Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:30
«Ejeň gowumy, kakaň?»
«EJEŇ GOWUMY KAKAŇ?»

Bu günem adatdakym ýaly, ýaňy ýedi aý bolan gyzjagazymy goňşyma tabşyryp, uly gyzym bilen oglumy alyp gelmek üçin çagalar bagyna ýelk ýasadym. Ikisiniňem elinden tutup, ýaňy bir çagalar bagynyň derwezesinden daşary ätlänimizem şoldur, gyzym sakga durup sorag berdi.
–Eje, kakam işden geldimi?
Bu soraga entek doly gürläp hem bilmeýän oglum hem şolbada gulagyny üşertdi.
–Ýok, gyzym, kakaň entek işden gelenok.
–Ýo-o-o-k, «Geldi» diý, eje-e, «Geldi» diý. Kakam işden gelsinnnn!
Gyzym keçjallygyna tutup, aglamyşlamaga başlady. Onýança, oglumam elimden sypdy-da, ýöräp gelýän ýanýodamyzdan batly ylgap öňe gitdi. Bu, meniň «Kakaň gelenok» diýenime görkezilýän garşylykdy.
Men başga näme etjegimi bilmän, elimi telefon ýaly edip, gulagyma tutdum-da, kakalaryna jaň eden boldum.
–Merdan, çagalaryň «Kakam gelsin» diýýär, geleňokmy? Hä, «Gelýän, ýolda» diýýäňmi? Bolýa, bolýa, derrew gel onda.
Çagalary ýalan gürrüňiň güýji bilen köşeşdirip, ýöräp ugranymam şoldy welin, öňümizden çykan kakalarynyň tanşy bar mazany aldy. Adama tomaşa gerek-dä! Ol salam berdi-de, gyzym bilen ogluma lak atan boldy.
–Balajyklar, akyllyja bolýaňyzmy? Terbiýeçiňize azar bereňzok gerek?
Çagalar ýerli-ýerden başlaryny ýaýkadylar. Ýöne onuň soňky beren soragy çagajyklaryň ýarasyny gozgady.
–Hany aýdyň, çagalar, ejeňizi gowy görýäňizmi ýa kakaňyzy?
Jogaplar hoşuna gelen bolarly, ol çasly sesi bilen «Kakamy, kakamy gowy görýän!» diýip gygyrýan gyzyma, doly düşünmese-de, kakasy hakda gürrüň edilýänine düşünip «Kakga-kakga» diýip, käkeleýän ogluma gülümsiräp seretdi-de, sagbollaşan bolup gitdi...
Beýnidäki surnukdyryjy döredijilik gözlegleri, bedendäki durmuş hysyrdylaryndan, kadaly alynmaýan ukydan ýaňa dowam edýän üznüksiz ýadawlyk, üstesine-de, kimdir biriniň seniň çagalaryňa berýän çylkasyz soraglary...Bularyň hemmesi üýşdi-de, damagymy dolduryp, ähli ysgyn-mejalymy aldy. Üns bereniňe degmeýän zat ýaly görünse-de, şeýle soraglaryň, ilki bilen, çaganyň beýnisine ýaramaz täsir edýändigi hakynda oýlanamda bolsa, ýaňky adamyň yzyndan baryp, onuň ýüzündäki hoşamaý ýylgyryşy pozup aýraýasym geldi.
***
Şol wakadan soň şol manysyz sorag, ony bermegiň zerurlygy ýa dälligi, jogabyň haýsy bolanda kime lezzet berip biljekdigi hakyndaky pikirler meni öz günüme goýmady.
Bu soraga gaty köp çaganyň «Kakamy gowy görýän» diýip jogap berjegi-de ikuçsyz. Çünki kakanyň çagalary üçin aýyrýan wagty ejäniňkä garanyňda örän az hem arzyly. Ol wagt, köp bolanda agşam 7-den irden-7-ä çenli. Onuňam 6-7 sagadyny gijeki uka aýyrsaň, onda aňyrda 6 ýa 5 sagat galýar. Eger kaka ýatymlaýyn işleýän bolsa, onda çaga sarp edilýän wagt mundan-da az bolýar. Onsoň şojagaz wagty çagalaryň bilen süýjije gürleşip, dükanlara aýlanyp, gezelenç edip geçirmek, elbetde hezil. Emma ejäniň wagty çagalaryndan daşgary öýüň arassaçylygyndan başlap, biş-düş, kir-kimir işlerine hem ýetmeli. Ol onuň daşyndan bir ýerde işleýän bolsa-ha, baýaky. Onsoň çagalaryň ejeden erteki aýtmagy haýyş edenlerinde onuň «Häzir däl, soňrak, elim boşanda aýdyp bererin», ýa bolmasa «Daşaryk gezmäge çykaly» diýenlerinde, garşy çykmagy ejäni çaganyň gözlerine çagasynyň islegine bakmaýan adam edip görkezmegi-de ähtimal. Dagy hem, çaga bu wagt, eger ejesi onuň kellesini dyzyna goýup, saçlaryny sypalap erteki aýdyp berse, agşam naharynyň bişirilmän galjakdygyny, ýa-da öýleri arassalap ýetişmejekdigini nireden bilsin?!
Çaganyň talaby ýaşyna görä ýylsaýyn däl, günsaýyn üýtgeýär hem köpelýär. Sen hol gün şu nahary gowy iýdi, bu günem şony bişirsem gowy iýer diýip, azap baryny siňdirip bişiren naharyňa «Men diýýänim däl–ä» diýip ýüzüni turşardyp oturan çagaň ilki hoşamaý söz bilen ýüzüniň turşusyny aýyrmaly, ondan soňra eýlesine-beýlesine geçip, onuň näme iýesiniň gelýänini bilmeli, ondan soňra bolsa hälki nahary beýlä süýşürip, onuň iýerin diýip söz beren naharyny bişirmegiň ugruna çykmaly. Egin-eşik meselesinde-de şeýle, çaganyň bökjekläp, öz halap aldyran eşigini geýdirmek hyllalla bolýan wagtlary-da az bolmaýar. Şeýle ýagdaýlar belli bir derejede ejäniň artykmaç wagtyny alyp, degnasyna hem ýaramaz täsir ýetirýär. Beýle hili ýagdaý aýda bir gezek ýa hepde-de bir gezek bolýan bolsa ne ýagşy, emma olaryň günü-güni gaýtlanyp durýandygyny, özi-de onuň çaganyň sanyna görä köpelýänini, dogan bolsalaram, her çaganyň häsiýetiniň düýpgöter başgadygyny hem nazara alsaň, onda köp maşgalada näme sebäpden, kaka garanyňda, ejäniň käýinjeň bolýandygy öz-özünden düşnükli bolýar.
***
Gyzym arada daýzasy bilen markede aýlanyp ýörkä, käbir zatlary görkezip, «Bulary ejeň bilen geleňde almaly, bulary bolsa kakaň bilen geleňde almaly» diýip görkezipdir. Hakykatdanam, marketde özüne gerekmejek zatlary tutup duran çaga gep düşündirip, harydy alman gaýtmak ejä başardýar, emma kaka başardanok. Çagalary alyp, markede çykmaga hyýallanýan kakalaryna ejäniň «Gerekmejek zatlaryny alyp berýämewergin» diýýän tabşyrygy, çagalaryň gulagyna «Hiç zat alyp beräýmewergin» bolup eşidilýär. Emma kaka welin, «Ýanymdaky pulum diýjek zatlaryna ýetmän durmaz-da, hernä» diýip ätiýaç etmek bilen, eýýämden olaryň islegi bilen gerekmejek zatlary almaga taýyn.
Gaňryşlaryna gaýtman, näme diýseler berjaý edip ýörseň, çaga üçin senden eziz adam ýok.. Çagalar bagyndan gelip, şol egnindäki eşikleri bilen gezip ýörmi, ýeri, gezäýende näme? Öňünde goýlan zady tertipli iýip bilýän halyna, dökän-saçan edip iýäýipdirmi, ýeri, iýende näme? Oýunjaklaryny oýnap bolup, olary ýygnaşdyrasy gelenokmy, ýeri, ýygnamasa-ýygnamasyn, biri gelip, barlap durmy? Eje çagasynyň bu hereketlerini onuň özüne düzetdirmäge çalyşsa, kaka çagasynyň bu hereketlerini onuň çagadygyny aýdyp, aklamaga çalyşýar. Elbetde, ol çaga, ýöne nahala-da ol nahal diýlip ösüp bag bolýança ideg edilmän gezilmeýär, nahaldygy üçin ondan miwä-de garaşylmaýar. Ýöne ony geljekde bol miwe berjek bag bolup ýetişmegi, dogry ösmegi üçin timarlaýarlar, gerekmejek şahalaryny aýyrýarlar, oňa wagtly-wagtynda, dökün hem suw berýärler. Çaga terbiýe bermek hem edil şolar ýaly, wagtynda kesilmedik şaha–ýaramaz endik soň çagada berk häsiýet bolup ornaşyp galyp biler. Wagtynda düzeldilmedik ýalňyş – gerek wagty guýulmadyk suw ýaly çaganyň şahsyýetini göýdük edip biler.
Bu babatda çaga psihologiýasy öwrenmek bilen meşgullanýan psihologlar çaganyň diýen etmezek bolup ýetişmeginiň düýp sebäbiniň ene-atadan gaýdýandygyny aýdyp, şulary belleýärler.
1. Ene-atalar ilkibada çagalaryny hemme zada höweslendirýärler, olaryň ähli diýenini edip, islän zatlaryny alyp berýärler. Netijede, çaga bu ýagdaýa ymykly öwrenişýär we soňlugy bilen, özüne edilýän gadaganlyklara razy bolman başlaýar. Edil şonuň ýaly, käýinçlere hem baş galdyrmaýar.
2. Çaga haýsydyr bir telek işi eden wagtynda käýelmeýär, temmi berilmeýär, netijede, çaga öz eden işiniň ýalňyşdygyna düşünmeýär we jogapkärçilik çekmeýär.
3. Läliksiretmek, çaga yzygiderli, ýüregedüşgünç üns bermek çaganyň şahsy dünýäsini daraldyp, özbaşdaklygyny ösdürmäge böwet bolýar.
4. Ene-atalaryň nädogry göreldesi. Mysal üçin, çagadan nahar başyna geçende elini ýuwmagy talap edip, özüň nahara eliňi ýuwman geçmek we ş.m.
5. Terbiýede «Bolýar» we «Ýok!» sözleriniň kesgitli ulanylmazlygy.
6. Çaganyň terbiýesiniň esasy bölegini başgalaryň, meselem, çagalar bagynyň ýa-da mekdebiň üstüne atmak.
***
Çaganyň öz ene-atasyna bolan söýgüsini «Ejeňi gowy görýäňmi ýa kakaňy?» diýen soraga berjek jogaby bilen kesgitläp bolmaz. Şol sebäpli-de, çaga bilen edilýän her bir gürrüňiň juda oýlanyşykly bolmalydygyny unutman, öz ýalňyşyňy «Ol –çagadyr-da» diýen başdansowma çykalganyň üstüne atmaly däl. Çaganyň ýatkeşligi örän güýçli, ol öz gören zadyny, eşiden sözüni hökmany suratda gaýtalap berýär. Meşhur aýtgyda aýdylyşy ýaly, «Çagaňyzyň gitjek ýeri ýok, ol size meňzär. Şonuň üçin, ilki bilen özüňizi terbiýeläň!»

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Makalalar | Görülen: 158 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 16:16, 19.07.2023
aýgül hanym.
o standart soraga kän gaharyňyzy getirmäň.
diýiläýýä-dä...
menem diýdim bir dostumyň oguljygyna: kakaň gowumy ejeň -diýip.
olam standart soraga standart däl jogap gaýtardy, öz gulagym galyp gitdi (ýa-da haýranym hekgerdi).
– ejeň gowumy, kakaň? - soragyna jogaby şu:
– gelnejem!

al, saňa gerek bolsa.
çaga gelnejesini saýlady. :-)
bu kaka ejäň erbetligini aňladanok.
maňa-ha çagaň adaty däl jogaby gyzykly boldy...

hawa, pshologlar näme diýýär.
belki bu soragy bermeli däldiris.
gowy makala.
avatar
0
2 Kyyas • 20:56, 19.07.2023
Gowy mowzuk bolupdyr.

1) Bu aýdylma köplenc erkeklerde bolýar. Öñden gelýän söz bolup biler...

2) Öz çagañdan Kakasyny gabanan ýaly diýsem, öz edeniñi minnet edenede meñzeýär.
Bir işdeş ýoldaşym bardy.
Çagalaryny läliksiredýär, ýokarda belleşiñ ýaly çagalarynyñ arasynda bolanok.
Bir gün öýüne baryp ýadaw halyna barşyna özüni ýassyga oklanda çagalary ýanyna gelip püff aýagyn porsy diýip burnuny tutup gidipdir.
Ejeleri "wah ,çagalar! Şol porsy aýaklar ählimizi göterip duran diýipdir.

Eje öýde çaga-da gowy terbiyelemek ejesiniñ boýnuna düşýär.

Käbir ýagdaýda Mango daýynyñ aýdyşy ýaly çagalaryñ akylly jogabyna haýranyñ haýran galýan pursaty ýok däl...
avatar
1
3 Medicall • 21:28, 19.07.2023
Bu sorag çagalara habar gatmak üçin berilayyan sorag, özem esasy erkek adamlar berýår öydýan? Meñ ogluma şu soragy her hili edip berselerem üýtgewsiz: "ikisem" diyip jogaplardy, ýogsa hijem öwredilen-a ýokdy: "ikisem" diý diýip:) "maşyn alyp bereýin, haysy bolsa biri gowy diýseñ" diýip bulaşdyrjak bolsalaram bulaşanog-a çaga:) "ejeñ gowumy kakañ" diyilende "ikisem" diyse beterinden beterini tapyp, garaz çagany ýalñyşdyrjak bolup "eee dädeñ başga ayaly bar-ow, sen ýaly oglam bar" diyip çişirip agladanam bar çagajygy)) menem bürenen bolup gürläp bilemok-da))) , şonda-da aglap otyrka soranda-da "ikisem" diyyär olam:)
avatar
0
4 meredowmyrat48 • 15:56, 22.07.2023
gowy
avatar

Старая форма входа
Total users: 202