Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:57
Ene we ogul
ENE WE OGUL

Men gürrüň bereýin,
Gulak goý senem.
Hiç haçan adymy,
Tutmazdy enem.
Köçelerde oýnap,
oýnap günuzyn.
Gelemde diýerdi:
Açsyň sen guzym.
"Köşegim" diýerdi,
diýerdi "iner",
Diliňize gurban
Bolsaň eneler!
-Eje! - diýenimde,
Diýerdi "jana!"
Nan salyp, okuwçy,
Mata bukjama,
Meni ýatymlyga
ugradýan dek ol
Diýerdi "sag git-de,
sag-amanja gel!"

Fronta ugraljak
Şol agyr günem,
Meniň öz adymy
tutmady enem.
Goşhaltama salyp
Tapan-tupanyn,
Gördüm eli bilen
Ýüzün ýapanyn..

"Mert bol, eje".. - diýip,
Yzyn ýuwutdym,
Çaga däl - on ýedi
ýaşan ýigitdim.

Bu söze has beter
Bozuldy käbäm:
"Seni öýeribem
bilmedim, balam".

Ol maňa bakýardy,
Göýä ýazykly,
Bu bakyş hem agyr
hemem näzikdi.
Men turdum... enem hem
Des-deň dikeldi,
Gujaklanda bir dem
demi tükendi.

Beýik hesret bilen
Birsellem dymdy,
Syrylan kelläme
Göz ýaşy damdy.
-Nowbahar perzendim,
nowça çynarym!
Diýip, bir ah çekdi -
yrandy tärim.

Meň boýnuma bukaw
Boldy goşary,
Badaşan dek bolup
çykdyk daşary.

Uruşdyr. Kim galar,
Kimlerem öler.
Agram bolsa size
düşýär eneler!
Moskwaň düýbünde,
gazaply gyşda,
Bir ölüp direldim
Agyr söweşde.

Gardan kepen
ýapylypdyr üstüme,
Dört sagatdan
gelipdirin essime,
Gözüm açypdyryn,
gijäniň ýary,
Otyr başujumda
halatly biri.

Bir zat diýjek boldum -
gurapdyr dilim,
Bolsa-da namartlyk
etmändir ölüm...
Begendim: Ellerim
Bitindi bitin!
A, sag aýak
saralgydy büs-bütin.

Ýazmalymy, ýokmy -
bolan zat hakda,
Zäherli ok
galan eken uýlukda.
Aýagy kesjekler,
bu belli eýýäm,
Bir ýazaýyn,
Birem ýazmaýyn diýýän.

Ýüregimde arman,
gözlerimde nem,
Muny hat-habarsyz
duýupdyr enem!
Özümden öňürti
ýazypdyr käbäm:
"Düýşümde bir dişim
gopdy-la balam.
Sen bolsa şeýle şat
bir gülýämişiň,
Jan ogul, ne güne
uçrady başyň?!"

Men gürrüň bereýin,
gulak goý, senem:
Öýe gelsem eýýäm...
ýok eken enem.
Öýde dyzym epmän
ýanyna gitdim,
Çaga däl, on sekiz
ýaşly ýigitdim.

Bardym mazarlyga
pişegmi süýräp,
Süýndüm guburyna
maňlaýmy diräp.
Başujuny saklap,
ýatdym günuzyn,
Seslenen bolmady:
"Sen açsyň, guzym".

A men tebsiräpdim
hem örän açdym,
Sebäp, ejem ýaşdy,
özümem ýaşdym...

Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 129 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Teg: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 14:58, 12.01.2024
gowy goşgy.
äriniň ýa-da aýalynyň adyny tutman "kakasy", "keýwany", "öýdäki"... ýaly diýýänleri belli welin, goşgudaky eje nämeüçindir oglunyň adyny tutanok eken...
"balam", "guzym"... diýýändir welin adynam tutaýjak ýaly. ýa-da goşguda tutmaýan ýaly görünýär.
ýyzzyl!
avatar
0
2 Mekan2 • 15:40, 12.01.2024
Atsyzatly gardaş,

I siziň nigiňiz şulaň haýsysy?

1. a:tsyz a:tly
2. atsyz atly
3. atzyz a:tly
4. a:tsyz atly

II möhüm zadam däl welin, şujagaz ýerde harp ýalňyşy gowja büdüredýä.

"Sen açsyň, guzum - guzym".

III (aslynda muny başda aýtmalydym welin, neýse) goşgyny haladym.

IV men bolsam şujagaz ýerini şeýderdim:

Diýerdi "sag git-de,
sag-amanja gel!"

Diýerdi "sag git-de,
aman gel, ogul!"

beýtse-de, sussupesiň diýşi ýaly, men bolardym-da :-)

V bäş ýyldyza basandyryn.
avatar
0
3 Atsyzatly • 16:04, 12.01.2024
Harp ýalňyşy düzetdim. Nikiňem dogrysy ikinji weriýant bolmaly, Myhman aga.
avatar
0
4 Mekan2 • 16:49, 12.01.2024
Maýn Rigiň başsyz atlysyny ýatlatdy.

atyň bolmasa problema dälläý. bizä kiçikäk çybyk eýerläýýädik, bar mesele çözülýädi. osoň, ýetdä ýetibilseň yzymyzdan.
avatar
-1
5 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:31, 12.01.2024
Bu teswir goşgy barada däl, ýöne "dile geldi, bile geldisi".

Ene urşa barýan 17 ýaşly ogluny öýerip bilmedigine arman çekýär.

Milli däp-dessurlarymyz mukaddesdir, emma hiç kimem olaryň hemmesini häzirki döwürde ulanmagy oňlamasa gerek. Meselem, lewiraty (ýeňňä dakmagy). Elbetde, bu däbiň esasly sebäpleri bar. Emma köpler halanok.

Lewirat gowy ýa erbet bolanda-da, onuň göze görnüp duran zyýany bolmandy. Emma bir däbimiz bardy - ine, onuň zyýany gaty çökder we pajygaly boldy.

Ol - urşa gidýänleri hökman öýermek däbi. Türkmenler uruş boljagyny eşitseler hökman ogullaryny öýerýärdiler.

Türkmenlerde iň esasy wezipe - nesliň dowam etmesidi. Munuň ýeke ýoly bolsa howply ýere gidýänleri ur-tut öýermekdi (häzirki wagtda bu hökman däl: urşa gidýän ýaşlar spermasyny goýup gidýärler: ol ölse, hossarlary onuň neslini dowam etdirmek isleseler meýletin bir gyzyň üsti bilen muny gurap bilýärler. Çaga ulalanda hakykaty aýdýarlar. Bir zenanyň hem ömri köýmeýär).

"Uruş duýdansyz başlandy" diýilýäni edil başlanan döwürleri barada dogrudyr. Aslynda bolsa bu urşa 1933-nji ýylda gitlerçileriň häkimeýeti alan döwründen bäri garaşýardylar. Soňra ýaraşyk baglaşyldy, emma urşuň boljakdygyny hemmeler aňýardylar.

Türkmenistan ýaly ülkelerden diňe 17, soň ondan uly ýaşlaryň alnandygyny ýatlanyň. Uruş başlanmadyk bolsa olaryň entek-entek öýlenmejekleri kändi. Emma urşy duýan türkmenler öz ýaş ogullaryny şeýle bir howul-hara öýerip başladylar welin, "türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir" diýleni boldy.

Netijesi özüňize mälim: gidenleriň yzynda galanlaryň birki çagasy galdy ýa-da galmady (total öýerişler uruşdan birki ýyl öň başlanyp, on gün galýança dowam etdi.Şonuň üçinem adamsy bilen 10 gün ýaşaşan, göwresinde hem çaga galmadyk, ýeke öten zenanlary tanaýaryn).

Birki çagaly ýa-da ýalňyz dul galan ummasyz kän gelinler şu däbiň pidasydy.

Ol wagt ikinji äre barmak seýrekdi. Gidýärler köplenç öýlenip gidensoňlar indiki ýaş ýigitler üçin çykmadyk gyzlar defisit boldy. Ýaňky maýyp bolup gelen oglanyň hem gyz tapmak problemasy bolandyr: gelmedik deň-duşlarynyň ýaşajyk dul gelinleri leýs bolup ýatyr, orslaryň edişi ýaly alaýmak bolmaýar (olar ojak saklajaklar), onsoň ýagty adam aňsat maşgalaly bolmagyň deregine oňa-da boý gyz tapyp bermeli.

Türkmenistandaky şu agyr disbalans (bir tarapdan ýaş dul gelinleriň, beýleki tarapdan köpçülikleýin öýleniş döwründen soň gyz gytçylygynda gezip ýören ýigitleriň köp bolmagy) sebäpli, kompartiýa Aman Kekilowyň öňünde partiýa wezipesini goýup, şu iki topary jübütleşmäge höweslendirjek eser ýazmagy tabşyrýar.

Netijede, şygyr bilen ýazylan "Söýgi" romany döreýär.

Megerem, ol eser demografik problemany çözen däl bolsa gerek.

Aslynda edebiýatyň edebi wezipelerden başga çözüp biljek zady barmyka?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202