Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:47
"Biz şeýdip ýaşarys"

"BIZ ŞEÝDIP ÝAŞARYS"


Bu hepde ýurdumyzda tutuşlygyna medeniýet-sungat, edebiýat hepdesi. Hepdäniñ şu günem ajaýyp gün. Sebäbi bu güne mundan dört gün öñ doglup: "entek taýym dogulmandyr, menem şol dogulynça sessizje, ýuwaşja bolup garaşyp ýatyberjek, bu dünýa şonsuz içgysgunç" diýýan sõýgüli Şahyrymyz Aýgül Baýadowanyñ, hormatly ýazyjy-şahyr, sport synçysy, žurnalist Merdan Baýadowyñ doglan gúnleri. Bu iki ýazyjy-şahyryñ maşgala bolup, doglan günleriniñem hut şu hepdäni içine almagynda-da tötanleýinem bolsa döredijilik nyşanyny salgy berýan ýaly gowy duýgy döredýar.
Edebiýat Kafemiziñ administrasiýasynyñ adyndan hormatlanýan Aýgül, Merdan Baýadowlary tüýs ýürekden gutlap, awtorlaryñ, ýazyjy, şahyr dostlarynyñ gutlaglaryny okyjylarymyza ýetirýaris :


© Seýran OTUZOW:

- Her tanyşlyga bir zat sebäp bolýarka, döredijiligiň üsti bilen tanşyp, yzam dostluga ýazyp gitse ýürekdeş dostluga öwrülip bilýän eken. Şeýle boldy biziňem Merdan we Aýgül bilen tanyşlygymyz. Biziňki dostlukda galdy, Merdan bilen Aýgül bolsa, has çuňlaşdylar. Bir görsem eýýäm, öýlenmäge çenli baryp ýetdiler, bize-de toýlaryna gatnaşaýmak galypdy.

Biz şu dünýä üýşmeleň döretmek üçin gelmedik, doguldykmy, ýaşamagam başarmaly. Aýratyn ukyp berlipdir: ýazmak. Ýöne bir doguldym etmän, döredijilikli ýaşaň indi. Yzynam alyp çykyň. Sizi hezil edip okaýan. San bolsun diýip döredeňizok. Şoňa juda begenýän. Görjegiňiz gowluk bolsun, dostlar!

© Nurdan:

- postuñ adyny "Biz şeýdip ýaşarys" diyip almagymyñ belli sebäbi bar, Aýgüli maña ilkinji haladan goşgy:

BIZ ŞEÝDIP ÝAŞARYS...

Ikimiziň gürrüňimiz gutarmaz,
Ýazanlarym bilen, diýjegim bilen.
Men gündizleň pyrlanyp
tans ederin,
Goşgy dörederin gijeleň bilen.

Öňler Sen dünýäde barsyň öýderdim,
Asyl, dünýä Sende ýerleşýän eken!
Sen hakynda ýazmaklygyň lezzeti,
Watan, hut jan bilen deňleşýän eken!

Sen bagtyýar, onsoň menem bagtyýar,
Başym gurban ak Güneşiň dogşuna.
Men şindem begenip, dünýä sygamok,
Şol gün säher gujagyňda dogşuma.

Munda ýalan zat ýok,
«ýalan» diýilýän,
Subut edilmedik çynlar ahyry!
Menem biz hakynda bir zady bilýän.
Aýtmasam, ýüregme sygmaz ahyry!

Sen-ä dünýe dursa, durarsyň baky,
Meňem adym başga ýerde tutulmaz...
Biz şeýdip ýaşarys,
hemem hiç haçan,
Ikimiziň gürrüňimiz gutarmaz!


Aýgüliñ bu goşgusynyñ Watany söýmegiñ nusgasy ýaly ýañlanyşy meniñ Aýgüliñ döredijiligine hormatymy artdyrypdy.

Soñ, "Ýüregim bir dutar" "Gözleriñ ýakyn" şeýdip goşgulary Aýgüli real tanamasamam maña juda tanyş, ýakyn söýüp okayan Şahyryma õwürdi. Görüp otursam Merdan Baýadow Aýgüliñ ýanýoldaşy ekeni. Merdanyñ hekaýalaryny beýleki saýtlardan okaýardym, özüm Sport lukmany bolup işlanligimden Merdanyñam Sport žurnalistidigini hem bilýardim, gazet, žurnallarda makalalaryna gabat gelýardim. ýöne real ýa-da wirtual tanyşlygymyz ýok.
Kafemizde Aýgüliñ bolmagy, soñ Merdanyñam bolmagy bizi begendirýar. Sebabi Aýgül çyn ŞAHYR, ýürekdeş maslahatçy, hakyky edebiýatsõýer , yhlasly dost, ajaýyp zenan... Saýtymyzda ýaş awtorlaryñ döredijiligine berýan bahasy, pikirleri edebiýata uly goşant bolup durýar, edebi pikirleriñ giñemegine ýardam berýar. (Geçirlýan bäsleşiklerimizde-de Aýgüliñ maslahatlary, sesleri bize zerur wagty uly kömek, ine şunuñ ýaly gutlaglary başlanam hut Aýgüliñ ajayyp teklibi (mysal: Seýranyñ doglan güni.)
Ýene-de bu edebiýat sütünleri barada aýdara zat köp,, indiki ýyllarda ýene gutlamak miyesser etsin arzuwym bilen
Edebiýat maşgalasyna maşgala agzybirligi, döredijilik üstinligi, ogul-gyz bagtyna guwanmak, il-günüñ, Watanyñ geregine ýaramak buýsanjy ömürlik hemra bolsun!!
Ömrüñiz uzak bolsun, gadyrdanlar!

© Meñli AŞYROWA:

Aýgül,huşum gursun! Şunça ikimiziñ ilkinji gezek haçan duşuşanymyzy ýada saljak bolýan, ýadyma düşenok. Belki señ ýadyña düşýändir. Aslynda biz hiç haçan otyryp,ine-gana adaty ýa döredijilik gürrüñini edip otyrmaga mümkinçilik tapmandyk. Ýöne men señ dogruçyllygyñy,gönümelligiñi gowy göremsoñmy,ýa jynym alansoñmy,garaz bir ýerde bir zadyñ çyksa sypdyrman okardym. Sebäbi señ erbet ýazmajagyñy bilýädim. Häzirem şeýle. Seýrek ýazýañ. Emma okyjylaryñ saña garaşýandyr diýip biljek. Şol okyjylañ birem özüm.
Merdany dogrusy tanamok. Ýazýan zatlary bilenem soñky döwür tanyşdym. Haýran galdym. Tüweleme edebi dili juda ýiti. Alla tarapyn berlen güýçli zehini,"kemine dili" bar,bildirýär. Käbir adamlar oglanlygynda ýiti dilliligi bilen tapawutlanýar. Käbirleri diñe ýazanda şeýle. Merdan haýsysy bolsa-da hökman ýazmaly adamlardan. Poeziýasynda-da bir meñzetmeden aýñalyp ýetişmänkäñ,ikinjini,üçünjini....sugşurýar.
Ikiñiziñ hem doglan günüñiz bilen gutlaýan.
Goşa garratsyn!
Çagalaryñyzyñ bagtyna,abraýyna guwanyñ!
Döredijilikde joşgun diýen närse hiç peselmesin!
Ömrüñiz sagdyn,manyly,uzak bolsun!

© MANGO:

Merdan bilen Aýgüli diňe döredijiliginden,
- hekaýalaryndan, goşgularyndan tanaýan. Onam bu saýtyň kömegi bilen. Döredijilikli maşgalanyň birleşdirilen doglan günlerinde olara jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny, arzuwlaryna haýyrlysy bilen ýetmeklerini we zehin durulygy bilen ajap eserler döretmeklerini arzuw edýärin.
Görjegiňiz gowy bolsun, iki dünýäňiz abat bolsun.

© Mukam MUHAMOW:

- Dogulmagam gowy welin, doglanyňa begenilmegi — has gowy. Doglanyňyza begenýäs, Merdan aga, Aýgül gelneje! Ýürekleriňiz, ykbalyňyz ýaly, doglan günleriňizem ýakyn eken. Size millionlap bagtly pursatlary, şonça-da şatlygy arzuw edýäs. Maşgala agzybirliginde, perzentleriňiziň barynda, jan saglygynda gowudan gowy günlere ýetiň. Biz siziň ikiňizem söz bilen ýürek bejerýän "kardiologlaryň" hatarynda görýäs. Buýsanýas!

Uzak ýaşaň, Sözüň aşygy bilen Sözüň magşugy!

--
M.Muhamow"

© Sylapberdi MUHAMOW:

- Türkmen edebiýatynyñ goşa bagt ýyldyzy
XXI asyr türkmen edebiýatynda göz giderlik iki ynsan - Merdan Baýat bilen Aýgül Garaýewa. Men bu iki ynsan hakda bir gowy zat aýdyp biljek. Bular edebiýata durmuşy şeyle üýtgeşk görkezip, durmuşda hem gyzykly romandaky gahrymanlar ýaly ýaşap ýören mähribanlar.
Edebiýatyñ bu bagtly jübitleri hakda jübit jümle aýdyp goýasym gelýä; Aýgüliñ poeziýasy, uç-gyraksyz çöllükdäki oazis ýaly jadylaýjy täsir döredýär. Merdanyñ prozasy bilen tanyş okyjy onuñ hekaýalarynda özüne ýurekdeş dost-ýar tapyp bilýär.
Bu gün Merdan inime, Aýgül gelne ömür menzillerinde, ýene bagtly günler, aylar, ýyllar, şatlykly bagtly pursatlar arzuw edýän.
Döredijilik dünýäñizde durmuşyñ durkuny düzäp duran dür dänesi deýin pikirleriniz köñüllere teperrik bolsun!
Ömrüñiz uza-ak, bagtagtly bolsun

© Maksat BÄŞIMOW:

- Merdan – ýazyşyna gözüm gidýän az sanly ýazyjylarymyň biri. Gahrymanlaryny döredişine, başgalaryň aýratyn hekaýa etjek zatlaryny ýekeje ownujak detalyň üsti bilen berip bilşine, durmuşdan tapyp bilýän sýužetlerine haýran galýan.

Onuň gahrymanlaryna – «Iljan bilen surata düşen» oglanjyklara-da, Sapby kepderä-de, Makgy bilen Maksa-da, çarçuwa sygjak bolup, özboluşlygynyň uly bölegini ýitirimeli bolýan är-aýala-da... durmuşda häli-şindi gabat gelýän. Ýöne men olary tanamok. Olar öz günleri, öz aladalary, dramalary, kiçijik şatlyklary, ullakan tragediýalary bilen ýaşap ýörler. Biz olaryň köpüsini daşyndan görüp ýörüs, deňinden geçýäs, olar bilen gatnaşyk saklaýas. Merdan welin bize rentgen şöhlesi ýaly, olaryň ruhuny tomografiýa edip berýär, olaryň kalbyndaky döwük-ýenjikleri, düwnük ýaly çişe öwrülen ýerleri tapmaga iterýär. Şol bir wagtyň özünde-de, ol eserlerde hiç hili garaňkylyk ýok, olary ýylgyryp okaýaň. Bu häki bir durmuş ahyry diýýäň. Heh heh, bulaň bolan bolup ýörşünäý diýip, başyňy ýaýkan bolýaň. Ýöne içiň adamlara bolan söýgiden, duýgudaşlykdan dolandygyny bilmän galýaň.

Merdanyň hekaýalary maňa atmosferasy boýunça köne italýan neorealizminiň kinolaryny («Welosiped ogrulary», «Kabiriýanyň gijeleri», ýa bulara görä biraz täzeräk düşürilen «Malena»), hem-de serb režissýory Emir Kusturisaň kinolaryny ýadyma salýar («Жизнь как чудо», «Папа в командировке», «Помнишь ли ты Долли Белл»). Adam hemme ýerde-de şol bir adam.

Şeýle durmuşy görkezeniň üçin hem-de şeýle adamlar bilen tanyşdyranyň üçin sag bol, Merdan Baýat! Uzak ýaşa, dostum, özüňem, çagajyklaryňam janlary sag bolsun, eserleriňem yzy gür bolsun!

Aýgül, sizem doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýan! Size bolan hormatym iki esse uly, sebäbi siz edebiýatymyza iki esse goşant goşýaňyz: bir-ä öz eserleriňiz bilen, birem şeýle gowy ýazyjyň muzasy hökmünde ))

Uzak hem bagtly ýaşaň! Bagt sözüniň birneme utopik, abstrakt zatdygyny bilýän. Adam 7/24/31/365 bagtly gezip bilenok. Dünýäde, aslynda, hiç hili aladasy ýok adamam gamlanmaga sebäp tapyp biler. Şonuň üçin men size realizmden daşlaşman, aladalaryňyzyň juda ujypsyzja bolmagyny, begençli günleriňiziň has köp bolmagyny, siziňem, çagalaryňyzyňam janlaryňyzyň sag bolmagyny, hassalyklaryňam häki bir dümewjikden, çaaa-laja gyzdyrmadan çökder bolmazlygyny, saçagyňyzyňam bereketli bolmagyny arzuw edýän! Hemem haýyşym, bizi täze eserleriňiz bilen begendirip duruň.

EDEBIÝAT KAFESI 26.06.2024
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 177 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aýgül Garaýewa, Merdan Baýat | Рейтинг: 5.0/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
3
1 Seýrаn • 14:08, 26.06.2024
Bu ýerik ýazyp gutlasaňyzam bolýar, halaýyk.
avatar
4
2 aygull • 14:18, 26.06.2024
Sag boluň, ADAMLAR!
Hakyky döretjek günlerimiz entek öňdedir, nesip bolsa! Bizi sylany Alla sylasyn!
avatar
3
3 Medicall • 15:05, 26.06.2024
Meñliñ gutlagam posta goýuldy
avatar
3
4 Merdan • 17:45, 26.06.2024
Tüweleme, sag bolyñ dostlar. Begendirdiñiz.
avatar
2
5 aygull • 17:46, 26.06.2024
Ezizim, diňe dostlaň däl.
avatar
3
6 paragraph • 18:20, 26.06.2024
Iki dünýäňiz abat bolsun!
avatar
3
7 Kerim • 19:01, 26.06.2024
Gowy sözler bilen gutlasym gelýär welin başarjaň zadyň däl. Biz obada diýidleri ýaly "bizem aýdylanlara goşulýar". Şular ýaly zehinli ynsanlar köp bolsady käşgä... Merdan aga, Aýgül ýeňňe uzak ýaşan!
avatar
2
8 Seýrаn • 19:07, 26.06.2024
Merdan, Aýgül bir zat diýdi ýele ýanyň.
avatar
4
9 Pegas • 00:37, 27.06.2024
Merdan aga, Aýgül, gutly bolsun täze ýaşlaryňyz. Size maşgala abatlygyny, maşgala bagtyny, saglykly ömür sürmegi arzuw edýän.
avatar
1
10 @Baýram_Bejidow • 17:11, 27.06.2024
Uzak we manyly ýaşañ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203