Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:57
Ömürden bir gün

ÖMÜRDEN BIR GÜN (Oýlanma)

Agşamky guran jaňym biwagt çagt jyrlap, zähräm-ä ýardy. Gaharyma ýorgany bürendim-de, beýläme öwrülip, ýatmaga durdum. Bary gitdi ýaňky düýşleriňem. Eýýäm näme görüp, näme goýanymam ýadyma düşenok. Bir dükana girip bir zat gözleýänimi bilýärin. Ýatyp galmagymdan ätiýaç edibem, hasyr-husur işe ýumlugýaryn.
Işigi gulplap durşuma, säher bilen adamlaryň aýak üstünde bolmagy keýpimi göterýär. Bu ýagdaýa nijeme wagt bäri öwrenişemsoň, töwerekde bolup geçýän zatlaryň hemmesem gözüme yssy. Onsoň goňşularyň çişlik bişirýän demrinden başlap, her gün ýörişden gaýdyp gelýän Maýa daýzadyr gögerçinler bilen gürleşýän çüňkdäki ýaşuly hakynda-da bir zatlar ýazasym gelýär.
Öwrülip, ýene eslije ýöreýän ugrumda-da çörek bişýär. Ertirlik edinmek üçin hemmeler gyzgynjak çöregi şu ýerden alyp gidýärler. Bu ýere gelýänleriň içinde hasam bir oglanjyk ünsümi çekýär. Ony her görenimde düşündirip bolmajak duýga berilýärin. Seredýänimi biläýmesin diýibem, tä geçip gidýänçä zol aşak bakýaryn. Ýöne, bir gowy ýeri, seret-seretme, ol bu zatlary birem ýüregine aljak bolup duranok. Belki, daşyndan maňa şeýle bolup görünýän bolmagam mümkin, ýöne başardygyndan ýöremäge çalşyşyny, köpe çykyp, ýürejigini açyşyny göreniňde welin, beýle pikirler seriňe-de gelenok. Çaga-çuga ýa tanyş-bilişlerini görse dagy, özlerinden öňürti ýylgyryp, lak atýar. Aýagyny az-owlak daş tarapa towlap alýar diýmeseň, çagalar aýtmyşlaýyn, aşyk-beýlekem oýnaberýärmişin ol.
Ýuwaş-ýuwaş zibil atylýan ýere ýakynlaşýaryn. Gelnejeler eýýämden gül pürkülen ýaly edipdirler töweregi. Näler: «Elleriňize güller bitsin!» diýip geçip gidesim gelýär deňlerinden. Ýüzlerini görüp, çalaja ýylgyrjak ýaly etsemem, ýürek edip diýäýip bilemok şonda-da. Arassaja ýerden ýöräp işe gitmegimiz üçin zähmet çekselerem, şunça ýolagçy bolup iki agyz hoş sözümizi gysganýarys olardan. Bolman-da: «Armaweriň!» diýäýmeli ekeniň» diýip hüňürdeýän öz-özüme.
Ahmyr bilen daşlaşyp barşyma, bir ýerlerden «zomp» edip pişikler çykýar. Birini köplenç görsemem, bu jelegaýlarda edil özüne meňzeş taýynyň bardygyny bilemokdym. Ony birwagt öýümizde saklan «Mor» diýýän pişigimize meňzederdim. Adam ýok wagtlary ýuwaşlyk bilen bir-iki ýola çagyrybam gördüm. Eldeki bolmansoň, gaçaýýar-da ýöne. Biri erbet edip ýüzüme seredip geçdi welin, daşymdan ýylgyran borlym. Moruň gulagyndan ary çakyşyny gören her kimem ýylgyrardy ýöne. Wakany edil bolşy ýaly edip aýdyp bersem, ýaňky alarylanyň hahahaýlap gülmegem mümkindi welin, bolýar-da. Ýadyma salanymam şol. Ekiniň içinde iki ýana daz ýasaýşyna ilki näme bolduka öýtdük. Görsek, gulagyndan ary çakypdyr. Elde-aýakda saklatman, janhowluna ylgaýşyna daşyndan: «Waý, gulajygym, gulajygym» diýdirişim göz öňüme gelýär. Şol bolşum ýaly, bir zat diýdirip göresim gelýär olara-da. Adamlaryň: «Her hili däli bar» diýjek sözlerinden utanjyma ýolum bilen boluberýän ýene.
Hanha, saçyny jyrk sary edip ors ýigidem-ä gelýär. Şol bir wagtda çykýarysmy öýden nämemi, Hudaýyň beren güni sataşýarys şunuň bilenem. Yzyndan ýagy kowalaýan ýaly, menden bäş beter mydama-da howlukmaç özem. Günde-günde görüp duran ýüzüň bolansoň, birhili, tanşyňa-da öwrülip barýar. Ýöne birem salamlaşyp göremizok. «Wiý, senmidiň-de, senmidiň» diýýän ýaly seredişýäris-de, geçiberýäris. Şeýdibem uly ýola çykýaryn. Awtobus baryny deňimden ötürip, duralga çenli: «Ah, gitdi», «wah, gitdiler» bilen haýdaşlaýaryn. Endik boýunça goşaryma seretjek bolsam, sagadymyň döwlendigem soň ýadyma düşýär.
Ulaglylardan başlap, pyýadalara çenli her kim işe ýetişjekden. 160-lyk gelýär. Hernä, boşlawrak eken. Ýer tapyp, oturanymdan töwire başlaýaryn. Gidişin-gaýdyşyn «Çopan ata» öwlüýäsiniň deňinden geçýänimizem bir gowy zat. Aýat-töwir diňe bir ýagşylykda ýatlanýan bendäniň däl, ol kişini ýatlaýan bendäniň ýüregine-de nur eçilýär. Allanyň saýlap-sylan bendeleriniň ýagşy dilegde bolmaklaryny umyt etmegiň özem gowulyga çagyryşmyşyn. Ertekilerdäki ýaly gidiberip-gidiberip, 6-lygyň barýan duralgasynda-da düşüp galýaryn. Ahyr gelýär olam. Ep-esli ýolagçyny düşürip, ýene şonça ýolagçyny hem mündürip, işe ugraýarys. Aldamagyň gowy zat däldigini bilsemem, käwagt redaktoryň: «Näme üçin gijä galdyň?» diýýän soragyna günäni 6-lyga ýöňkän gezeklerim üçin utanýaryn. Ýaňky töwiriň täsirinden bolsa-da bilemok, «aňylasy ýok-la» diýip edýänje hereketlerim hem, gel-gel, şu günki awtobusa münüşlikde ýadyma düşýär. Içimden geçýänleri biri ýüzümden okap biler öýdübem, aldygyna eýläme-beýläme garanjaklaýaryn.
Gijä galman gelenligimiň begenji bilen derwezeden girýärin. Lift, zal, hanha-da, oturýan otagym. Bir-birege: «Sag-aman geldiňmi-de, sag-aman geldiňmi?» boluşýarlar. Nobatçy ekenim bu gün. Sahypalar çykýar. Okap, işlerimi birýüzli edibem: «Birsalym güllerime seredeýin-le» diýip, penjirä golaýlaýaryn. Görsem, uçar geçip barýar. Ugram günbatara. Bir döwür: «Menem äkitsene!» diýip el salgaýşym, golaýjakdan görmegi, hasam münüp, bir ýerlere gitmegi arzuw edişim aňymdan ýyldyrym çaltlygynda geçip gidýär. Ýene köçäni synlaýaryn. Ýokardan gowy görnensoň, «Gitseň, dört tarapyň açyk» diýilýän meňzetme-de, näme üçindir, her gezek şu dört çatryga gözüm düşende küýüme gelýär. Gün ýaşyp ugraýar welinem, säherki salamlaşyklar agşamky sagbollaşyklara öwrülip, öýe howlugylýar.
Ýap-ýagty şäher her kimi getirenje ýollary bilen öýli-öýüne ugradýar. Menem ýene şol köçä gelýärin. Indi köwşümiň sesine diň salaýmasam, ertirki gören adamlarymyň birem görünmez bu ýerde. Köp gatly jaýlaryň çyralary açyk penjireleriniň birden birinde görnäýjekler ýaly, ýokaryma seredýärin. Belki-de, olar häzir telewizoryň öňünde agşamlyk edinýändirler. Dünýäniň edil şujagaz böleginiň kimdir birine özleri sebäpli gyzykly bolup görünýändigi barada hiç wagt pikirem etmezler. Her gün deňlerinden sessizje geçip gidýän bir habarçynyň bu gije ukudan galyp ýazjak makalasynyň içine iň soňky sapar girjeklerinden hem habarlary bolmaz. Edil habarçynyň olar bilen bu säher iň soňky ýola didarlaşýandygyndan özüniňem bihabar bolşy ýaly...

© Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Aýşat Hojamuhammedowa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 kysmat • 19:01, 26.02.2024
Be, şu tekst goýlanda abzas, gyralarynyň deňligini zadyny sazlap bolmaýarmyka?! ýa men oňaramokmy?!
avatar
0
2 Medicall • 19:09, 26.02.2024
Kompyuterde añsat bolyar, tel-da kyn. Elim degse düzlayerin, goyayyñ, jigim
avatar
0
3 kysmat • 19:11, 26.02.2024
Bir maňa-da düzgünini düşünnirseňiz size azar bolmaz ýalakga...
avatar
0
4 Nurdаn • 19:20, 26.02.2024
Gazetdan bir ýerden kopýalasañ şeýdýär, formaty deñ gelenok, setirleri sazlamaly oturyp, :) başga usulyny bilemok
avatar
0
5 Мango • 14:24, 27.02.2024
surat barada.
stalinskiý sosrealizm stili.
ýylmanak, emeli ýalpyldadylan eser.
çagalaň oýnawaç maşynam SSSR-den galan ýaly duýgy döretdi.
o birinji plandaky kebelek.... bagtyýarlygy hasam ýylmanak görkezýär...

oýlanma barada.
awtoryň özem agzaýa: "Ertekilerdäki ýaly gidiberip-gidiberip, 6-lygyň barýan duralgasynda-da düşüp galýaryn."
okap başlamdan erteki-stil ýada düşdi :-)
ilki birinji sözlemiň gulagyndan çekjek: "Agşamky guran jaňym biwagt çagt jyrlap, zähräm-ä ýardy."
sorag: belli wagta gurlan sagat öz wagtynda jyňňyrdasa ol biwagt jyrladygy bolýamy?
---
indi erteki stile geçeli...

...hasyr-husur işe ýumlugyp gidiberdim, gidiberdim,
öňümden "çişlik bişirýän" mangal çykdy.
ýene-de gidiberdim, gidiberdim,
öňümden "Maýa daýza" çykdy.
ýene-de gidiberdim, gidiberdim,
öňümden "gögerçinler bilen gürleşýän ýaşuly" çykdy.
ýene-de gidiberdim, gidiberdim,
öňümden pekarnyý çykdy. ol ýerden "ertirlik edinmek üçin hemmeler gyzgynjak çörek" alýalar.
menem aldym we ýene-de gidiberdim, gidiberdim,
öňümden "bir oglanjyk" çykdy. oglanjyk "aýagyny az-owlak daş tarapa towlap alýan" eken.
oglanjygyň deňinden geçip ýene-de gidiberdim, gidiberdim,
öňümden "zibil atylýan ýer" çykdy. o ýerde gelnejeler bar eken. olar kim o ýerik hapa atsa derrew "gül pürkülen ýaly edýän" ekenler.
osoň «Elleriňize güller bitsin!» diýip geçip gidiberdim, gidiberdim, öňümden "bir ýerlerden «zomp» edip pişikler" çykdy. olary görüp «Mor» diýýän pişigimiz ýada düşdi. oň "gulagyndan ary çakypdy".
ýene-de gidiberdim, gidiberdim, öňümden "jylk sary saçly ors ýigidi" çykdy. bu gezek men oň deňinden däl-de ol meň deňimden "yzyndan ýagy kowalaýan ýaly, menden bäş beter mydama-da howlukmaç" geçip gitdi.
ýene-de gidiberdim, gidiberdim, öňümden "uly ýol" çykdy.
soň... awtobus, 160-lyk...
awtobusda gidiberdim, gidiberdim... «Çopan ata» öwlüýäsi çykdy.
aýat okap ýene-de gidiberdim, gidiberdim, soň awtobusymy çalyşdym. 6-lyga mündüm.
soň ýene-de gidiberdim, gidiberdim... ahyry şeýdip işe bardym....

(şutkadyr, ököläýmäň ýöne...:-))
avatar
0
6 Мango • 14:27, 27.02.2024
pişikli ýerini haladym...
gulagyndan ary çakyşy...
oýlanmany "dirije" edýär...
avatar
0
7 Mekan2 • 15:11, 27.02.2024
kolyaska-da iwuşka çalym edýän eken
avatar

Старая форма входа
Total users: 203