19:14 Geläýme gaýdyp | |
GELÄÝME GAÝDYP Seniň şol gidişiň, köwlenmediň soň, Eý, yşkym, sen birden geläýme gaýdyp. Gorkýaryn men ýene yşka düşerden, Arzuwlar kalbymy paralar öýdüp. Sensizem ýaşaýan, sensizem ýazýan, Her pursat yşk hakda şygrymy sözläp. Söküp ýörün, söýüp ýörün dünýäni, Öz-özünden gaçýan derwüşe meňzäp. Indi maňa geçmiş ýöne ýatlama, Geçen günler dolanmaýar, gelmeýär. Yşk ýolunda men bir zada düşündim, Gorkyny aýyryp zyňyp bolmaýar. Kyn pursatda hemra edýän galammy, Ak kagyza syrly derdimi aýdyp. Seniň şol gidişiň, köwlenmediň soň, Eý, yşkym, sen birden geläýme gaýdyp. *** Kalpda alaw, aýralyk bar başymda, Gezip ýörün ýalňyzlyga ýar bolup. Gül ömrümi kül eýledim yşgyňda, Özümi ýitirip, emma bar bolup. Gözlerim keşbiňi ideýär, ýöne, Bolmasa-da röwşen nurly çyragy. Hiç bir täzelik ýok, derdimem köne, Başyn egip otyr yşkyň çynary. Emma egilen baş dikeler bir gün, Kalpdaky çyn söýgi – aşyga ganat. Bir hakykat, bilmeseň muny bilgin, Men ähtimi tutdum, sen bolduň namart. Men telbe bolmadym senden aýrylyp, Ýaşaýan geljege umytly bakyp. Ahyry bir güni gider aýralyk, Maňa beren ýükün egnine atyp. © Bagtygül TEKÄÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |