Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:04
Arzyly myhman...

...Bu wagt onuň iş-aladasy ýetikdi. Saryýagyz gyz üç aýlap özüne gerek boljak goş-golamlaryny ýygnamagyň ugruna çykdy. Ine, dagdan agajyndan ýasalan daragy. Uzyn sary saçlaryny höwes bilen daraýan daragyny almasa bolmaz. Alyp, daragy goşhaltasyna aldy. Bu-da altynsow reňkli saýawany. Bulutlaryň özüni görüp, begenjinden aglajaklary ýadyna düşende, ýylgyrdy. Özüni begenç gözýaşlaryna ezmekden goramaly saýawany emaý bilen goşlarynyň arasyna ýerleşdirdi. Kitap, kitaplar...«Ol kämilligiň nusgasy dälmi nä? Kitapsyz onuň kämilligi yza gaýtmazmy?!» Şeý diýip, içini gepledip ýörşüne gyz gujagyny barlyk bilen ýoklugyň manysyny düşündirýän pelsepeli eserlerden, süýji gussa ýugrulan, her setirinden topragyň, ýapragyň ysy gelip duran goşguly kitaplardan doldurdy. Onýança otagyň çüňkünde duran gelşikli sübsesine göz düşdi. «Alsammy, almasammy?» Ýük bolmazlygy üçin ilki almazlyga göwün bölenem bosa, birden ýerde çaşyp ýatan sary ýapraklar göz öňüne gelende sübsesini alanyny kem görmedi. Wagtla-wagtal tebigata-da serenjam bermek gerek.

Tebigat diýende ýadyna düşdi, hany, onuň pagta ýyganda dakynýan akja öňlügi? Ol dessine otargyň burçunda duran haşamly sandygyny açdy-da, onuň içinden eplengi akja öňlügini aldy. Nesip bolsa, bu ýyl hem bereketli gelip, akja öňlügi ençeme gezek pamyk ýaly pagtadan dolar. Gulagyna aýdym aýdyp, pagta ýagýan gyzlaryň mylaýym sesleri eşidildi. Indi ol günlerem uzakda däl. Wiý, ýogsa-da ol hasyl baýramynda geýer ýaly gyzgylt-goňras mahmal köýnek hem tikinipdi dälmi? Sandyga gelşik berip ýatan mahmal köýnegi ýüzüne tutup, aýna bakanda Gün otagyň içinde dogan ýaly bolaýdy. Saçyny bezemäge mahmal köýnegi bilen sazlaşjak bugdaý hoşalarynyň şekilindäki şaýlary saýlady. Ähli zatlaryny jemläp, uludan bir dem aldy. Indi ýola düşmek üçin geýniberse-de boljak....
Iň gowy görýän zer nagyşly sary köýnegini geýip, uzyn sary saçlaryny birenaýy edip bogan bu gyz ýola çykanda durmuş öňki aýdyp duran aýdymyny kesdi-de, täze heňde, has mylaýym aýdyma başlady. Bu bolşa Gün nuruna meýmiräp oturan tebigat geňirgendi, gözlerini giňden açyp, töwerege ser saldy. Gözleri uly ýol bilen sülmüräp gelýän saryýagyz gyza kaklyşdy. «Ahyrsoňy gelýär!» diýip, içini gepletdi-de, uludan bir demini aldy. Tebigatyň uludan alan demi ýaşyl şemala öwrülip, baglaryň başyny yrady. Aýlanyp-aýlanyp, tans etdi. Ony-da az görýän ýaly, garagolluga salyp, bardy-da saryýagyz gyzyň negözel boglan saçlaryny çözläp goýberdi. Ýaýylyp giden uzyn saçlaryň reňki tutuş dünýäni sarylyga boýady. Bary-ýogy bir sekuntda bolup geçen ýagdaýy görmek däl-de, duýmak mümkindi. Şonuň üçin, öz işi bilen iki-ýana ibirt-de-zibirt gatnap ýören adamlaryň köpüsi muňa üns bermedi. Ýöne bu täsin ahwal, penjiresiniň ýüpek perdesini çala galdyryp, daşaryny synlaýan şahyryň gözünden welin sypmady. Ol begenjine «Güýz geldi» diýip pyşyrdady-da, onuň bilen salamlaşmak üçin ylgap daşaryk çykdy...

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 14:04, 31.08.2023
Elbetde, Güýzüñ ahwalyna diñe hakyky şahyrlar düşüner. Sebäbi Güýzüñ ýüregi şahyrdan,şahyryñ ýüregi Güýzüñ sahawatyndan, bereketinden püre-pür...

Sagbol Aýgül, ylhamyña bereket!
avatar
0
2 Балканов • 15:10, 31.08.2023
Salam Nurdan!
"Išdäňiz açyk bolsun!" pýesanyň dowamy bar-da, başy ýok-la. Näme bolduka?
Siz bilen habarlaşmak üçin haýsy adrese ýazmaly? (Men "Пользователь"-leriň arasynda näme üçindir. Profilimde bolsa "awtorlaryň"arasynda. Düşündirseňizläň!
Sag boluň!
avatar
0
3 Medicall • 15:29, 31.08.2023
Salam, pyessalaryñyzyñ dört bäş posty açyp, içinem boş goýupsyñyz, menem içi boş, ýer tutup baş sahypany bulaşdyryp duran boşlary öçürdim. Eger şonda pyessaly hem giden bolmagy ahmall. Soñky postuñyza başynam ýüklayiñ, herisi bir ýerde bölek duranyndan gowy bolar.

"Пользователь"-leriň arasyna haçanda saýta giren mahalyñyz görünýäñiz, awtorlarda bolsañyz begeniñ-da, ýa okyjylarda bolasyñyz gelýärmi?))

"Myhman depder"-e - ýazaýyñ
avatar

Старая форма входа
Total users: 203