Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:53
Yrym

YRYM

«Şol gün ony iň soňky sapar görşüm ekeni». Şeý diýip başlansoň, edil gürleýşi ýaly, haýaljakdan kino lentasy saralyp ugraýar aňymda. «Üýtgeşik sagbollaşyşyndanam aň edäýmändirin. «Işe gidemde ogullarymyň ikisiniňem elini salgatsana yzymdan» diýse-de, sebäbini sorajak bolmandyryn. Biz üç bolup elimizi galgadýas. Olam aşakdan maşynyny düýtdüldedýär». Men onuň on üç ýyl mundan öňki keşbini görkezen suratlary boýunça ýene-de şo-ol üçünji gatdaky penjiräniň öňüne eltýän.
«Gidensoň öýläne golaý erbet ýüregim gysdy. Birhili janyma jaý tapman başladym. Birsalymdanam gapy kakyldy. Habaryny aýtdylar. Nalaç ugratmaly boldum ony... Toý edenimize ýaňy bir üç ýyl bolupdy. Beýle zatlar hakynda dagy ýatsam-tursam oýuma-da getirip bilemokdym heniz». Her gezek gürrüňiniň şu ýerine ýeteninde damagym dolýar. Derrew ýüzüme käsämi tutýan çaý owurtlaýanlardansyrap. «Hernä, tutunara dalym bar. Ol maňa dünýädäki iň gowy ýadygärligi goýup gitdi». Nazaryny gaýraky otaga aýlap, ogullarydygyny düşündirjek bolýar. Men «bilýän» diýen terzde haýdap başymy atýan. Soň ýene dowam edýär: «Bir gün üýşüp garyndaşlarymyz bolup oba barýardyk. Ýolda-da ulagymyzyň «aýagy» ýaryldy. Bejerýänçäler garaşyp oturyşymyza ber-başagaý bolup ýören ýoldaşyma gözüm düşäýmezmi. «Men nähili bagtly zenan» diýip, gomaljyranymy duýman galypdyryn. Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolasy ýok-la welin, göwnüme, käwagt bolan-geçeni ýekän-ýekän ýatlasam, şol gün men-menlik eden ýaly bolup durun. Şodur-şodur küpür geplemegiň gowy zadyň üstünden eltmeýändigini-hä bilýän. Berlen zat «berdim» diýip uzagyndan berilmese, soňy kyn bolýan ekeni». Onuň bu günki ýüregini egismesiniň iň soňky sözlemi şunuň bilen tamamlandy.
Üns berýän welin, köplenç, penjiräniň öňünde durup daşaryny synlamak endigi bar. Öňümiz durşuna ulag bolansoň, içlerinden intizary çykaýjak ýaly seredýär olara-da. Işden gelsem, göni şol ýere eňäýýän şonuň üçin. «Hä, geldiňmi?» diýip, gepi hernäçe başga ýana sowjak bolsa-da, hyýalynyň şol güne dolanýandygyny soraman biläýmeli. Käwagt bir joşaýmasa, öwrülip gürlemezlige äht eden ýaly, köp dymýar özem.
Ine, bu günem ol hemişekisi ýaly haýdap naharynyň oduny köpeltdi. El-ýüzümi ýuwýançam daşarda oýnap ýören çagalaryny öýe saldy. Saçak ýazyldy. Nahar äberildi. Men her kime çörek döwmäge durdum. Ala-böle özüne döwmän uzadyşymy geň görüp ýüzüme seretdi. Ýagdaýa aýdyňlyk getirmek üçin: «Özüňden ula çörek döwüp bermeli dälmişin, yrym edýän» diýdim. «Gaty yrymçyl-a bolmaly däl sen» diýdi-de, ýylgyrdy. Jogap hökmünde ýylgyrsamam ýylgyrdym welin, nahar iýenimde-de, gaplary ýuwanymda-da bu yrymy okan kitabym zol ýadyma düşdi durdy. Men ony häki bir ýüzugra okap aýyrjakdandym o wagt. Aýyrdymam. Şol gün kakama uzadan çöregimi hem aňymdan aýyrdym edip beripdim ony. Ýöne beýle däl eken. Soň: «Uýaýmaly ekenim şol yryma» diýip kän ökündim. Çagalygymyň edil şojagaz pursadyny kän saradasym geldi yzyna.
Adam eziz zadyny ýitirse, sebäbiniň nämedendigini sähelçe zatdanam bolsa gözlegiç bolýan ekeni. Hereketinden, aýdan sözünden, hatda ýönekeýje bir yrymdanam many çykarjak bolup dur, asyl. Özgeleri köpräk diňläberseň, bu duýgynyň hemmäniň zandynda bardygyna düşünibem barýaň. Gynanýan ýerim, eýsem, olary hökman bir zadymyzy ýitiremizsoň ürç edinmelimikäk?
Ýitirmek — sapak. Bir gelniň uly gürlemezligini jylawlan, bir gyza ynanjyň nämedigini öwreden sapak özem. Yrym — göwnüňe getirmek. Göwne gelýän zatlar adamy aňsat-aňsat aldanok. Geňeşdaryny göwün edineniň bolsa aty büdränok. Galanam Hudaýyñ işi.

© Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA

"Nesil" gazeti 18.02.2023 ý.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aýşat Hojamuhammedowa | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203