22:16 Özümçe | |
ÖZÜMÇE Sogabymdan algyly bar, Men bolsa öz eden günälerimi, Bilip we bilmän eden günälerimi, Unudyp bilemok. Bilgeşleýin dogulmadym, Bilgeşleýin ýaşabam bilemok. Ýöne goşgyny bilgeşleýin ýazýan, Näme üçinliginem bilýän. Sogap, günä – ine, şu iki düşünje, Adamlaryň terezisi. Haýyr bilen şerem Şu iki düşünjäňe düşenjesi. Sogap edip adamlara ynandym, Günäkär mahalym güýjedi güman. Soň günä öýdenmi ýeňilleşdirdim, Men şeýdibem günä etdim. Umuman, „tobaň atasy diri, tobaň atasy baky“ – diýip, ýene garadym güzeriň ýakasyndaky, Saçyn sallap oturana, turýança Ýalançy çyna öwrüldi, Perişdäm jyna öwrüldi. Dünýäniň täreti ir bozulypdyr, Gowak, çatma, küme, kepbe, kerpiç jaý, Siwilizasiýa ösýär häli, Oýlanyp tapýarys täze terezi. Ýalançy tutulmaýar dostlar! Geliň, Gije giňeýär hütdügim. Goşgy bir okaşalyň-la, Hutma-hut çyksamam utdugym. Seýitmyrat Geldiýew | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |