Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:04
Hat

HAT

Başdaky deý ýat däl maňa bu şäher,
Öwrenişdim duman örten säherne.
Köňlüm awlap soňam ýat saýanlary,
Goýberemok göwün atly şäherme.

Agyr märekede öňküler ýaly,
Boýnum buruk, eginlemem gysyk däl.
Şükür, kem zadym ýok, öküner ýaly,
Ykbalym kän adamlar deý gysyk däl.

Tanyş dideleri küýsän gözlerim,
Käte nämüçindir ýaşaryp gidýär.
Nätanyş şäherde syrdaş gözlesem,
Wah meniň bir seni göresim gelýär.

Ýat şäherde ýadyrgamok indi men,
Oglumam deň örýär säher Gün bilen.
...Ah, gelneje saňa diýjek sözlermi,
Ogryn ýazyp goýdum gündeligime.

© Bagtygül TEKÄÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Bagty | Teg: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Medicall • 23:06, 05.03.2023
Ýat şähere-de öwrenşmeli bolýar bialaç. Käte ynamyña gramça-da mynasyp bolup bilmejek adamy jora diyse, dost diyse, dogan diýse ynanýañ-da, diñe syryñy bilmek üçin içginlik edýãnine düşünmãn goyberilayyar Köñül şährine. Bulam bir sapak bolup geçip gidýär,"süýtde agzy bişen suwy üfläp işer" diýýäñ-de soñra hüşgär boluberýäñ sapalak atsalaram, dogan diýselerem ynanmaýañ, kimiñ kimdigini bilýäñ esasy, indikiñe-de gayym bolýañ,:)
(teswirlerdäki ýazanlamyñ bary goşgyň manysyna düşünişimdir, başga zat däl)

Agyr märekede-de bir zady berk bilmeli, esasy hiç kim hiç kimden, adam adamdan pesem däl, ulam däl, olaram adam, ählisiniñem derdem bar, aladasam, şatlygam gaygysam, artykmaçlygam bar, kemçiligem, diymek menem adamlañ biri, esasy zat ykbal gülüp baksyn, şonda-da ynsap arassa bolsun.
avatar
1
2 Medicall • 23:06, 05.03.2023
Käte şeyle bir syrdaş küýseýän diýýän ýeri barada goşgyñ:
- käte mende-de bolyar beýle ýagdaý, onsoñ adamlary bimaza etmäýin diyyande, kompýuteri açyp, içime sygmadyk zatlarymy yazmaga oturyan, soñ belki ulanaryn gerek ýerinde diyyände. Gündeligime diñe gowy zatlary bellemãge çalyşyan. Sebäbi komp-dan öçürip bolýar gaharyñ ýatyşanda. Gündelikden öçürip bolanok:)

Sadadan düşünikli gowy goşgy, bolupdyr boydaş, galamyñ kütelmesin))
avatar
1
3 BayramberdiGeldimyradov • 23:30, 05.03.2023
Menem seýlebir syrdas küýseýän emma adamlary bimaza edmäýinle diýdim oturýan käwagt
avatar
1
4 Medicall • 23:51, 05.03.2023
Size maslahat: Bagtygüliñki ýaly gündelige belläýiñ, soñ gaytalap okañyzda özüñiz özüñize syrdaşdygyñyzy duýarsyñyz
avatar
1
5 Medicall • 23:57, 05.03.2023
Gündelik ýöretmegiñ has peýdaly tarapy bar dörediji adam üçin: edil şol wagt dagynyk pikir hasaplap belläp goýan zatlañ ýa bellän pikiriñ köp wagt geçensoñ gaytalap okañda täze bir pikiriñ dörãp ýene bir zat ýazmagyña sebäbem bolup bilýär, islendik täze pikiriñi belläp goýsañ şol pikiriñ soñ gowy miwe beribem bilýär.
Synanyp görüñ, ýalñyşmarsyñyz!
avatar
1
6 BayramberdiGeldimyradov • 07:12, 06.03.2023
Wah, dogry ýöne gündelikden dasgary syr alyp, syr berisýän dostuñam bolsa kemje-kerdem däl-dä. Bu dünýäde her kim isli, basagaý (menden galany) sonuñ üçirin, kän adamlary biynjalyk etmejeg-ä bolýan. Ýöne Kalba Nur, käte seýlebir ýüregim gysýar welin, gursagymdan çykaýjak bolup durda...
avatar
1
7 Medicall • 07:52, 06.03.2023
Meñ-a ýüregim gysmaga-da wagtym ýok, wagt tapsam ýürek gysmagy diñlemänjik kitap okamaga ýa bir zatlar öwrenmäge çalyşýan. Tebigata çykyp biraz gezmeleýän(muña wagt hijem tapdyrmaýandan bolupdyr soñky mahallar, tebigata-da wagt ýok indi. ) Size-de şony maslahat berib-a biljek.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203