Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:49
Aşgabat! Aşgabat! Aşgabatdyr ol!
AŞGABAT! AŞGABAT! AŞGABATDYR OL

Aşgabat!
Aşgabat!
Aşgabatdyr ol


Adamyň iňňän söýýän gymmatlyklary arzylansa, apalansa, onuň özi-de öňküsinden ulalan, özgeren ýaly bolýan ekeni. Aşgabat biziň hemmämiziň eý görýän, eziz görýän Watanymyzyň paýtagty. Watan hakda her kimiň hem öz näzik duýgularynyň, çuňňur pikirleriniň, özboluşly söýgüsiniň bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat hakynda-da hut şeýle. Özi-de ol pikirdir duýgular hökmany suratda ýaşlykdan, gözellikden, bagtdan gözbaş alyp gaýdýar. Ol başgaça bolup hem bilmez. Çünki aşyklaryň şäheri Aşgabat — söýginiň hem bagtyň baky mekan tutan şäheri. Men onuň gujagyna gadam goýanlaryň, özlerini öňkülerinden has bagtly, has ruhubelent, has üýtgeşik duýýandyklary hakyndaky täsinden-täsin gürrüňleri kän diňledim. Bu gün bolsa,meniň özümiňem Aşgabat bilen bagly ýatlamalarymy, duýgularymy gürrüň beresim geldi.

Aşgabada uçuran hiňňildik...

Howlymyz geregiçe giň bolansoň, atam Gurban baýramy geldigi, agtygyklarynyň hersine özbaşyna, aýratyn hiňňildik asyp bererdi. Ýöne, atam beýleki agtyklarynyň hiňňildiklerini hatarlap, bir setir edip, howlynyň töründe asyp goýsa-da, meniň hiňňildigimi nämüçindir ala-böle başga ýerde — howlynyň derwezesine golaýrak ýerden asardy. Ilkinji gezek şeýle edende, atamyň näme sebäpden meniň hiňňildigimi başga ýerden asany hemmämizi gyzyklandyrdy. Jigilerimiň biri: «Birden Aýgülüň hiňňildigine münsek, ol hökman dawalaşyp, uruşmaga bahana tapar, şonuň üçinem, onuň hiňňildigi siziňkiden daşrakda bolsun diýendir» diýip, atamyň bu hereketine «göwne makul» bir sebäbem tapdy. Emma atamdan soranymyzda, ol düýbünden başga jogap berdi:
─ Men Aýgülüň hiňňildigi Aşgabada tarap baksyn diýip, şol ýerden asdym. Ol hiňňildikde gowy bat alyp uçsaň, Aşgabat görünýändir.
Atamyň jogaby nagt bolansoň, hiç kimden «Näme üçin?» çykmady. Hatda mendenem. Jogabyň manysyna düşünmedigem bolsam, men hiňňildigimi aýratynlap, heniz bir gezek hem gidip görmedik ýerim bolan paýtagt şähere tarap bakdyryp asyp beren atamdan örän hoşal boldum.
Soň-soň atam meniň hiňňildigimde uçup oturanymy görse, «Ýeri, gyzym, Aşgabat görünýärmi?» diýerdi. Menem öz ýanymdan« «Ýok, görünenok» diýsem, atam gynanar» diýip, gara çynym bilen «Çalaja görünýär-dä, ata» diýerdim. Atam hezil edip gülerdi-de, «Aşgabat bilen Tejeniň arasy esliräk baram-da, gyzym» diýip, meniň jogabyma aklama tapyp bererdi. Men bolsa, atama diýen jogabymy çyna öwürjek bolup, ähli güýjüm bilen bat alyp, Aşgabady çalaja-da bolsa görmek üçin çaga gözlerimi Aşgabat tarapa dikip, hiňňildik uçardym...
Aýlar-günler geçdi, men galgap hiňňildik uçulýan ýaşdan geçip, arzuwlaryň hiňňildiginde bat alyp uçulýan ýaşa ýetdim. Meniň şol wagta çenli dörän arzuwlarymyň ählisinde-de Aşgabat bardy. Ol, hamana bir hamrak hossar ýaly, kalbymda haýsy arzuwy beslesemem, ony öz goýnunda amala aşyrmagymy isläp, meni öz gujagyna çagyrýan ýalydy. Emma içiňi ýakaýyn diýen dek, aşgabatly garyndaşlarymyzyň haýsy biri toý edende-de, her hili bahana tapylyp, men gidip bilmän galardym. Men özüme şeýle garaşýan mähriban şähere ýetip bilmän ýörenime çynym bilen gynanýardym. Içimdenem: «Garaş, Aşgabat! Men nesip bolsa, bir gün bararyn» diýip pyşyrdaýardym...

«Aşgabat!» diýilse,
«Başlaýas!» diýip,
Älem-jahan toý tutýan deý hamana,
Çaga göwnüm guşlaň gerşine münüp,
Saňa juda kän barardy salama.

Ýüregimde ýaşap, şaýat bolansyň,
Arzuw-hyýal, şatlyk-gülkilerme-de.
Ynanýardym, saňa gadam goýamsoň,
Üýtgeşik boljagma öňkülerimden.

Arzyly birine garaşýan deýin,
Sen tarapa bakdym ýördüm birgeňsi.
Arzuwlaryň janlydygam çyn welin,
Has çyn eken, çaga kalbyň diňlenşi...


Arzyly ýere gitmäge aýratyn sebäp...

Asylam, adam durugşyp köp zada düşünýär. Belki wagt, belki wagtyň akyl-huşa edýän täsiri, bilmedim, ýöne bir gün aňyňda bir pursatlyk ýyldyrym çakan ýaly bolýar-da, içki dünýäňi tutuşlygyna ýagtyldyp gidýär. Ana, şol adatdan daşary ýagty pursatda sen öz düşünmedik soraglaryňa jogap tapyp ýetişeniň, ýetişeniň. Göz açyp-ýumasy salymda diýen ýaly bolup geçýändigi üçin, ol pursat hem täsin, hem süýji, hem iniňi dygladýan derejede üýtgeşik. Menem Aşgabada näme sebäpden wagty bilen gelip bilmändigime akyl ýetirip bilmän, ony çözülmedik soraglaryň arasynda goýupdym. Emma günlerde bir gün «aňymda çakan ýyldyrym» şol soragyň hem üstüne öz ýagtysyny saçdy goýberdi. Men hemme zada düşündim...
...Şol eden işime oýun-henek diýsem, bärden gaýtjak, ýöne ol işi eden wagtym öňümde çynlakaý maksat goýmanym üçin, ony näme diýip atlandyrjagymy-da bilemok. Ýeri bolýar, her näme-de bolsa ol işiň soňy düz bolup gitdi, şoňa şükür.

* * *

Günleriň bir güni içerini arassalap ýörkäm, teleýaýlymda gidip duran gepleşikde aýdylýan zatlar meni özüme çekdi-de, telewizoryň sesini gataltdym. Alypbaryjy oglan jany-teni bilen haýsydyr bir ýaryşyň şertini düşündirýärdi. Deň ýaryndan diňläp başlanam bolsam, onuň gürrüň berýäniniň näme maksatly ýaryşdygyna düşündim. Alypbaryjy tarapyndan berlen iki setiriň yzyny dowam edip goşgy ýazmaly ekeni. «Gyzykly! Synanyşyp göräýmeli» diýdim-de, ekranda görkezilip durlan iki setir goşgyny üç-dört gezek gaýtalap, ýadyma okladym, yzyndanam işlerime gümra boluberdim. Agşamlygam wagt, adamsyzja ýer tapyp, hälki iki setiriň yzyny ýazdym. Prozany köp okasamam, poeziýa eserlerinden daşrak bolamsoň, ilki kösenerin öýtdüm. Ýok, yzy şaglap gidip barýar. Içimden «Beh, bu iki setiri goşgy derrew ýazylar ýaly, ýörite düzen bolmaly olar» diýdim-de, taýyn goşguly kagyzy epläp, ýygnap goýdum.
Ertesi iň kiçi jigimiň daşyna geçip, birnäçe şertlerini bitirmäge razy bolup, ony poçta, hälki goşgymy gepleşige ugratmaga yrdym. Özem hiç kime aýtmazlyk şerti bilen. Ýogsa-da, men ilki goşgymy onuň adyndan ugratjak boldum. Jigim ör-gökden gelensoň, beýle edip bilmedim.
Emma gepleşigiň indiki sanynyň şygryýet sahypasynda meniň goşgym okalmady. Men «Bor-la» diýip, içimi gepletdim-de, bişirip ýören naharymdan habar tutmaga daşaryk çykdym. Gazanyň gapagyny ýaňy bir açdymam welin, hälki jigim ýarty göwresini öýden çykaryp gygyrdy:
─Aýgül, geeeeeel!

* * *

Şol gezek meniň hatym gijä galyp baran ekeni. Alypbaryjylar şygryýet sahypasynyň geçendigine garamazdan, meniň goşgymy aýratyn okadylar. Goşgymyň gowydygyny, dowam edip durmagymy sargadylar. Gowydygyna ynanmasamam, dowam etdim, dowam etdim oturdym... Şeýdip, nädip bir gepleşigiň şygryýet sahypasynyň üsti bilen şygryýet dünýäsine girenimem bilmänjik galaýdym! Bir görsem, men şol gepleşige gatnaşan ähli ululy-kiçili adamlaryň arasynda ýeňiji! Indi alypbaryjylar gepleşigiň her sanynda meni öz gepleşiklerine — Aşgabada çagyrýardylar. Indi nädersiň?! Meniň bir ýyla golaý meşgullanan bu işimi iň kiçi jigimden başga hiç kim bilenok ahyry... Öýdäkilere näme diýip aýtmaly?!
Jigim bilen bu başdan geçirmämizi bulam-bujarrak edibem bolsa, ejeme düşündirdik. Ejem welin biziň bulaşyk gürrüňimize aýdyň düşündi. Agras ejem begendi. Gitmelidigimi aýtdy. Men ejeme özümde nähilidir bir gorkynyň bardygyny aýtdym. Ejem oňa «Tolgunmadyr, geçer. Gowusy, ýoluň, ýoldaşyň aladasyny et» diýdi.
Şeýdip, men Aşgabada tarap ýola düşdüm.
Men özümiň ahyr-soňy Aşgabada barýandygyma enteklerem ynanmaýanym üçin, ýanymdaky ýoldaşymy mümkin boldugyndan Aşgabat hakda gürrüň etmäge mejbur edýärdim. Seýtsem, Aşgabady göz öňüme getirmek has aňsat bolýardy. Ýogsam, ol, meniň eden dowamly, uzak arzuwlarymdan ýaňa hut Kap dagy ýaly mifiki, elýetmez derejä ýetipdi.
Garaz, bu gürrüň şu ýerde galsyn. Men gepleşige-de bardym, soňra ýene bir gezek ýeňiji hem boldum. Şygryýet bilenem gadyrly gatnaşykda. Ýöne meniň aýtjak bolýanym, Aşgabada meniň başga hili däl-de, ýeňiji hökmünde gadam goýmagym gerek ekeni! Ýok, siz bu ýerde özüni mazamlajak bolýar diýip, ýalňyş düşünmäň. Siz bu ýagdaýa başga tarapdan seredip görseňiz, şonda göwnüňize has jaý geler. Arzuwa meňzeş owadan Aşgabadyň gujagyna uly maksatly, başyňy belent tutup gadam goýmak ýaraşýar! Çünki ol, hut şoňa-da mynasyp!

Gulpaklyja gyzjagazdym, sen hakda,
Arzuwlaryň kalpda gaýnaýan wagty.
Aşgabat, sen şuny ýadyňda sakla!
Aýdaýyn, dilimiň saýraýan wagty.

Maňa seniň her ädimiň düşümli,
Goýnuňda ýöremek — aýratyn lezzet.
Köpi görüp, men bir zada düşündim:
Her kimiň arzuwy özüne meňzeş.

Arzuwlarmyň gözbaşynda duransyň,
Onsoň saňa meňzäp bilsem, kem barmy?!
Goý, ýüregim seniň deýin ulalsyn,
Goý, ykbalym belent bolsun sen ýaly!


Möhüm günleň mähri sende, Aşgabat!

Men seniň gujagyňda oturyp, sen hakynda makala ýazýanym üçin hem aýratyn bagtly. Has dogrusy, ony seniň duýýanyň, iş kabinetimiziň uly ýola bakyp duran aýna diwaryndan meni synlaýanyň üçin bagtly men, Aşgabat!
Men seniň gujagyňda ykbalymdaky iň möhüm günleri başdan geçirdim. Söýgä duşdum, maşgala gurduk, perzentlerimiz dünýä indi. Indi men — mähriban ene. Mahal-mahal çagalarymyň ellerinden tutup, seniň gül goýnuňa seýle çykýarys, atyr ysly seýilgähleriňde seýran edip, uly lezzet alýarys. Ykbalymda bar bolup, seniň iň gözel künjekleriň birinde döredijilik işgäri hökmünde zähmet çekýärin. Joşan wagtym şygyr döredip, ony aýna ýaly köçeleriňden ýöräp gelşime, pyşyrdap saňa aýdyp berýärin. Şol pursat dünýä öňküsinden kän esse giňeýär, gözelleşýär, onuň bilen senem, seniň bilen menem...

Ýatlamalar sandygyny açdygym,
Süýji ýatlamalar ganatyn gerýär.
Olar — meniň garramajak ýaşlygym,
Olar — meniň dünýä içinde dünýäm.

Olar meni saňa baky örklän,
Undulmajak, könelmejek seneler...
Adama beýle bir kän zat gerek däl,
Ony subut edip berdiň maňa sen!

Seň goýnuňda söýgä duşdum,
birigip,
subut etdik, bir bolýanny ikileň.
Zenan diýmek, diýmek eken — dirilik:
Ene boldum gujagyňda iki gez..


Sözsoňy

Aşgabat! Bu gün seniň ösüşleriň, şan-şöhratyň, at-abraýyň tutuş dünýäniň dilinde. Olara şaýat boldugym saýy, buýsanjym artyp, başym asmana direýär. Seniň uly bir sebitiň parahatlyk merkezi diýip saýlanmagyň özi nämä degmeýär?! Toýlaryň toýa, baýramlaryň baýrama ulaşsyn, dünýäniň iň ajaýyp şäheri! Goý, seniň mähir bilen oýanýan daňdanlaryň hemişe parahat, şowhun bilen geçýän gündizleriň hemişe abadan, aýdym ýaly agşamlaryň hemişe ajaýyp, söýgi bilen uka batýan gijeleriň hemişe asuda bolsun!

Onuň mähir doly eziz adyndan,
Ýaýrap gidýär ýaşaýyşa ýagtylyk.
Ol nyşandyr, beýik döwrüň badyndan,
Ol şuglasy beýik halkyň bagtynyň.

Waspyn edip şygyr ýazýar şahyrlar,
Aýdymlar aýdylýar owadan, şirin...
Ol ýalpyldap dursa, owal-ahyrlar,
Gözel dünýä hiç ýitirmez gelşigin.

Nesillermiz arka-arka aýlanyp,
Öser hem özgerer döwürleň durky.
Haýran eder dünýä mähir ýaýradyp,
Şol şäheriň tug deý pasyrdap durşy.

Ýyllar oňa hiç ýetirmez zyýany,
Sebäp oňa wagt hem aşyk-bendiwan.
Ol aşyklaň arassa, päk hyýaly,
Söýgi şonda ýaşap ýörmüş elmydam...

Aýlanaýyn şol şäheriň adyna,
Aýtsaň, aýdym bolýan başga atdyr ol!
Bagt berýän, gelen her bir adama,

Aşgabat!
Aşgabat!
Aşgabatdyr ol!


© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Makalalar | Görülen: 214 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.8/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 Мango • 17:13, 25.05.2023
bat alanda aşgabady görsün diýip gurlup berlen sallançak...
o sallançakda näçe bat alsa-da aşgabady görüp bilmän, atasynyň göwni üçin "çalaja görünýär" diýýän gyzjagaz...
haladym. ýürekden ýazylanja zat.

***

hawa... baglylyk başga zat. köne aşgabadyň merkezinde aşagyndan ýapjagazda suw akýan kölegeli köçeler maňa ähli zatdan eziz... iki gatlyja stalin arhitekturaly entegem iki-ýeke saklanan köne jaýlar...

ýadymda, gullukda (men sowet esgeri :-)) ýurtdan örän-örän uzakda käwagt elime kagyz alyp ashgabady guş bakyşyndan çekerdim, özümçe... köplenjem mollanepes teatryny, ýokardan görnüşini...
gyzykly...
minnetdar...
hää... günüň gutly bolsun aşgabat!
avatar
0
2 aygull • 17:50, 25.05.2023
Şol çeken suratyňyzy şu makaladaky surata derek goýup bilersiňiz. Çydap okanyňyz üçin muňa aňryýany bilen hakyňyz bardyr))
avatar
0
3 Мango • 18:05, 25.05.2023
wah, o surat ýöne bir bölek kagyza ruçka bilen çyrşalan zat-la... saklanan zat ýok. kagyz bilen söhbet eden ýaly zatla...

siziň ýatlamaňyzda o tejendäki howluda gurlan sallançakly ýatlama başga bir tejenli dost kişiň degişme bilen aýdan sözünem ýatlatdy...
şeý diýen bolardy:
- bilýäňmi näme üçin tejen-aşgabat arasyndaky ýoly bejerenoklar?
- ýok...
- tejenliler aşgabada gelmesinler diýip... :-)
- :-)
avatar
0
4 Мango • 18:07, 25.05.2023
bu makalany gazetler çap etdimi?
(gazetem okamyzok)
avatar
0
5 aygull • 18:09, 25.05.2023
Hawa. Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýram edilen ýyly çap edilipdi.
avatar
0
6 aygull • 18:10, 25.05.2023
Tejenliler kynçylygyň öňünde ýaýdanmaýalar,Mango. Ine men, meselem...))
avatar
0
7 Medicall • 01:58, 26.05.2023
ine şeýle ýazýany üçinem döredijiligini gowy görýän-da Aýgüliň, ýasamalyk ýok hiç hili, sadadan ýakymly, mähirli. Bir söz bilen AJAÝYP! Ataňyzam bihal adam däl eken-da, onsaňam ol ýeňiji bolmagyňyz, iň arzuw edýän ýeriňize ilkinji ädimiňizi ýeňiji bolup ätlemegiňiz - bu eýýam ykbal. jigiler bilen şeýle pursatlar bolagan bolýar:) makalany okap öz çagalygyma dolanan ýaly üýtgeşik duýga berildim..
avatar
0
8 Medicall • 02:33, 26.05.2023
"ýapjagazda suw akýan kölegeli köçeler"

şol ýerler göz öňüme gelip, ýüregim gyýylyp gitdi..
avatar
0
9 aygull • 08:06, 26.05.2023
Köp sag boluň!
avatar
0
10 Pero • 09:19, 26.05.2023
Hyýal menzilleri gepleṣiginde Aýgül,señ gatnaśan sanyñy görüpdim. Jadylanyp gördüm özümem. Gowy soraglara ajaýyp jogaplary beripdiñ. Atañ barada-da ýatladyñ. Garaz,gepleṣik ṣo gezek beter gyzykly boldy. Jañ edip aýdayyn diyip unudypdyryn,ṣu güne nesip eken. Ṣonuñ ün bu ajaýyp ýazgyñdaky arzuwçyl gyz tanyṣ geldi naña :)))
avatar
0
11 aygull • 09:54, 26.05.2023
Sag bol,Meňli))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202