Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:40
Kine

KINE

Men indi hiç haçan söýmek islämok,
Ham hyýala aldandy bu göwün ýar.
Seni söýüşim deý söýmäniň üçin,
Ýüregime ornaşypdyr düwün ýar.

Haýyşym, ýolumy büreme güle,
Elwan çeçeklere agyrýar nebsim.
Söýgi wadalaryn almagyn dile,
Söndi meniň bagta bolan höwesim.

Synan göwün indi seýik tutmaz ýar,
Jaň etme, hemme zat indi meňkilik.
Sensizem bu günler asuda geçýär,
Hiç bir zatda duýulanok kemçilik.

Bilýärmiň käteler ýatlaýan seni,
Gül tahýama nagyş çeken halatym.
Asyl bagtyň çyn keşbini tanaman,
Söýülip, söýmedik, eý, bedibagtym.

Garaşanyň çykmadymy ykbaldan,
Salgymy çyn söýgi saýan mähriban.
Ynamyny tala daňan ynsanyň,
Gursagynda seni çoýjak mähri bar.

Ötegçi duýgular gozganok kalby,
Ham-hyýala aldananok göwün ýar.
Söýgüde bijämiň çykmany üçin,
Ýüregimde ýer tutypdyr düwün ýar.

© Bagtygül TEKÄÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Bagty | Teg: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
1
1 Medicall • 20:55, 12.04.2023
"Sensizem bu günler asuda geçýär,
Hiç bir zatda duýulanok kemçilik."
Heýt boýdaş, şujaz setir bilen içjagazyny ýakaýypsyñ - la, oñ :)

Diýdim-a saña bahym ugradaryn ylhamy sen tarapa diýip:)

HALADYM! Ylhamyñ joşup dursun!
avatar
1
2 Мango • 01:37, 13.04.2023
birinji kupletde:
Ýüregime ornaşypdyr düwün ýar.
iň soňkyda hem:
Ýüregimde ýer tutypdyr düwün ýar.

öýkelek goşgy.
avatar
1
3 Pero • 09:39, 13.04.2023
Salam Bagty! Habarlaşmanymyza köp wagt geçdi...
Saña indiki ýazjaklaryma dogry düşünjegiñi bilenim üçin ýazýan:
Soñky döwürde döredijilik,onda-da goşgy babatda bir pikire geldim,ýagny bizi ýazmaga iterýän durmuş meseleleri,"apy-tupanlar" ýa-da bagtly pursatlar bolsun,garaz hemmesini şo durşuna geçirsek şygryýet bolar gürrüñsiz. Emma duýgularymyzy şo durşuna däl-de başga zatlaryñ üsti bilen duýgusuny berip bilsek,onda eýýäm bu sungat derejesine çykýar. Islendik ugurda sungat derejesine çykmak bolsa kämilligi añladýar diýip düşünýän. Şoñ üçin duýgularymyzy simwollaryñ üsti bilen añlatsak(az ya kän mukdarda ýada tutuşlayyn) sungata golaýlap bileris belki. Şeýdibem aslynda pynhan bolmaly duýgularymyz hem-ä açylman galar üstesine-de okyjy barybir eserde kine barmy,peryat barmy,bagt barmy duýar. Sen bu yazanlam barada nähili pikir edýañ? Aslynda bu sorag hemme saytdaşlara-da degişli.
avatar
0
4 Bagabat • 10:04, 13.04.2023
.
avatar
0
5 Mergenowna • 10:12, 13.04.2023
Aýdym etmeli akgynly ajaýyp goşgy
avatar
0
6 Mergenowna • 10:17, 13.04.2023
Şahyrlañ hemmesi bir meñzeş ýazsa goşgy okasym gelmezdi. Açyk ýazýanyñ başga, dymyk ýazýanyñ başga lezzeti bar.
Bagtynyñ goşgysynyñ saza girip duran hiñlenip okadýan heñi bar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202