16:33 Bagtyň parahatlyk aýdymy / hekaýa | |
BAGTYŇ PARAHATLYK AÝDYMY Ýetmişi arka atsam-da, häzir-ä garrylyga per beremok. Pyşdyldabam ýörämok, gatybir haýdap öňdeçiligem edemok. Indi maňa olaryň peýdasy ýa-da asla berjek haýry ýok. Şonuň üçin uly ýoluň ýanýodasyndan öz ýaşyma görä, agras ýöräp, säher bilen gezelenç edýärin. Ýanýoda bilen barýarkam, goňşy-golamlar-da işe ugraýarlar. Ýaşkiçileri maňa salam berýärler, ýaşululara özüm salam berýärin. Şeýle gadyr-hormat göwnüme hoş ýakýar. Adam garrasa dagy şondan başga näme gerek?! Sylansaň, öz gadyryň bardygyna göz ýetirýärsiň. Ýöne sylanmak üçinem, ilki özüňi sylamaly, adamkärçilikli bolmaly. Sözüňde il göwnüne hoş ýakýan mähremlik bolmaly. Ana, şol ýaşula has-da zerur zat. Sebäbi gödeklik diýen zat goňşulygyň ýaraşygyny bozýar. Ýaşuly diýmek, türkmende parasat diýmek-dä. Näçe agras, näçe paýhasly, öwrediji hem tejribeli bolsaň, senden öwrenmäge endik edýärler. Asyl-ha, türkmençilikde garrylyk akyl bermegiň döwri hasaplanylýar. Uly-kiçi ýaşula ynanyp, ondan öwrenmegi adat edinipdir. Şu adat-düzgün ata-baba gelýän üýtgemeýän ýeke-täk ülňi bolsa gerek. Şol öňki endigime görä, bu günem säher bilen gezelenje çykyp, maýdalyma ýanýodadan ýöräp barýaryn. Birden öňümden äpet alabaýly ýetginjek çykdy. Türkmen itiniň edähedini ony bir görenimde tanaýan. Sebäbi menem çagalygymdan bäri şu alabaýlary göre-göre ösüp ulaldym. Şonuň üçin arkaýyn ýöräp barýaryn. Ýetginjek hem alabaý deňime gelende, it hyňrandy. Ýetginjek bolsa oňa guwanyp, birhili ýylgyrdy. Onuň ýylgyrmasynda meniň gorkuly hereketimiň başlanmagyna garaşylýardy. Ýöne mende ýetginjekden-de, onuň köpeginden-de birjik-de çekinjeňlik ýokdy. Alabaý bolsa özüniň äpet göwresiniň aşagyna meni gabyr-gubur alaýjaga meňzeýärdi. Men türkmen alabaýynyň haýsy tarapyndan barmalydygyny mundan ýarym asyrdan-da gowrak öň bilýän ahyryn. «Atyň arkasyny, itiň boýnuny» diýen pähime eýerip, men özümiň damarlak elim bilen köpegiň boýnuny sypaladym. Megerem, bu sypaw köpege hoş ýakdy. Ol sakga durup, gaşawumy örän gowy kabul etdi, hatda ol maňa birhili hoşallykly seretdi. Şol wagt meniň deňimden geçen uzyn boýly, maral gözli, nurana ýüzli eli bäbekli gelin: — Jigim, hälem ýaşuly itiňi sypalap köşeşdirdi. Ýogsam kim bilýär, meniň bäbejigimiň başyna bu köpek ne güni salardy. Öýüňizde senden ululary ýokmy, bu köpegi gezdirmäge? Indikiňe berk bol, ýogsam men adamymy öýüňize ibermeli bolaryn — diýip, maňa hem-ä salam berdi, hemem alkyşly sözleri aýtdy. Türkmen bahary ýuwaş-ýuwaşdan öz mylaýymlygyndan serginligini yssy, çogly günlere berip ugrady. Şol günlerde men ol eli bäbekli gelne, gör, näçe gezek duşup, onuň: «Salamälik» diýip berýän salamyny agraslyk bilen alyp, ýol ýöräpdim. Gelniň berýän salamy göwnüme bolmasa, maňa birhili tekge-goldaw berýän ýalydy. Sebäbi onuň berýän salamynda maňa hoşallyk alamaty bardy. Ol hoşallyk ene ýüreginiň öz perzendine bolan gyzgyn söýgüsiniň çogundan lowurdap çykýardy. Men her gezek eli bäbekli gelne gabat gelenimde, başga bir pikire berilýärin. Bu gelin alty aýlyjak bäbegi bilen ak säheriň päkligine çümüp, nirä barýar? Muny gelniň bir özi bilýär. Howla girelgäniň öňündäki meýdançada çar tarapy al-elwan güllere beslenen uzyn oturgyçda peýwagtyna oturan aýalymyň deňinden geçýän bäbekli gelin oňa salam berýär. Ine, şol salam hem hal-ýagdaý soraşmaga sebäp bolýar. Gepiň gerdişine görä aýalymyň: —Bäh, gelin, säher bilen bäbeklije işe barýaň-ow. Tüýs işiňe berlen hünärmen ekeniň-dä sen — diýen sözlerine pitiwa beren gelin şeýle diýipdir: —Men kakamyň hem ejemiň ýeke dikrary. Şonuň üçinem olar meni örän gowy görýärler. Kakamdyr ejem meni şeýle ýürekden eziz görüşleri ýaly, ynha, şu ogul perzendimi-de diýseň eý görýärler. Olar irden her säherde ilki bilen, agtygyny görmek isleýärler. Onsoň olar maňa jaň edýärler. Menem olaryň raýyny ýykman, her gün diýen ýaly, bäbejigimi eltip, olara görkezýärin. Olar şonda ynjalyp, hoşal bolýarlar. — Onsoň... — diýip, aýalym gelne bir zatlar diýjek bolanda, ol: — Onsoň men ýene-de yzyma — öz öýüme gaýdyberýän — diýipdir. Bir gezek ol gelin meniň ýanýodadan ýöräp barýanymy görüp: — Anha, ene jan, şol ýaşulyny görýäňmi? Ol örän paýhasly, oňat — diýipdir. — Ol meniň adamym. Säher bilen gezelenç etmegi gowy görýär. Men bolsa, ine, şu bagy-bossanlykda oturmagy diýseň halaýan. Biz durmuşda-da öz göwün islegimiz bilen ýaşaýas. Bir-biregiň erkinligini — erkin pikirini hem hereketini hemişe sylaýas. Bu bolsa biziň biri-birimize bolan hormatymyzy has-da artdyrýar — diýip, aýalym ýylgyrypdyr. — Meniň adamymam şeýle häsiýetli. Ol irden oýanyp, meni öýden ugradýar. «Ene-atanyň göwni ylahy täçdir. Şol täji näçe mertebeleseň, olar seni alkyş bilen ýaşadarlar. Ene–atany razy etmek — ömrüň iň beýik manysy» diýip, maňa pent edýär. Menem adamymyň şeýle sözlerinden ganatlanyp, görşüňiz ýaly, ynha, öýümize tarap ganat baglap uçup barýan. Öýde özüme-de, perzendime-de köňlümiň jygasy, ömrümiň serweri ejem bilen kakam garaşýar. Şol garaşmagy rahatlyga öwürýän şu bäbek-dä — diýip, gelin aýalymyň deňinden şuňkar guşy ýaly galkyjyklap, geçip gidipdir. Nesli söýmek ynsana uly güýç berýär. Her kim öz nesil-neberesini ile-güne, Watana peýdaly adamlar edip ýetişdirmegiň aladasyny edýär. Eger ol ile-güne, ýurda peýda getirse, onda özüne-de peýda getirer. Ol şonda özüni has-da kämilleşdirmelidir. Ine, şeýle nesil hakyky nesil bolup, ol ene-atanyň, eziz Watanyň ynamyny doly ödeýär. Meniň ol bäbekli gelin bilen bagly oýlanmalarym gün-günden artyp başlady. Sebäbi bäbejige şeýle belent söýgi, mähir siňensoň, onuň geljekki ykbaly örän gowy bolmaly. Jemgyýetiň nesil bilen bile öňe gitmegi, gör, nähili eşretli ýaşaýşy wada berýär. Meniň irden bäbekli gelni görmegim, göwnüme bolmasa, aladamy, pikir-oýumy has-da artdyran ýaly boldy. Sebäbi ol bäbejigiň şu güni hakda alada etseň, ertir ol hem geljek hakda pikir eder, onuň rowaçlygy ugrunda güýç-gaýratyny gaýgyrmaz. Ynha, men bu günem säher bilen ýanýodadan ýöräp barýan. Özem öz maýdalyma, arkaýyn barýan. Bäbekli gelin bolsa maňa salam berip, meniň deňimden çalt-çalt ýöräp geçip gidýär. Goý, ol geçip gidibersin, barybir men onuň bäbegi hakdaky aladalary bilen galýan. Özümiň ömrümiň köpüsiniň geçendigi üçin, öz ömrümiň dowamyny şol tokarja bäbekde görmek islegimiň şeýle güýçlüdigini siz bir bilsediňiz. Men göwräme gelişmeýän hereket bilen, birden yzyma bakan öwrüldim. Görsem, bäbekli gelin bäbejigini bagryna basyp, ýanýodadan parahat ýöräp barýar. Onuň özi hem bäbejigi üçin döredilen şeýle asudalygyň hemişe zerurlygyna düşünip barýan ýalydy. Hawa, ol bagtyň we parahatçylygyň keşbine meňzäp ak ajaýyp säherde ýaly gaýmagyndan — arassa howadan dem alyp, ýaýnap-ýazylyp barýar. Şeýle görnüşi görmek, gör, nähili ýakymly. Bu bir ajaýyp bagtyýarlyk ahyryn. Men gelne seredip, ýuwaşja pyşyrdadym: «Ýoluň ak bolsun, bäbekli gelin!». Şöhrat MÜLKIÝEW, ýazyjy. Çeşmesi: “Adalat” gazeti, 25.11.2022ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |