Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:30
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam

Kalbymy gaplaýyp süýji hyýala
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam
Müňde alkyş okap senli ykbala
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam

Garaňky gijeleň aýy sen janym
Barlygym, baýlygym, şuglaly aýym
Seni maňa köp görmesin Hudaýym
Bagt ekeni saňa garaşmaklygam

Gülüp gez sen, kül ykbaly gül edip
Göwnüm joşýar saňa şygyr döredip
Indi sensiz ýaşama ýok hez edip
Bagt ekeni saňa garaşmaklygam

Ýylgyrşyň barlygy saz edip biljek
Barlygyň ömrümi ýaz edip biljek
Mydam gujak gersin kalbyň deý geljek
Bagt ekeni saňa garaşmaklygam.

Senli ömür sowulmajak döwrandyr
Senli ömür bakylyga dowamdyr
Seni maňa serpaý eden Allamdyr
Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam

Bagtygül Tekäýewa
Bölümler: Goşgular | Görülen: 132 | Mowzugy paýlaşan: Bagty | Teg: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Medicall • 22:18, 19.08.2023
Boýdaş, barmyñ sen, bagtly ýaşa mydam!
avatar
0
2 Мango • 07:06, 20.08.2023
Many taýdan gaýtalamalar bar eken-dä…

1) Müňde alkyş okap senli ykbala…
2) Senli ömür sowulmajak döwrandyr
Senli ömür bakylyga dowamdyr…

1) Seni maňa köp görmesin Hudaýym
2) Seni maňa serpaý eden Allamdyr
avatar
0
3 Bagty • 07:33, 20.08.2023
Baryn boýdaş. Arada biraz başagaýrak bolup elim ýetmedi hiç zada. Şu iki gün bäri bir aýky okamadyklarymy tapyp okap ýörün.
avatar
0
4 Bagty • 07:34, 20.08.2023
Sag boluň. Ýene bir gözden geçirerin.
avatar
0
5 Pegas • 11:05, 20.08.2023
Şu at bilen türkmen filmem barmydy?
avatar
0
6 Seýrаn • 09:33, 21.08.2023
Goşga azajyk şygyr ýetmändir. Üstünlik dilesem, oňa-da çaltrak ýetseň, soňra mowzuk harmanyndan düýpgöter üýtgeşik hoşa çöpleseň, gowusy bu ýazanymy pozaýyn
avatar

Старая форма входа
Total users: 203