10:52 Gel, seýle çykaly | |
Gözlermiñ içinde kirlenýär dünýä, Hatda, ýüreklere urupdyr reñki. Ne-hä, naçarlaryñ agysy diñýä... ...Biparh garap geçýäs soñy garañky. Gel, seýle çykaly ýalñyz syrdaşym, Görsün hemme bir ýerlerde bardygym! Özüni tanatdy dosty gardaşym, Pelekden yzba-yz zarba aldygym. Gurçuk deý, etimi iýen dört diwar, Bilsin, oñ elinde tussag däldigim. Kalbymyñ perdesin örtüpdir gubar, Indi bilýän, mekirleriñ kändigin. Dokuzym düzüw däl, goý bolup geçsin, Biz, barymyz bilen bazar eýläli. Ýüzümiz bir, ýagty äleme düşsün, Ýer astyna girsek, onsoñ neýläli. Herkim, gözi bilen bir zatlar diýer, Ýogsam, hiç birine azarym ýetmez. Derdi egni bilen çekenler biler, Käte, ýönekeý zat bolýar elýetmez. Alla bilýär, aman bolsa bir başym, Bagtyýar günlerden umyd:gärdigim! Gel, seýle çykaly ýalñyz syrdaşym, Görsün hemme bir ýerlerde bardygym! © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |