12:41 Em bar diýseler | |
EM BAR DIÝSELER... “Ýaraly ýürege em bar” diýseler, Gözledim güýz, gyşdan, bahar hem ýazdan. Ýarasyna mumýa gerek keýik deý, Ony idäp boldum sepil-sergezdan. “Ýaraly ýürege em bar” diýseler, Gözlegde geçirdim ömrüň ýarysyn. Gapymdaky tala tamamy daňyp, Çözdüm bu gün şol ýaramyň sargysyn. “Ýaraly ýürege em bar” diýseler, Indi ynanmaryn beýle çözgüde. Sargysyn aýyrsam, ýaram bitipdir... Em ekeni ýyndam wagtyň özi-de. *** Gozgaman kalbyňy, dertli ýaraňy, Oňa melhem kimin siňesim gelýär. Çagba bolup ýagyp, ýuwup garany, Dünýäni tämizläp diňesim gelýär. Höwes uçguny bar gara gözleňde, Men onuň umydy bolmak isledim. Arman däl-de aýdym bolup sözleňde, Dünýäňe bagt bolup dolmak isledim. Gözlerimi baglan süýji ýalanyň, Ajy hakykatyn görýärin sende. Seniň bilen geçse besdir ýyl, aýym, Gaşsyz göz men, sen bolmasaň eger-de. Hawa, janym, sensiz ýaşap bilmerin, Sensiz duman ýaly ömrüň dowamy. Indi saňa şygrym okap bermerin, Gozgaman kalbyňy, bermen sowaly. Bagtygül TEKÄÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |