20:35 Yşkyñ yhsany | |
YŞKYÑ YHSANY Meň janymyň jany iki, biri-sen, Beren bagtyň iki dünýäme ýeter. Sen dünýäde maňlaýymdan dirediň, Söýdüm men ruhyňy teniňden beter. Men gapjyksyz galstukly galandar, Müýnli men, Röwşeniň sygryn iýen deý. Göz öňümde boş durmasyn galamdan, Aýna bulgur boş durmasyn, guý-eý meý! Owurtlaýyn, ogurlaýyn hoşuňdan, Ýyly hem öl posaň dady bikenar. Aşyk aklym uçup hüýli başymdan, Ahmal, bolup ýörendirin bikemal. Güldir öýdüp, oda-köze örtenip, Kebelekdir, çökmesin her teneçir. Sypap, sermäp, guçup gezjek el tenip, Ýyllar ýygryp, çekmesin ter ten ejir. Goýalansoň söýgi ötýär ekeni, Ilik ýaly derman-melhem atardan. Goý, ol onsoň yşka aýak sekeni, Gije örtemesin, kem-kem atar daň. Bedenmiziň tarypyny goýaly, Söýgi görk-görmegi däldir her mesiň. Teni däl-de, ruhumyzy söýeli, Hiç zat söýgimize päsgel bermesin! Seýitmyrat GELDIÝEW. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |