Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:34
Saňa aýdasym gelen sözlerim...

SAŇA AÝDASYM GELEN SÖZLERIM...

«Nireden ýadyma düşdüň?» diýme sen,
«Salam!» diýmek üçin düşdüm ýadyňa...
«Tallaryň boýnuna tama öýmesin
saraý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Ýogsa, men böljekmi ünsüň-üşügiň?
Tekepbir bolsamam, bilýän düşünip.
«Gül göwnüňden öýke buldun düşürip,
ýagaý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Göwnüňe degenin geň görüp ýören,
Göwnüm nämelere döz gelip ýörer?!
«Men — Adam bolmagy öwrenip ýören
zenan» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Men maý tapsam, ugramakçy barybir...
Hiç bilemok adamlara garylyp.
«Bir gün ýarpy eser goýsam, ýarysyn
ýazaý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Biz bir gelýäs,
kepil ýokmuş ýenäge.
Bigadyrlyk bu gümanyň sebäbem.
Men welin, zat tapman seni deňäre,
«Halal!» diýmek üçin düşdüm ýadyňa...

© Aýgül BAÝADOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 153 | Mowzugy paýlaşan: Aygul | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 16:04, 07.05.2023
Tallaryň boýnuna tama öýmesiniň saralmagyna düşünmedim.
Gowja goşgy.
Berekella.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202