00:25 Şahyr... | |
Gurbannazar Ezizowa bagyşlap. Şahyr- Ýagşyzada ýa-da Hüýr-Melek, Ynsandan döreýär, bolmaýar ölüp. Süýndirip janyny alsada Pelek, Ýaşamaly gaýtadandan direlip. Iki jahan owarrasy sen Şahyr, Derwüş jindesinde bolmaly, hem-de Sal-sal kepen orap gitseñde ahyr, Hydyr bolup görünmeli her bendä. Arzuwlary wysal etmeklik üçin, Ýaşan şahyrlaryñ ölmedigi çyn, Gezip ýörler dilden dillere geçip. Kalplara ebedi bolmaly perçin, Kök urmaly ýaşamaly gül açyp. Şonuñ üçin, seni ynsan dogurýar, Geçip gitmek üçin Galaktikadan. Eýläp, eýläp hamyr ýaly ýugurýar. Doñdurýarlar buzlugynda Arktikañ Garýarlar gumuña element baryn, Elementiñ tapmaz ýaly çümdürip, Ýanardagyñ magmasynda gaýnadyp, Ýasaýarlar onsañ altyn kendirik*. Düýrlenip, çeýnelip, bir damja suwa, Çygylyp, çygylyp dogulýar düme. | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |