22:34 «Soýuz hem Garaşsyzlyk» – okuwçykam ilkinji gazanan üstünligimiň serpaýy | |
«SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK» – OKUWÇYKAM ILKINJI GAZANAN ÜSTÜNLIGIMIŇ SERPAÝY Her ýylyň güýzünde Garaşsyzlyk baýramy gelip, ýaşyl baýdagymyz has belentden parlanda, meniňem aňymda okuwçy döwrümde bolan bir waka baýdak deýin parlap gidýär. Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän şu ýubileý ýylynda bolsa, men şol taryhy wakany okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildim... ...1993-nji ýylda 6-njy synpda okaýardyk. Şu günki ýaly ýadymda: ýaz günleridi öz-ä. Fizika mugallymymyz öýe tabşyrylan ýumuşlary synpyň bir ujundan barlaşdyryp, maňa tarap ýetip gelýärdi. Edil öňümdäki partada oturan synpdaşymyzyň depderini barlap durka, gapy kakyldy. Işikden iňlis dilinden okadýan Tamara mugallym mekdebimiziň pioner wožatysy Tylla bilen, iki bolup girdiler. Tamara mugallym çalgyrdyrak gürläp başlady: – Bize şu Geldiýew gerek. Etrap boýunça geçirilýän ders bäsleşigine iňlis dilinden gitmeli okuwçymyz ýarawsyz diýdiler. Şunuň bilşem ýaman däl. Direktoryň habary bar, gyssagly gitmeli – diýdi. Etrabyň şähere golaý mekdepleriniň biriniň howlusyna girenimizde agaçlaň kölegesinde elleri kitaply-depderli özümiz deň-duş okuwçylar hümer eken. Eli «Iňlis dili – 6» ýazgyly kitaply bir oglanjygyň ýanynda oturgyja çökdüm. Boýnumy süýndirip, näme okasa, menem şonuň açan sahypasyny okaýan. Bir sagat çemesi wagtdan soň iňlis dili boýunça ders bäsleşigine girmeli okuwçylaryň familiýalary okalyp başlandy. Ahyry «G» harpa-da ýetdiler. Girdik. Dört sany sowala jogap ýazdyk. Topik ýazmakda maňa «Our capital» (Biziň paýtagtymyz) diýen tema düşüpdi. Ýazyşdyrdym. Çykdyk. Günortandan soň okuwçylary, mugallymlary mekdebiň öňündäki meýdança üýşürip, ders bäsleşikleriniň netijelerini okap ugradylar. Içimden «Aý, iňlisçe saýrap oturan okuwçylar bar. Munça okuwçyň içinde baýrakly orna düşesim ýok-la. Üçünji orun dagy berilse-de monça boljak. Mugallymlarymyzy begendirip bolaýsa...» diýip, öňe çykyp Hormat haty bilen sowgat alýanlara gözigidijilik bilen seredip durun. – Iňlis dili boýunça 6-njy synplar: 3-nji ýer – Mary etrabynyň pylanynjy orta mekdebiniň okuwçysy Pylanyýew Pylany! El çarpyşdylar. «Boljak däl-ow» diýdim içimden. – 2-nji ýer – Mary etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Geldiýew Seýitmyrat! «Bäh, etrapda başga-da 3-nji mekdep, ondada atdaşym dagy barmyka?» diýýän içimden. Tamara mugallym: – Idi, wyhodi – diýip, arkama kakdy. Öňe çyksam hamana ýalňyşlyk bolaýjak ýaly, ysgynsyz ätledim. Her ädenimde ýumry-ýumry daşlary çykyp duran betonyň ýüzünde sandalym taýyp barýan ýalydy. Ilki Hormat hatyny, soňam bir çelpek ýalyjak kitap gowşurdylar. Begenjimden dylym-dylym eden bolsam gerek. Birinji orna mynasyp bolan gyz öňe çykyp, sowgat-sylagyny alanynda özümiň ikinji orna mynasyp görlenime begendim. Sebäbi onuň sowgady küýzejik, meniňki bolsa kitapdy. Kitabyň ady: «Soýuz hem Garaşsyzlyk», awtoryda Täçgeldi Gutlyýewdi. Ol ýyllarda häzirki ýaly kompýuter ýa smartfonlar ýok. Bary-ýogy iki sany ýaýlymdan görkezýän «Gorizont» telewizorymyzam hemişe düzüw işlänok. Öýümizde 40 – 50 sany kitap bardy. Üç dogan bolup, ejemiň okamaýan kitaplaryny paýlaşyp okaýardyk. Çaga agyrartyk iş buýrulanok, her kimiňem etmeli işi kesgitlengi. Mellekden mallara ot ýygamsoň, kileň boş bolýardym. Boş wagtymam, köplenç, kitap okardym. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji ýyllarynda uly adamlaryň üýşen ýerinde öňki soýuzyň hem garaşsyzlygyň gürrüňi gyzyşansoň, entek syýasy wakalara akyl ýetirerden oglan bolsamam, «Soýuz hem Garaşsyzlygy» uly gyzyklanma bilen elime aldym. Hawa, üstesine-de, bu kitap meniň ilkinji gazanan üstünligimiň serpaýydy. Kitaby okadygymça soýuzyň hem garaşsyzlygyň parhy, getirilýän deliller, sanlar, maglumatlar, suratlar, wakalar... özüne çekdi. Enem pahyr ömrüniň agramly bölegini soýuz döwründe ýaşan adam. Ol ilki-ilkiler «Okama. Okasaňam, hiç kime görkezmän okaber. Heý, ýumruk ýaly çaga-da şular ýaly kitap bererlermi?!» diýip zeýrenerdi. Kitaby okap bolup, eneme mazmunyny gürrüň berdim. Bir-iki aýdan soň elimde ýene «Soýuz hem Garaşsyzlygy» görüp, «Ýaş kelläňe agram salma» diýerdi. Ozal ertekidir Rejepmyrat Durdyýewiň «Oragatdysy» ýaly çeper eser okap ýören oglan bolsagam, bu kitaby okamsoň, töwerekde ýaşulular üýşüp, şu temadan gürrüň gozgasalar, gulagymy gabardyp oturardym. Maý tapdygym, Täçgeldi Gutlyýewiň sözleri bilen gürrüňe goşuljak bolardym. Käte goňşularymyzyň arasynda öz sözüni gögertjek bolýan ýaşulularyň käbiri «Tur, ýok bol. Ulularyň gürrüňine goşulma. Sen nämä düşünýäň şu wagt?!» diýip, kowardy. Emma soňa-baka özleri jedele girselerem sözüni kitapdaky maglumat bilen tassyklamak isleýänler: «Eý, Orazyň ogly, gel, hany, bärik» diýip, meni çagyryp ugradylar. Ýyllar geçdi. Garaşsyzlygyň eşretine, bähbidine ähli halk düşündi. Soň ýigit çykybam, ulalybam oglankam ders bäsleşiginden sowgat alan kitabymdaky sanlary, delilleri, maglumatlary gürrüňdeşlikde ulanyp ýörmelem bolmadym. Ol maglumatlary, wakalary, belki, «Soýuz hem Garaşsyzlyk» atly kitabyň awtory, halypa žurnalist Täçgeldi Gutlyýewem ýatlap ýörmeli bolan däldir. Sebäbi soýuz döwründe doglan her bir türkmenistanly-da Garaşsyz Türkmenistanyň erkinliginiň, eşretiniň tagamyny hiç bir diýdimzorlugyň boş wadalaryna çalyşmaz. Ençeme ýyldan soň žurnalistika hünärinden bilim almak höwesi bilen paýtagta gadam basanymda, 12 ýaşly oglankak mekdep okuwçylarynyň ders bäsleşiginde «Biziň paýtagtymyz» diýen temadan iňlis dilinde ýazan şol ýazgymdaky sanaýmaly söz bilen beýan edilýän şäher däl-de, mermere beslenen ak paýtagtymyzyň çagakak okan ertekilerimiz esasynda hyýalymda bina bolan şähere çalymdaşlygy hakda pikir etdim. Bu beýik Garaşsyzlygyň serpaýydy. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Erkin döredijilik mekanyna» talyplyk tejribesini geçmek üçin köp gatnardyk. Bu ýerde çagalyk ýyllarymda garaşsyzlyk hakyndaky ilkinji okan publisistik eserimiň awtory, žurnalist Täçgeldi Gutlyýew bilen ilkinji gezek gabatlaşanymda, salamdan soň «Sag boluň!» diýdim. Hawa, «Soýuz hem Garaşsyzlyk» kitaby üçin çagalygymdan bäri göterip ýören amanadymy — «Sagbolsunymy» köp ýyllardan soň eýesine gowşurdym. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara beslenýän ýylynda, has dogrusy sentýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünärinde okaýan talyplara žurnalistika boýunça güýjümiziň ýetdiginden mugallymçylyk etmek niýeti bilen gapydan ätlänimde-de, institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetinde halypam – Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täçgeldi Gutlyýew bilen gabatlaşanyma az begenmedim. Begendim hem kybla seredip, içimden «Ene, men şol kitaby ýazan adam bilen bir ýerde işleýän» diýip pyşyrdadym. © Seýitmyrat GELDIÝEW, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory. Çeşmesi: https://www.iirmfa.edu.tm/storage/app/uploads/public/615/6d6/2bb/6156d62bb3e0e058738302.pdf | |
|
Ähli teswirler: 16 | |
| |