gün oýlanýan ýene, Synlap gyzyl şapagy. Gerçek ondan al many, Budur durmuş sapagy. Edebiýat meýdanynda darkaş gurmak şeýle kyn bolar oguşýa. Bu ýolda indi maňa nähili kynçylyklar garaşýar? Çagalygymdan bäri goşgy ýazýan , ine meniň gazananlarym. -Depe ýaly üýşüp giden "ýürek agyry" kagyzlar. Ejemiň "Pul gazanýan bolsaň şeýdip iki bükülip ýazasyňam ýok" , "Goşgy ýazmada işlejek bol, köpräk balyk tutjak bol" , "Indi goşgy ýazma, balam görýäň-ä azara goýýaň..." ýaly sözleri. Kakamyň "Goşgy , hekaýa zat ýazyp onuň aňkasy aşypdyr, näme işläp ýöreninem bilemog-a" , "Illeriň goşgulary çaphana gitse, Gerçegiň goşgulary hajathana gidýär" , "...Ýazan goşgularyň düzgüni bozýar, şonuň üçin şeýdip ýörüs..." kimin aýdanlary. "Başgalary hijem" diýjek welin maşgalaňdan, hut öz ejemden , kakamdan şeýle sözleri eşitmek agyr degýär. Ýene-de gerekmi ? Ine, aýalymyňam aýdanlary "Goşgy ýazyp ondan oňa göçürip, kagyz zaýalap , pul gidirip näme gazanýaň?" we şuňa meňzeşler. Onuň pikiriçe kagyzlarym "ýürek agyry" depderi. Çünki ondaky ýazgylar ýanýoldaşymyň ýüregini agyrdýar. Ine, meniň ýigrimi ýylyň içinde ýazyp gazanan zatlarym. Ýene-de gazanmagymy dowam etdirýän. " Erbet gazançlaryňa ýazdyň, indi gowy gazançlaryňam sana" diýýäňizmi? Ony nesip bolsa romanymyň dowamynda okatmak isleýän. Onda başdan başlaýyn , "Nädip ýazyp başladym?". Ýazasym gelýär munda. Ýaşamadym ine-gana , Ýazasym gelýär munda . Zyndanda ýaly hamala , Gezesim gelýär munda. Häkim bolup bet gylyga , Garylyşsam ilçilige , Kysmatdaky kynçylyga, Dözesim gelýär munda. Islämog-a kän baýlygy , Soka salýan her aýymy , Dünýälikden öz paýymy, Alasym gelýär munda. Okap ,ýazyp ,gulap asyp , Gezmelimi golum gysyp ?! "Adam" adyma mynasyp , Bolasym gelýär munda. © Gerçeknazar AMANNAZAROW. "Ýaş şahyr" romandan bölek. (07.09.2024) | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |