21:34 Sapby "Kepderi" | |
SAPBY “KEPDERI” Adam her hili ýagdaýa düşse, düşäýýän ekeni, ýogsa menem-ä toý-märeke goýman tükelläp ýörenlerden däl, setanda-seýranda bir säwlik bilen işden sypynan wagtyma gabat geläýmese. Yakyn garyndaşlarymyň toý-tomgusyna görünmegem maňa hyllalla. Şol gezek welin, bagtym işläp ýatymlaýyn oba toýa gitmäge wagt tapaýdym. Öýlenýänem−Begenç, öňki işdeş, gowy gatnaşýan oglanymyz. Bizi gaty oňat garşy aldylar. Işlän döwrinde Begenjiň ýanyna häli-şindi gelip gidýän obadaşy Arslanam öňümize düşüp gara-gadyr. Toý görmedigime köp wagt geçendenmi, nämemi, Begenjiň toýy meň üçin-ä gaty şowhunly göründi. Toý sowluberende Arslan meni we ýene iki sany işdeşimizi beýleräge çekdi-de: −Häzir hemmämiz bize gideris. Men toý eýeleri bilen sagbollaşyp çykaýyn−diýip, içeri girip gitdi. Arslan gitdem wein, edil ýerden çykan ýaly, daşyndan ejizräk görünýän, çypar sary, özümiz deň-duş töweregi bir oglan peýda boldy. Ol gele-gelmänem: −Oho-o, Aşgabatly myhmanlar, men sizi gözläp ýörün-ä. Siz bu gije meňkä gitmelisiňiz, men Begenje söz berdim ,,Aşgabatdan gelenleri özüm myhman alýan” diýip. Şoň üçin bu gije sizi hökman özüm myhman aljak−diýip, çynyrgadyp barýar. Entegem wagtynda Arsan geläýdi. Ýöne bizi bu oňaýsyz ýagdaýdan alyp çykdy diýäýmeseň, Arslanam meseläni çürt-kesik edip bilmedi. Çyparyň ady Sapar bilen dahylly bolaýmasa, Arslan ony Sapby diýip atlandyrdy. − Sapby, bi oglanlar bilen men, Aşgabatda bile işleşdim, aňyrda gatnaşyp oturşyp-turşup ýören oglanlarymyz. Indi öz obama gelenlerinde oglanlary men myhman almasam uýat bolar-a, seň özüň pikir edip gör? Men şu toýda bar wagtym, olary başga birine berip goýbersem nähili bolar-aý? Sapby biraz böwrüni diňlän ýaly etdi-de: −Onda näme Begenç näçe wagt bäri maňa aýdyp ýör, ,,Aşgabatdan gelenleri sen myhman algyn” diýip? Men näçe wagt bäri täýýarlyk görüp ýörün. Ýa-da nämüçin sen erkek ýaly öň aýtmadyň maňa? −diýdi. Men Sapbynyň gürleýşinden oň biraz içgililigini duýdym. “Içgili adam bilen deň bolmaýyn” diýdimi, ýa “Göwni üçin öýüne degip geçäýeli” dýenem bolsa bilmedim, garaz Arslanyň baştutanlygynda biz Sapbylara ýöredik. Daşyndan seretseň bir otagdyr diýibem pikir ederiň ýaly däl welin, Sapbyň öýi üç otag dagy bar ekeni, Giren ýeriňde insizje eýwan, ol aşhana ýerine-de ulanylýan bolarly, bir çüňkünde köneje gaz plita goýlupdyr. Eýwanyň her tarapynda bir gapy, ýagny hersi bir otag. Biz eýwanda köwşümizi çykaryp çepdäki otaga geçdik. Ornaşyp otyranymyzdan soň, Sapby orta saçak ýazdy we üstünde gapysy açylyp-ýapylyp lagşan göwresini sag tarapdaky diwara ýaplan köneje şifonerden kagyza dolanan mel çykardy-da, saçagyň daşyna çyzyp çykdy. Soňam çykyp gitdi-de, birhaýukdan iki bitin, birem ýarty çörek hem iki sany käse alyp geldi. Oň biziň ýanymyzda ýaňy bir oturjak ýaly edenem şoldy welin, gapy açyldy-da bir çagajyk otaga kellesini sokup: −Sapby daýy-y-y, mamam saňa gel diýýär−diýdi. Onýança ýene bir çagaň kellesi göründi-de, olam edil şo habary gaýtalady −Daýýy-y, seni mamam çagyrýar. Sapby: -Barýan häzir diýip başdan sowma etdi Daýylary wagty bilen barmansoň, ýaňky çagalaryň ekabyrragy, ýene geldi: −Daýy, mamam saňa ,,myhman gelende goýulýan süýjüni alyp bersin diýýär”. Çaga tamakin nazaryny Sapba dikip, gapydan giren ýerinden butnaman duruberdi. Sapby silkinip ýerinden turdy-da, ýegenleriniň elinden tutup otagdan çykyp gitdi. Soň esli wagtlap ne Sapby geldi ne-de “myhman gelende goýulýan süýji”. Bir salymdan soň bir garryja daýza eli demlenen çäýnekli içerik girdi. Ol diňe çöňňelen gözlerine däl, boýnuna, egnine, garasaý, tutuş özüne agram salyp bizi eglibräge-de synlap durşuna herimiz bilen saglyk-amanlyk alyşdy. Bizem edep bilen gezek-gezegine salam berdik. −Be-e, siz bu töweregiň oglanlary däl öýdýän? −Ýok, bular Aşgabatdan gelen myhmanlar-diýip, Arslan garra jogap berdi. −Hä, Begenjiň toýuna gelendir bular. Wah-eý, Sapby jan maňa nämüçin myhman getirjegini öňünden duýdurmadyka? Hany, çaý içip oturyň. Men biş-düşüň ugruna çykaýyn. Arslan sypaýçylykly gürledi: −Ýok, Maýa daýza, azar edinip oturma, biz häki bir salamlaşyp geçäýeli diýdik, häzir öýe ugrajak bolýas. Daýza birbada: −Hä, şeýlemi ya?-diýdem welin, birdenem bilmezlikde diýmesiz zady diýip soňam, diýenine ökünýän ýaly: − Ýok-ýok, oňam bir azary bormy? Aşgabat ýaly ýerden gelen myhmanlary gury agyz ugradyp bolmaz− diýip, eşidäýmegimizden howatyrlanýan ýaly, eşdiler-eşdilmez mydyrdady. Ol zordan ýerinden turup, moýmuldap barşyna, lagşan göwresini sag diwara ýaplan köneje şifoneriň sag tarapky gapysyny jygyldadyp açdy. Açylarna mähetdel şifoneriň aşak gözinden aýal-erkek, çaga eşikileri garym-gatym bolup, daýza tarap agyp gaýtdy. Daýza olara bir seretdi-de, şifoneriň ýokarky gözünden içi kagyzly-kagyzsyz süýjüli gapjagazy çykaryp, saçaga goýdy. Megerem bi, hälki agzalan “myhman gelende goýulýan” süýji bolsa gerek. Diýmek, bu bize edilýän uly hezzetden nyşan. Garry ýene moýmuduklap gitdi-de, pytrap ýatan eşikleri ýygnap yzyna salmak bilen başagaý boldy. Men onuň bir ,,Artyp, agyp gaýdaýdy-da” diýenine düşindim, galany ýöne düşüner-düşünilmez bir hüňňirdi bolup eşdilýär, arasynda bize:,,Alyň, çaý içip oturyň”diýmänem unudanok. Çaý içmäge bolsa, ýeterlik käse ýok. Öňümizde bary-ýogy iki sany käse bar, bir çäýnegem çaý. Biz bolsa, Sapbyny hasaba almanyňda dört adam. Arslan ýerinden gobsunyp: -Alyň, siz paýlaşdyryp guýuşdyryberiň. Häzir Sapby gelse, bizem turarysla-diýse-de,oň ýüzündäki toý keýpiniň gaçyp başlany bildirip dur. Men çaýy şabryp iki käsä guýdum-da, ýoldaşlarma geçirdim. Daýza-da agdarylan geýim-gejimleri yzyna salansoň: -Siz arkaýyn çaýyňyzy içiberi-diyip jaýdan çykyp gitdi. -Bul-a birhili boldy, aý häzir gelsin hany, öýe gideris- diýip, Arslan biynjalyk bolup başlady. Bärden bile baran oglanlarymam maňa seretýärler, menem näme diýjegimem bilemok. Öý eýesiniň eglenmesem dogrusy geň. Boldy boldy Arsana boldy görgüli gahardan ýaňa hum ýaly çişdi, biziň ýanymyzda kime ajysyny pürkjeginem bilenok, hem bize teselli berjek bolýar. Entägem Sapby gapydan giraýdi, elindede üç sany ulyly-kiçili käse. Arslan otyran ýerinde öý eýesiniň ýüzine ajysyny serpdi. -Öýiňe adam çagyryp, öziňem çykyp giderberýäňeý, nähili adam sen?! -Menem şoň ugrundow dost. -Ugrunda wagtyň edýän işiňmi şü,? -Näme bolupdyraý… -Näme boljakdy… Arsalan biraz sözine dyngy berjek ýaly etdi-de, -Adam çagyrjak bolsaň taýýarlyk görmeli ilki-diýip ýüzini kesä sowdy. Içgilem bolsa şonda Sapbynyň ýüzi erbet gyzardy. Oturan ýerinden gobsunyp ykjamlananyna garamazdan iki ýana yrandy, Boýnuny iki egniniň arasyna gysanyna garamazdan, sag tarapa gyşardyp, hem-ä naýynjar hemem gahar gatyşykly nazaryny Arsanyň dik depesinden inderdi weli. Dogrusy özimiz uýalyp gitdik. -Häzir hemme zat gelýär, men jaň etdim. Onsaňam sen goşulma bolýamy, öz işiň bilen bol. Sapby şeý diýip ýaha delalat isläp, ýada edil Arslanyňky ýaly nägilelik bizdede barmy ýa ýoklugyny bilmek isläp iki ýanyna garanjaklady. -Näme gelýär. Arslan gaharly sorady. -Aňyry-bäri, iýip-içgi. -Ahow o zatlar öň getirlip goýulmaly zatlarow jan dogan -Saňa näme agyr ýeňili bar, myhmanlary goýda gidiber -Goýuba gidäýemok şolary, alypjyk giderin. Biz üçimiz bir-birimiziň ýüzümize seredip näme diýjegmizem bilemizok, gaty oňaýsyz ýagdaý. Asyl näme edeniňde gowy boljagyny hem bilemizok. Biriniň öýine gelip saçagyna at dakyp otyrsaňam gowy däl. Onda-da bolsa: -Aý hemme zat gül ýaly, gysynar ýaly zat ýok Arslan. Sapby senem artyk azar edinme, bize bir irdene çenli süýner ýaly ýer bolsa bolýar. Toýdanam garnymyzy doýuryp gaýtdyk. Diýdim Aslynda bolsa üçimizem itiň ajy. Toýda hem oňňutly iýen zadymyz bolmady. Iýeýin diýeňde hem aňyrňa ymykly gonaýjak zat ýok, her gapjagazda iýmidiň diňe “ady bar”. Aý garz şo zat barmy-bar edilen. Haýsy zada el uzatsaň gaby boşajak bolup duransoň, adam pahyr “Gap başadyp otyran adam” diýdiresiňem gelenok. Onsoňam birhili asyrynlyk bilen töwerege seretýäsem welin, asyl işdä bilen orta ymtylýan ýok. Herkim degdim gaçdym çümmikläp otyr. Onsoň bizem çekinýäs. Ol ýagdaýam gaýtyp işdäňi açyp ät goýýan ýaly birzat. Hany toý sowulansoň naharyňa bir alajy bolarla diýip pikir etdim dogrusy… -Ýok häzir gelýä ýolda, ýolda. Sapbyň sypaýçylygy ýene-de Arslanyň ýarasyna duz bolup degdi. -Eý nähili adamaý sen, utanoňokmaý, menem masgara edýäň myhmanlaň ýanynda, -Masgara bolmajak bolsaň ana gapy -Seň öýiňi gözüm-gaşym çekibä gelmändi, heleý ýaly myňňyl-myňňyl edip alyp gaýtdyň. -Men seni alyp gelmedim, myhmanlary alyp geldim, it ýaly bolup öziň yzymyza düşip gaýtdyň. -Oglanlar turaly gitdik, Arsalan çydamady. -Oglanlar bilen işiň bolmasyn Sapby ýerinden turdy, Aşakgy dodagy öňe çommalyp, süňňi bilen sandyrady -Hä näme meni ýeter-ýetmez hasap edýäňmi, myhman sowup bilmez öýtýäňmi, puluňa buýsanyp myhmanlarmy aljak bolýaňmy, -Eý aşkakan men saňa adam dilinde aýdyp duryna, şu bolup durşymyz hiç kime abraý däl, gowysy masgara boluşyp durmazdan gideli… Eli jamly daýzanyň jaýa girmegi bilen ara ümsimligi saldy, bir jamda gowurulan kädi, ýene kiçijek jamda dogralan sogan, megerem işdäaçar deregine bolsa gerek. Dik durany üçinmi nämemi elindäkileri Sapba berdi. Hälki gelen çagalaryň ulyjasy kürsäp içeri girdi-de, orta bir gysym çemçe goýyp gelişi ýaly yzyna gitdi. Daýzada ýagdaýy aňan bolary saçagyň başyna ymykly ornaşdy. -Hany nahara başlaň oglanlar, nesip edeninden. -Maýa daýza biz häzir ýöremekçi, azar edinmeli däl ekeniň. Diýip Arsan çörek döwip otyrşyna sypaýçylyk etdi. -Ýöreseň öziň ýöräber, menä öýime gelen myhmany saňa berip goýberip menem öli däl. Diýip Sapbam şol depen ýeri. -Men öýde taýýarlyk göripdim-dä, Maýa daýza. Arslan delalat isleýän ýaly daýza seretdi. -Menem taýýarlandym näçe wagt bäri. Sapby ýene goşuldy -Taýýarlanşyňmy şü? -Saňa bildirýän ýeri barmy şo zatlaryň -Aý saňa gep düşindirip bolmaýalaý -Onda güm bolda git-dä.. -Wahh.., Senä edäýmelisi belli welin… Arslan sag eliniň ýumrugyny, çep eliniň aýasyna uryp başyny ýaýkady. -Hany etsene göreýli, ýaman öziňe göwniň ýetýän ýalyla. Sapabam galarly däl. Daýza çydam edip otyryp bilmedi. -Sapby goý sesiňi, samsyk heý öýiňe gelen adamam kowarlarmy, güm bol diýmäň näme. -Eje özi başlaýara, kemsitjek bolýarda adamy -Dogry aýtýar myhman getirjegiňi öň aýatmaly ekeniň taýýarlyk görerdik Sapbara gepläre zat galmady, men welin ýer ýarylsa girmäge taýýar. Gaty oňaýsyz ýagdaý.Sapba aýdylýan her söz gelip maňa degýän ýaly. Birzat diýmägede çekinýän. Sapby bolsa ýene ýeň bererli däl -Häzir oglanlara aýtdym, kamertskiden aňry-bäri alyp gelýäler, eje sen ony alada etme ony, bar işiň bilen bolyber. Daýza oňa ünisem bermedi-de, Arslana ýüzlendi: -Sen oglum myhmanlaryňy öýiňize alyp gidäý bu günlikçe, bize ertir geläýerler. Arsalanyň gökdäki dilegi ýerde gowuşanam bolsa, bu habar Sapbyny serpmeden gaýdan ýaly etdi. -Aý näme boldaý hemmäňiz maňa garşy. Daýza göwinligem berjek boldy -Ertir çagyraýarys, hemmämize gowy bolar -Men näme etsem bolmaýar, tersine bolaýmaly, näääme etseem. Sapby gahar bilen ýerinden turdy-da gapyny şarkyldadyp ýapyp gitdi.Biraz dymyşlyk aralaşdy. Men iki sany ýoldaşyma seretdim, olaram mendenem beter, ýygyrlyp ýere giräýjek bolup otyrlar.Birzada diýesim gelýär, ýöne teý näme diýmelidigini bilmäni ýaýdanyp otyryn, ýene-de Arslan dillendi: -Maýa daýza biz ýöräýli, birhilegemä boldy welin, oglanlaram dogry düşinerlerdä. Biz Sapbydana zady gaty göremizok. -Wah ol görgülem, her kim myhman alsa alasy geläýendir-da, öňinden aýdan bolsaha bir alajy bolardyla. Bizede duýdurmandyr-da. Myhman almak diýlen zadyňam özi bolmaýar, şu wagt iki adama gel bäri etjegem bolsaň aňsat däl.. daýzaň zeýrenjini diňlemek gaty kyn, nireden geldik diýdirdi, gowrulan kädinem iýdikmi-iýmedikmi bilmedim, asyl hiç kimiň nahar bilen hoşy ýok. Töwir galdyrlyp, daş çykanymyzda hem Sapby biziň ýanymyza gelmedi, hatda şol töwerekde hem ýok. Men birhili hoşlaşman gitmegi dogry däl hasap etmedim. Ýöne ýok bolsa nätjek, daşa çykansoňam daýza bize aýagaldygyna süýji sözlerini aýtmadyny dowam edip, gowydan gowy zatlar aýdyp hoşlaşyp galdy. Arslanlar gelemsoňam, kän otyrlyşygyň şowhuny gyzyşybermedi, ýa meň üçin şeýle boldymy bilmedim. Hyzmat edilşiniň kemi ýok, saçakda adyny tutan zadyň bar üç nahar dagy çekdiler. Sapba bolsa gynanýan, zat diýmesizden gaýdanymyza hasam gelşiksiz boldy, Arslandan usullyk bilen Sapbyň telefon belgisini soradym -Aý şoň emtesä bolmaly mende. Ol telefonyny dörişdirip bir belgi aýtdy, soňam -Sapby kepderi diýip belläý,Şeý diýmeseň bärde Sapby kän, kepderi diýseň tanamaýan bolmaz, her kim tanaýar. Maňa onuň lakamy gaty gyzykly däl bolansoň näme üçin beýle diýilýär diýip soraýmandyrynam. Jaň etsem bolsa ol öçirlen ekeni. Belgini welin telefonyma “Sapby kepderi” diýip belläp goýdym… …Ondan soň agyz dolduryp aýdar ýala wagt geçmedi, bolsa iki ýyl ýa bolandyr, ýa bolan däldir, işden gelýärkäm dykylyş awtobusda edil alkymyma giräýjek bolup maňa gysylan oglan ilkä gözime gaty tanyş göründi, birdenem ýatladym, hakyt ýadyma salaýdym şol Sapby, Sapby kepderi. Men tanyşlygymy aňlatjak bolup ýüzüne ýylgyryp seretdim. Ol bolsa biraz yza tesdide, ýüzini kese sowdy. Bar güýji bilen aňryk sümülmäge dyzady, olam bolubermänsoň, ýüzini ymykly aňry öwürdi. Ýuwaşlyk bilenem maňa seretýär, çaky tananymy ýa tanamanymy anyklajak bolýar. Diýmek Sapby kepderi meni ymykly tanady, ýöne uýaljyna tanamadyk bolýar. -Näme etmeli? -Tanatjak bolaga-da “Men şol myhman alan oglanyň” diýsem ýenede oglan kemsizmezmi,köne ýarany sen gozgap näme etjek diýsene, – aý ýok ol ýerde uýalyp-ýygrylar ýaly zat bolmada, adamçylyk bolýan zat. -Onda sen nämeden ýygrylyp ýere giräýjek bolup, öziňi günäkär hasap etdiň, ýa-da onda näme üçin şu wagta çenli Maýa daýzany unutmany gelýäň, beýle ähmiýetsiz bolsa unutda goýberda. -Aý özä birhili… Men öz özim bilenem ylalaşyga gelip bilmezden, Sapbyny agyr dertden gutarmagyň alajyny edesim geldi. Çalaja egnine kakdymda: -Dost şu awtobus wogzala barýarmaý? Diýip soradym -Ýok, ýok. Sapbynyň ýüzi ýagtylyp gitdi, gözleri nurlandy. Üstinden agyr alada aýyrlan adama meňzedi. -Bu awtobus teke bazara barýar, sen gowysy birinji parkda düşip galda, pyýada baraý wogzalyňa. Ol şadyýan we degişme bilen aýtdy. Soňam tä birinji parka ýetýänçäk, nurlanan ýüzini äpişgeden gelýän şemala tutyp arkaýyn geldi, ol häzir uly bir aladadan gutuldym, ýagny meni we şol hereketlerimi bu oglan düýbinden unudypdyr diýip pikir edýäni ikiuçsyz, şo karara gelmegine bolsa özim sebäp bolanyma gaty begendim. Gör onuň rahatlygyny görmek meniň üçin nähili lezzet. Ugruma dogry gelmesede birinji parkda düşmeli boldym, Sapby bilenem nätanyşlarça hoşlaşdym. Seýilgähiň bär çetinden girip dyzepere çökdimde telefonymy çykaryp “Sapby kepderi” diýlen belgini öçirdim. Tötänlikdenem jaň gidip zat edip Sapbyny utandyraýmaýyn diýip eden işim bi. Ýöne men bu wagt has uly işi eden adam, özimiň unudanlygymy Sapbyň öňinde subut edip berdim. Bu maňa teselli, emma öz hakydamdan welin, tentekligine garamazdan bizi myhman almagy çyny bilen höwes eden Sapbyny we, Onuň ýalňyşyna ýere giräýjek bolup utanyp oturan Maýa daýzany hiç wagt çykaryp bilmerin. © Merdan BAÝADOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |