Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:51
Bokurdakly gyz

Gök eýwana çykdyň ak jaýdan parlap,
Gaşy gylyç, göreçleri okly gyz.
Bakdyň welin, duşaklandy aýagym,
Bu nätdigiň boldy, bokurdakly gyz?

Ulaldyp aýdamok, çykamok çenden,
Ýasalana-a dälsin zybrygyn tokdan?
Ýa-da şu durşuňa indiňmi gökden,
Nirden aldyň bu syraty, şekli gyz ?

Birdem ýalkym atdy çägesow köçe,
Gitdiň. Boşap galdy eýwanyň içi.
Topukdan ýokarda tans edýän saçy,
Sypamaga kim bolarka hakly gyz ?

- O gyz kim?
Diýdiler : ,,Geljekki wraç"
Başym ýaýkap galdym, ýok başga alaç,
Men-ä ir dogulýan, senem juda giç -
Bolýan işe seret, al ýaňakly gyz ?!

Bolsaňam biz üçin näçe elýetmez,
Gumsalt köçe bilen gögümtil atlaz,
Indi, ömür boýy gözümden gitmez
Derek boý, giň maňlaý, giň gursakly gyz!

© Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Garlawac | Teg: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Seýrаn • 09:26, 21.08.2023
Çenden diýen söz çakdandyr?! Hümmm diýip oňaýmasak.
avatar
0
2 Garlawac • 19:04, 25.08.2023
Ýok, çakdan däl-de çenden. Ikisi hem many taýdan sinonim bolup gidýär.Berdinazar Hudaýnazarowyň 1985-nji ýylda neşir edilen ,,Mertebe" atly goşgular ýygyndysynyň 95-nji sahypasynda berlen goşgy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203