Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:04
Meni bahar ogurlady

MENI BAHAR OGURLADY

Meni bahar alyp gaçdy,
Özümiň özümi aňmaýan wagtym,
Aglamaly pursatlara düşünmän,
Gülmeli zatlara aglaýan wagtym.
Müýnsüz çaga wagtym,
Alaýaz wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...

Meni bahar alyp gaçdy,
Heniz goşgy-şygyr ýazmaýan wagtym,
Bulutlaryň suratyny çeksemem,
Şindi eger-eger ýagmaýan wagtym,
Sowuk wagtym,
Otsuz ýanmaýan wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...

Meni bahar alyp gaçdy,
Säher bilen guşlaň saýraýan wagty.
Meniň syrly ahwallary aňşyrman,
Birin beýlekiçe saýmaýan wagtym,
Entek harsal wagtym,
Juda ham wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...

...Bir elinde galam, birinde sazy,
Mele saçy örülendi gül bile.
Hem meniň ýitenim bilinmez ýaly,
Maňa öwrüp bir saýrak dil bilbili.
Heniz çaga wagtym, ençe ýyl ozal,
Meni bahar alyp gaçdy...

Ýöne men yzyma dolandymmy, ýok,
Ony bahar bilýär, özüm bilemok.
Çünki şol pursatda, hemem şu mahal
Ýüregimde ýaz meň, kalbymda bahar!

© Aýgül BAÝADOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 320 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 19
avatar
1
1 Kyyas • 14:00, 15.03.2023
Täsirlendiriji
avatar
1
2 Pero • 15:55, 15.03.2023
AÝGÜL, bu goşgyñy okap,ertekä düşen ýaly bolaýdym. Birinji surady hasam ýerine düşdi. Bir wagtlar dogrudanam bahar gowydy. Emma indi bahar hoş ýakman başlady näme üçindir
avatar
1
3 Aygul • 21:01, 15.03.2023
"Meni bahar ogurlady," bolmaly asyl nusgasy...(((
avatar
1
4 Medicall • 21:11, 15.03.2023
Muny öñ okamda halap alyp goýupdym, asyl nusgasyndan köp üýtgedimika?! Adyny üýtget diýseñiz üýtgederin:)

Ylhamyñyz joşup dursun!
avatar
0
5 Medicall • 21:13, 15.03.2023
Eger mümkin bolsa asyl nusgasyny okasak gow-a bolardy))
avatar
2
6 Aygul • 16:19, 16.03.2023
MENI BAHAR OGURLAPDY...

Meni bahar ogurlapdy...
Özümiň özümi aňmaýan wagtym.
Aglamaly pursatlara düşünmän,
Gülmeli zatlara aglaýan wagtym,
Müýnsüz çaga wagtym,
Ala-ýaz wagtym,
Meni bahar ogurlapdy...

Meni bahar ogurlapdy...
Heniz goşgy-şygyr ýazmaýan wagtym,
Bulutlaryň suratyny çeksemem,
Entek eger-eger ýagmaýan wagtym,
Sowuk wagtym,
Şindi ýanmaýan wagtym,
Meni bahar ogurlapdy...

Meni bahar ogurlapdy...
Säher wagty — guşlaň saýraýan wagty,
Meniň syrly ahwallary saýgarman,
Birin beýlekiçe saýmaýan wagtym,
Harsal wagtym,
Ham wagtym,
Meni bahar ogurlapdy.

Bir elinde galam, birinde sazy,
Mele saçy örülendi gül bile.
Hem meniň ýoklugym bilinmez ýaly,
Maňa öwrüp bir saýrak dil bilbili,
Heniz çaga wagtym, ençe ýyl ozal,
Meni bahar ogurlapdy ir bile...

Ýöne men yzyma dolandymmy, ýok,
Ony bahar bilýär, özüm bilemok...
Çünki şondan soňra ne aý, ne mahal,
Ýüregimde ýaz meň,
Kalbymda bahar...
avatar
1
7 ibrahimbadakhshan • 13:36, 17.03.2023
Gowuja goşgy, hasam redaktirlenen görnüşi jana ýakymlyrak. Aýgül jigim gaýrat, et, galamyň batly bolsun!
avatar
2
8 ibrahimbadakhshan • 13:38, 17.03.2023
Dostlar,
Mango daýy görünmeýär soňky günler!? Eýgilikdir belki!? Habaryňyz barmy? Jany sag, keýpi kökmüdir?
avatar
0
9 Medicall • 14:01, 17.03.2023
Bilmedik, @Ybraýym aga, belki işler bilen başagaýdyr, esasy saglyk bolsun, Mangoň pikirlerine, teswirlerine, postlaryna bizem sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Saglyk bolsa bolýa-la..
avatar
0
10 Мango • 03:02, 21.03.2023
menä, "alyp gaçdyly" däl-de "ogurlapdyly" wariantyny has haladym.

Bir elinde galam, birinde sazy,
Mele saçy örülendi gül bile.
Hem meniň ýoklugym bilinmez ýaly,
Maňa öwrüp bir saýrak dil bilbili,
Heniz çaga wagtym, ençe ýyl ozal,
Meni bahar ogurlapdy ir bile...

saýrak dil bilbil gyza öwrüldi.
gyz ýüregi ýaz bahara....
geň wakalar, geň öwrülişik.
bäş ýyldyza basýan.
Aýgül hanyma üstünlikler.
avatar
0
11 Мango • 03:05, 21.03.2023
Ybraýym däde, aladaňa minnetdar.
bardyrys, janymyzam şükür sagdyr.
käwagt ýitýän, soň tapyp getirip ýerinde oturdýan.
ýitmejek bolarys. sizem aramyzdan aýrylmaň.
avatar
2
12 Балканов • 15:39, 22.04.2023
Aýgül, seni bahar ogurlaman ýugrylapdyr. Onuň hamymaýasy gün-günden kuwwatlanyp, kämilleşýär. Tüweleme! Göz degmesin!
Sen alaja dakynmaly
avatar
1
13 Балканов • 15:52, 19.06.2023
Aýgül salam!
"Meni öwrüp bir saýrak dil bilbile" bolaýmasyn?! ("Meni bahar ogurlady").
avatar
0
14 aygull • 16:42, 19.06.2023
Salam Kakajan aga. Ýok, maňa öwrüp
avatar
0
15 Балканов • 18:16, 19.06.2023
Maňa şol setiriň manysyny düşündirsene!
avatar
1
16 aygull • 18:43, 19.06.2023
Goşgyny düşündirip bolýarmyka, Kakajan aga? Onda-da synanyşaýyn. Meni öwrüp...diýmek bilen, bahar ozalky meniň öňki içgysgynç ruhumy nirädir bir ýere ugradyp, deregine saýrak guşuň ruhuny saldy diýjek boldum. Başgalar bilmez ýaly, ol meniň diňe ruhumy üýtgetdi, ýüz keşbim şol öňküligine galdy.
Ýöne men yzyma dolandymmy, ýok,
Ony bahar bilýär, özüm bilemok.
Çünki şondan soňra ne çag, ne mahal,
Ýüregimde ýaz meň,
kalbymda bahar.
ýagny meniň üçin şondan soňra diňe bahar pasly dowam edýär.
avatar
0
17 sussupessimist • 07:34, 10.05.2024
Maňa öwrüp bir saýrak dil bilbili...
Bir sayrak dilli bilbili maňa öwürdi...

Bäh, indi şuň yaly yerbe-yer elementar sözlemlerem düşündirmeli bolupdyrow Aygül...
avatar
0
18 aygull • 15:09, 10.05.2024
Belki, men bilbile öwrüldim diýmelidirin-de, ony diýmän, bilbil maňa öwrüldi diýenim üçin hasap soraýandyrlar,Maksat?!
avatar
0
19 Seýrаn • 19:42, 10.05.2024
Ellenmedik görnüşi gowy ýaly eken. Aýgüliň galamy bildirýär. Owadan setirler bar-aý, berekella eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203