Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:12
«Aýgül» diýseň...
"AÝGÜL" DIÝSEŇ..


«Aýgül» diýseň...

«Aýgül» diýseň üýtgär dünýäň rejesi,
«Garaýewa» diýen wagtyň has beter...
Nädip bolar iki çagaň ejesi,
Şeýdip, öz adyndan eýlese heder?!

Bir nätanyş çykjak ýaly içinden,
Aýna içgin-içgin garap bilmesem?!
Millionlarça adamlaryň içinde,
Öz-özümi tapyp, tanap bilmesem?!

Elimi-elime alyp görýärin,
Bir nyşan agtaryp, alamat aňtap.
Ýok-la, el görgülem bir göwnüýarym,
Menden sypjak bolup urunýar gaýta.

«Men – pylany» diýip tanşyp bilýäler,
Ýaşap ýörün, hatda şonam oňarman.
«Pylanyň gyzy» ýa «gelni» diýýän-de,
Bu uly belany başdan sowurýan.

Hemem geň bolsa-da, utanmaýaryn
Şu ýazan sözlermiň ýekesine-de.
Ýene öz elimden tutan bolýaryn,
Öz-özümi tapman, ýekesiresem...

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 149 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.6/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
2
1 ibrahimbadakhshan • 12:03, 31.05.2023
Örän gowy goşgy, Bu goşgynyň içinde duýulýan agyr ýalňyzlygy şeýle sada hem şahyrana ýazyp bilmek, her kime nesip etmeýär. Hem-de ony diňe çeken bilýär. Ýaşyň uzak bolsun Aýgül Garaýewa!
avatar
1
2 Мango • 12:51, 31.05.2023
"Eliňi-eliňe alyp görmek" detaljygyny tapyşyny, işleýşini haladym.

Senden "sypjak bolup eliň urunyşy", "ýekesiräňde" "ýene öz eliňden tutuşyň" gyzykly.

ýektäne belligem bar:

«Men – pylany» diýip tanşyp bilýäler,
Ýaşap ýörün, hatda şonam oňarman.
«Pylanyň gyzy» ýa «gelni» diýýän-de,
Bu uly belany başdan sowurýan.

"başdan sowurmak" bilen "başdan sowmagyň" arasynda tapawut bolmaly.
düşnüklem bolsa "başdan sowmak" kapiýa üçin "başdan sowurmak" bolupdyr.

berekella Aýgül hanym.
avatar
1
3 Мango • 12:55, 31.05.2023
0) Bu uly belany başdan sowurýan.
1) Bu uly belany başdan sowaýýan.
2) Bu uly belany başdan sowýan men.
avatar
0
4 aygull • 14:40, 31.05.2023
Siz-ä bizden ýaňa şahyram boljak, Mango))
avatar
0
5 Мango • 16:07, 31.05.2023
hiç kime eşdirmänjik, içimden pikirleneýin: hääää.... her ýere burnuňy sokma diýýälerow... (dogram aýdýalar).
avatar
0
6 Medicall • 16:15, 31.05.2023
"Beee, bu teswirde içiñizden ters pikir edäýşiñizi" diýip pikir etdi meñem içim Aýgüldenem öñürdip:)

yzyndanam: "Ine indi meñ teswirime "her ýereburnuñy sokmak" diýseler bolar, diýdi meñ pikirilem içimden :)
avatar
0
7 aygull • 18:44, 31.05.2023
Toba diýiň,Mango...
avatar
0
8 Мango • 20:07, 31.05.2023
Içimden diýenim daşyna eşdiläýipdir öýdýän….
Toba.
Diýmedigim.
Ýagny, toba diýdigim, pikirimi diýmedigim. :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202