20:15 Ber yzyna | |
BER YZYNA Töle. Gaýdyp ber hemmesin. Sensiz günüm, sensizligim, Takatym, pikirsiz beýnim... Indiden soň kynam bolsa, Maňa gaýdyp ber yzyna Ýogsa Çydamok bu aladalaň Girdabynda sana döndüm. Artyk sözem gürlemedik Düşündirşsiz, sessiz-üýnsiz Bu söýgiden Senem dändiň, menem dändim. Ne men saňa bardyr öýdýän, A sen menden ýetmiş esse. Ýollaryňda badak bolup, Günäleriň ahy tutsa Gargyş etseň iki uçlumyş, O başda sen, bu başda men Dogry, öweziň dolmady Ne ýakynym, ne başgalar. Töle, Gaýdyp ber hemmesin Içiňden çykar sesimi, Ýüregiňe giren sözlem Ber Maňa söz kemlik edýär. Sen-ä şatsyň, a men munda... Alalap goýma-da ykbal, Bize haçan deňlik edýäň. Töle öňki sadalygym, Men öňki özüm küýseýän. Il ýatyp, it uklandan soň Gijeleriň tümün böwsüp, Eziz saýan şu ýollaňdan Seň bilen, özüm ideýän. * * * Tas ýiten ekeni sensiz ylhamym, Tas giden ekeniň, sakladym zordan. Bilýäňmi, men seni näçe öwsemem, Kemter bolup bary gaýdyp dur bärden. Düşündim, sözlerden artyk ekeniň, Lala döndüm. Sensiz hiç kim ekenim. Owunjak zatlary çişirip ýören, Diýsene Sen-ä baryp ýatan işsiz ekeniň. Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |