10:15 Sensizlik | |
SENSIZLIK Sensizlik ýalňyzlyk däl-de, Sensizlik ýalňyşlyk boldy. Sen gelseň ýaz hem geljekdi... Gelmediň, gar-gyşlyk boldy. Özboluşly dünýäm boldy. (Gelmäňsoň wagty biläni.) Nämüçin meni tapmadyň, Meniň ýüregmiň diläni?!... Ýok, men zeýrenemok, çynym. Öz ykbalym hoşuma meň. Islän bolsam başgalara, bilerdim men goşulybam. Aldanmagy halamamsoň, Aldamagam ezýet maňa. Arassa ruh,tebigylyk Iň ullakän lezzet maňa. Tukat görünsem gynanma. Ol hälki...howaň täsiri. Hemme görünýän zatlara Ynanyp ýörşün nähili?! Sensizlik ýalnyşam bolsa, Ýalňyz bolmadym sensiz men. Başda kem ýalydym, soň-soň Bolup gitdim... bir kemsiz men. Aýgül GARAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
0
0
| |