23:00 Beýnimi mynçgalan... | |
Beýnimi mynçgalan, Bolgusyz pikirden saplanyp bilmän. Özüm zo-ol-zo-ol aýna seredip, Bigörk keşbime sowalym berýän. Men kim? Köçä çykýan. Öñümden geçenden soraýan, emma, Jogapsyz galýar beren soragym, Ýa-da şol bir jogap, "Señ özüñ, sen-dä" Belki-de, H-o-ol barýan mendirin, -Aý, dogan, aý dogan aýak çeksen aý! Berdim sowalymy, ýüzümi aldy, Bolsa-da ýaşuly gödek ekenaý... Blogerler ýaly, mahabatlanyp, Meniñ özüm hut Şol Kerim Hallymy? "Şahyr" men diýýän, goşguçy deýin, Heý-de şygyrlarym halan boldumy?... Sapa Hommat ýaly agras pikirde, Laçynmy, Suraýmy ýa-da Mahymmy? Ýok, olañ deñine ýeterden ejiz, Men olara deñäre nä Şahyrmy? Özümi tanaman, telbeligimden, Kelläñe gelmejek, pikirlerimden, Burçak- burçak derlerine demigen, Ýeñi ýoluk galan setirlerimden, Biperwaý halymda galpyldap duran, Görkümden, Erkimden, Ýe-ne her kimden Şol bir sowalym Kim men? Remezan Mametgurbanow | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |