Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:22
Aşyk ýigidiň haty

AŞYK ÝIGIDIŇ HATY

Ýeri näme diýip, näme aýdaýyn,
Sütemkär gözleriň synagy niçik?!
Bar syrymy ýüze çykaryp barýar,
Rentgen deý, nazaryň içimden geçip.

Gabaklarňy serpen çagyň gözüňden,
Gözüme üýtgeşik ýakym çaýylýar.
Kalbym sema oýnap, sowan gursagym,
Seň naşyja näzikligňe çoýunýar.

Sen owadan, düýşegirginç owadan,
Kämil sen Mosartyň mukamy deýin!
Her säher seň höwesiňde oýanyp,
Seniň arzuwyňda uka gideýin.

Duşsam aljyraýan, senem aňýansyň,
Alajyn gözleýän sowarak gezmäň.
Ömrüm sakawlady saňa ýetende,
Dörtburç arzuwlarmy togalap bilmän.

Sen meni şahyrlyk hetdine eltdiň,
Söneňkirlän ylhamymy gorjalap.
Söz aýtsam,
.................... çem tapyp, eger aýdaýsam,
Ýeri, näme diýip berersiň jogap?!

Eger sözüm alsaň, ýürek näderkä,
Megerem, partlar ol bagta çydaman.
Ýöne «ýok» diýäýseň, estagfurylla,
Nirede, nähili dilärkäm aman?!

© Seýitmyrat GELDIÝEW
Çeşmesi: https://turkmengazet.com/asyk-yigidin-haty/
Bölümler: Goşgular | Görülen: 108 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 25
avatar
1
1 Мango • 15:30, 21.01.2023
söýýän-köýýänli goşgularyň köpüsi suwjuk bolýa hasaplaýan...
suwjuk bolmadyk bu goşguda ajap setirler kän ken.
===
1) Gabaklarňy serpen çagyň gözüňden...
2) Sen owadan, düýşegirginç owadan...
3) Ömrüm sakawlady saňa ýetende,
Dörtburç arzuwlarmy togalap bilmän.

Seýitmyrada üstünlikler.
gowy şahyr.
avatar
1
2 Мango • 15:36, 21.01.2023
"ýeri nämeler" barada...
goşgyň başyndaky "Ýeri näme diýip, näme aýdaýyn"-da mesele ýok welin soňundaky:

Söz aýtsam,
çem tapyp, eger aýdaýsam,
Ýeri, näme diýip berersiň jogap?!

-diýen ýerini birazajyk inçeldip seredýäň welin, şo ýerde "ýeri" diýmelimikä?
"Ýeri"-de bir dowamlylyk bar ýaly:
- men şeýtsem sen nädersiň?
- şeýderin
- beýtsem?
- menem beýderin
- ýeri, beýtsem nädersiň
- etseň, onda....

ýa soňky "ýeri" нарманна-my?
aý, ýo... o ilkinji gezek söz aýtjak bolýar-a.
avatar
1
3 Bagabat • 15:43, 21.01.2023
Taryhy fakt :-):
Adamzadyň taryhynda ilkinji bolup rentgeni Teýmirleň açypdyr. Özüniň ogurlykda tutulan üç sany hazynadar emeldaryny dardan asdyrmakçy bolup durka, olaň üçüsem zar-u-girýan:
-Beýik Emir! Bu işi biz etmedik, bize myjabat atýarlar-u-uw!!!-diýip bagyrmaga başlapdyrlar.
Şonda emir Temir tagtynda oturan ýerinden:
-Ýalan sözlemäň! Men siziň bäriňizden seredenimde aňryňyzy görýän!-diýipdir.
(Başga bir has 18+ wariantda: "agzyňyzy açsaňyz büzmegiňizi görýän" diýipmişem diýýäler. Ýöne biz ony agzamalyň. Sebäbi adatça çeper döredijiligiň personažlary diňe mymyjak, ýympyjak gepleýärler, köçedäki ýaly däl :-)).
avatar
1
4 Мango • 16:03, 21.01.2023
onno şötdürseňem-moljak:

Bar syrymy ýüze çykaryp barýar,
Teýmirleň nazaryň içimden geçip.
avatar
0
5 Bagabat • 16:07, 21.01.2023
Gowusy başlamaly :-).
Ýogsa häzir "Bozdumanyň toýnagy gyzar-da", Seýitmyradyň gül ýaly goşgusyny nemedip-nemedip göwerýäs-de, onam özümize mugtjak ýerden müdimilik opponent tutunyp äpberýäs :-).
avatar
1
6 Bagabat • 16:18, 21.01.2023
Ýene-de ýazasyň gelip, bagryň gijäberýä :-).

Teýmirleňinji çamalak

Çymmyllyk bir gün teýmirleňledi.
Nämüçin?
Sebäbi olam agsak, bu-da.
-Oň ýaly nemedilenok! Düzüwi “leňledi” diýmeli bolýa,-diýip onuň teýmirleňlemesini düzetdiler.
Ýöne nämüçindir Çymmyllygyň bu haly düzedenleri bilen düzelmän, şol öňki teýmirleňlemeligi bilen galyberdi.
Näme üçinkä?
Ýa ýene-de: “Hotakmyka?!”...
avatar
1
7 Мango • 16:25, 21.01.2023
aý, munyň-a teýmirlenlänler düşünä:mese...
ýöne, muny-wir hotak iwerä:me.
gaýrat et, goý dursun.
avatar
0
8 Анонимно • 16:26, 21.01.2023
aý, munyň-a teýmirlenlänler düşünä:mese...
ýöne, muny-wir hotak iwerä:me.
gaýrat et, goý dursun.
(menem anonimläp göreýinle şu-wezek)
avatar
0
9 Bagabat • 16:36, 21.01.2023
Hotak. :-).
avatar
1
10 Bagabat • 16:37, 21.01.2023
Şu sözi "absurdça tirmäge" ýardam BERILLINJI absurdjyklar :-):

8-nji çamalak

Çymmyllyk suwa düşdi.
Suwam oňa düşdi.
Muňa ol haýran galdy.
“Bäh, gör-ä muny! Suwa düşýänem men, suw düşýänem...”.
Bu bedüizzamana akyl ýetirjek bolup Çymmyllyk kän kelle döwdi. Şeýlebir kän kellesini agyrtdy welin, soňabaka kellesi agyryp başlady.
Kän agyrdy.
Bu-da ony haýrana goýdy.
“Bäh, bu nähili bold-aý? Agyrdylýanam şo bir kelle, agyrýanam şo biri... Görýän welin, bu dünýä diňe şo bir zatlaň dünýäsi öýdýän...”.
-Howwo-o...-diýip kimdir biri onuň pikirini tassyklady.
Howwo, howwo, bu sapar hiç hili “ýa-dasyz” ýa-da “belkisiz”, çypbakaý çyndanam aýtdy.
Kim?
Hotak.
Gelşenog-a.
“Kim?” diýen soraga “Pylany” diýlip jogap berilýär. “Hotak” diýen jogap bolsa “Niräk?” diýen sowalyňky.
Gelişmän geçsin.
Barybir: “Hotak!”...

Çymmyllyksyzynjy çamalak

-Muň ýalammyr zat bo:my? Birinjiden-ä “...syzynjy” diýer ýaly, “çymmyllyk” diýen san ýok. Ikinjidenem özi çamalak boljak bolsa, ol hökman çymmyllykly hem-de çymmyllyk hakda bolmaly.
-Nämmolman-aý? Bolar bolar etseň bolar barar-da. Özüwir çamalak bor-da, oňammyr “...syzy” ýa “...lysy” bo:my diýsene?! Çamalak çamalak bolar-da. Eýläk ýatsaňam, beýläk ýatsaňam.
-Bolmaz-aý şol-a! Ýa-ha bolmalysy ýaly bol. Ýa-da düýbünden bolma!
-Hotak!
-Munyňa wäpşe-de bimany gep!
-Bolsun! Barybir: “Hotak!”. Onsoňam ine çymmyllyksyzam çamalak bol-da. Ýazylsa boldugy bor-da. Şoň üçinem bü “Çymmyllyksyzynjy çamalak” bolýa. A siz bolsa: “Hotak!”.

Tymsallynjy çamalak

Çymmyllyk, ady taryhda galar ýaly ýörgünli tymsal döretmek isledi.
Ýazdy:
-“Beýniň ýollary kötel, akyllyňky hasam, akmagyňky ondanam beter”.
Okadylar-da soradylar:
-A seňki?
-Düýpgöter,-diýdi.
-Nädip?-diýdiler.
-Şeýdip,-diýdi.
-Onsoň?-diýdiler.
Diýdi:
-Hotak!
avatar
2
11 Мango • 17:04, 21.01.2023
– bular nirden?
– hotaýdan.
– hotaýdan gelen, hotagam gider edämegin inniwir.
– bellisi ýok.
– nämäň?
– hotak!
avatar
3
12 Medicall • 17:15, 21.01.2023
-Ne gözel goşgyñ işinemmir gördüñiz! Baryñ ikiñizem geçiñ weyläk!!
- niräk?
-Hotak!

:D
avatar
2
13 Bagabat • 17:19, 21.01.2023
:-) Soňky döwür özümi bir zadyň üstünde tutdum. Nämüçindir parazit sözleri kän oýlap tapjak bolýan.
Ýöne häzire çenl-ä biziňkileň :-) oýlap tapan sakyrtga-sözleri doly manysynda şo bolanok. (Gelişmedi, “parazit-söz” ondan has “tagamly”. “Mammyllyja” diýýär-ä çagalar :-)). Hakyky parazide öwrülmegi üçin ol söz ýörgünli bolmaly. Mysal üçin:
-Maladys Atabaý!
-Nemäň ogly!
-Gel-gel!
-Hemme ýer gulply.
-Görrrraý-dä!
-Noýýýawyrrrrda!
-Salowma! Näil-ow bulokdakla:! we ş.m.
Bir jümlämiň parazit söz bolanyny aýtdylar: "Bylaň bo:p börüşlern-aýt!".
Indem şü "Hotak!" bolsa, diýmek onda, orus akgalar aýtmyşlaýyn: "жизнь удалась" bolýamy? :-(
avatar
1
14 Мango • 17:21, 21.01.2023
Çymmyllyk suwa düşdi.
Suwam oňa düşdi...
===
Çymmyllyk suwa düşdi.
Suwam oňa düşdi.
Suw gorkdy.
Çymmyllakdan.
"Beýlede bir çamalaksyz Çymmyllyk bolar ekeni!"
Şonda Çymmyllyk çamalaksyzdygyny bilip galdy.
Çymmyldakda çamalak ýokdy.
Çamalak Çymmyllyksyzdy.
– Yzy.
– Nämäň?
– Ertekiň.
– Gitdi.
– Nirä?
– Hotak!
avatar
2
15 Bagabat • 17:23, 21.01.2023
"Bylaň bo:p börüşlern-aýt!" diýsene, @Nurdan! :-)
avatar
1
16 Bagabat • 17:26, 21.01.2023
Ýaşuly?! :-)
Tüweleme, senem ýuwaş-ýuwaşdan ugruňy laýyklap, bizkiçeläp başlajak özi :-).
avatar
1
17 Мango • 17:39, 21.01.2023
Ol ugruny ýitirdi.
Nirde ýitireninem bilmedi.
Aljyrady.
Birden asmandan ses geldi.
Ses Çamalagyňkydy:
– Maňa tarap ýöräber!
– Niräk?
– Hotak!
Ol hotaraba ýöräberdi.
Görse, öňünde ýitiren ýoly.
Ol ýoluny tapdy.
Ýalam Ony tapdy.
Begendiler, birleşip gidiberdiler.
– Nirä?
– Hotak!
avatar
1
18 Bagabat • 17:44, 21.01.2023
Çamalagyňam ynsan keşbine gireninden Çymmyllygyň habary barmyka?
Ýa olam diýäýermikä:
-Ýeriň ýüzünde entegem öýlenmedik bar-ow! :-)
avatar
2
19 Medicall • 18:06, 21.01.2023
-bo:p diýmañ, gaharm joşýa!
-nämüçip?!
-beýlãk ugradyanlary
üçip!
-niräk?!
-Hotak!
avatar
2
20 Medicall • 18:13, 21.01.2023
Ýollaryny tapyp ýöräp baryakalar yzlaryndan yetip soradylar:
-niräk?
Nätjeklerini bilmän yza ýöräp ugradylar: - Hotak!
avatar
2
21 Bagabat • 18:15, 21.01.2023
Ýörejek ýoluny tapman, bylaň bo:p börüşlern-aýt! :-)
avatar
1
22 Bagabat • 18:18, 21.01.2023
Aýtdym-a men, "Degmäliň!" diýip!
"Bozdumanyň toýnagy gyzsa" saklatmaz, diýýäd-ä, Sapar Köse akgamyz!
Seýitmyrat gardaşyň negözel goşgus-a-ha duranjawyr: "Hotak!" boldy :-).
avatar
0
23 Мango • 18:20, 21.01.2023
indi "aşyk ýigidiň hatyna" "ýeri näme diýip, näme aýdyp-bo?"
söz aýtjak ýokmy?
avatar
1
24 Bagabat • 18:26, 21.01.2023
Aý ýaşuly, indi aýdara zat galan däldir.
Aýdyp-aýdyp göwün solpusyndan çykdyk öýdýän.
Bir hepdeläp aýtjagymyzy aýtdyk, nesip edenden.
Indi bir dilemeli zat, şu kommentleri Seýitmyrat gardaşyň özi okap, göwni galmasa bolýa :-).
avatar
1
25 Mekan • 21:58, 21.01.2023
Goşgyny haladym. Delje söz düzümleri ýerlikli ulanylypdyr. Duýgy bar.

Jemleme bira-aazajyk, çut-çut, ikirjiñletdi.

Kommentler dogrusynda: hezillik bolupdyr. Absurt bolsun, kitaby (gazeti) bolsun, yazsañyz gyzykly bolya. Goşgyny okap bir lezzet aldym, aşakylary okabam yene bir. Arasynda bozdumanyñ sagrysynda 40 gamçy döwüp duruñ.

Sag boluñ, ýylgyrtdyñyz.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202