00:05 Pähimlenip bilýän bolsa başymyz | |
Pähimlenip bilýän bolsa başymyz Gudurat ahyr töweregimiz - daşymyz. Tebigatdyr çagalykdan tanşymyz Şondan uly ussat bolup bilmersiň. Pul ynjalyk bermez sanap görmeseň, Ömür sürdügiň däl ýaýnap görmeseň. Agyr menzillerde synap görmeseň Kimiň kimdigini bilip bilmersiň. Türkmeniň düýesi, Hindiniň pili Agyrap - ynjatmaz bolsa-da uly. Emmaki eşekden ýykylsaň weli Wagtynda ýeriňden galyp bilmersiň. Gök gübürdäp ýagjak ýagşy buşlaýar Kelle pikirlenýär - galam işleýär. Ýene-de bir açyş etdim aşnalar: Öňürti ýylgyrman gülüp bilmersiň. Hakykat kän bolman, ýeke - täk bolsa.... Ahyr alyp çykar ýürek ak bolsa. Öz kalbyňda sahawadyň ýok bolsa Iliňkä-de şöhle salyp bilmersiň. Näbileýin, bagt diýilýän nämede. Ýöne belli: bakmaz kaddy-kamata. Haýyr işiň bolsa goýma nobata, Iki gezek dünýä gelip bilmersiň. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |