Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:19
Öwrenişmäýin
ÖWRENIŞMÄÝIN

Ýaňy dälmi gül meňziňden gananym,
Gitdiň. Küýseg kürsäp girdi gursaga.
Gussa leşgerinden doldy çar ýanym,
Gel, men sensizlige öwrenişmäýin.

Nurly dideleriň geljegme şugla,
Mukaddes ynamyň depäme tugra,
Seniň ýoluň hanjak, menem şol ugra,
Gel, men sensizlige öwrenişmäýin.

Ýoklugyňda ähli zatlarda bar kem,
Baryňda üýtgeşik durmuşyň reňkem,
Birden mensizlige öwrenşme sen hem,
Gel, men sensizlige öwrenişmäýin.

Yşk – ataşdyr, ömrümiz kül bolmanka,
Halymyza rakyp ýüzi gülmänkä,
Iki dünýäm, mähribanyň ölmänkä,
Gel, men sensizlige öwrenişmäýin.
***
Kalpda alaw, aýralyk bar başymda,
Gezip ýörün ýalňyzlyga ýar bolup.
Gül ömrümi kül eýledim yşgyňda,
Özümi ýitirip, emma bar bolup.

Gözlerim keşbiňi ideýär, ýöne,
Bolmasa-da röwşen nurly çyragy.
Hiç bir täzelik ýok, derdimem köne,
Başyn egip otyr yşkyň çynary.

Emma egilen baş dikeler bir gün,
Kalpdaky çyn söýgi – aşyga ganat.
Bir hakykat, bilmeseň muny bilgin,
Men ähtimi tutdum, sen bolduň namart.

Men telbe bolmadym senden aýrylyp,
Ýaşaýan geljege umytly bakyp.
Ahyry bir güni gider aýralyk,
Maňa beren ýükün egnine atyp.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 53 | Mowzugy paýlaşan: Bagty | Teg: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 21:21, 10.12.2022
sensizlik, mensizlik.... şu söz täze dörän sözmi?
könekilerde-de gabat gelýärmikä?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203