Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:23
Erkek adam
ERKEK ADAM

Alçak bahar Garaguma
Ýazylanda haly bolup.
Aladaňdan gözüm açdym,
Erkek adam ýaly bolup.

Dogduň-dogduň. Ile äşgär.
Biri synlar, biri buşlar.
Ýaşamakda welin iş bar,
Erkek adam ýaly bolup.

Kim özüni diýse dana,
Gaçdym ondan başga ýana.
Tagzym etdim duza-nana,
Erkek adam ýaly bolup.

Yssyladym, gaýlap çykdym,
Ýaşlykdyr-da — aýnap çykdym.
Orta welin gaýnap çykdym
Erkek adam ýaly bolup.

Baýdak däl her galgan mata.
Ýüzüm tutdum herne ýagta.
Boýun aldym etsem hata,
Erkek adam ýaly bolup.

Gyzlar bilen göz çeneşdim,
Gujak gerdim. Gujak açdym.
Birisine ýesir düşdüm,
Erkek adam ýaly bolup.

Her telpeklä diýmersiň är.
Munuňam öz kanuny bar.
Kim gepleýär, kim ýaşaýar —
Erkek adam ýaly bolup.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Мango • 13:26, 23.09.2023
"Kim özüni diýse dana" diýýän setirinde "özüni" däl-de "özüne" bolmaly ýaly.

Kim özüni özüne diýse dana,
Gaçdym ondan başga ýana.
Tagzym etdim duza-nana,
Erkek adam ýaly bolup.

"tagzym"-ly ýerinem näme diýjek bolany düşnüklem bolsa, şeýle diýilmegini bir hili görýän.
Tagzym etmek baş egip hormatlamak.
çöregi ýerden galdyrarsyň, basalamarsyň, zyňmarsyň.... ýöne baş egip tagzym edibem durmarsyňla.

Berdinazar kakaň ruhy şat bolsun.
avatar
0
2 Мango • 13:29, 23.09.2023
Gyzlar bilen göz çeneşdim,
Gujak gerdim. Gujak açdym...

ýene-de düşnükli, ýöne iki gezek gaýtalanýan ýaly gujak-gujak.
avatar
0
3 Medicall • 13:49, 23.09.2023
Adamzat köpelip ugrandan bäri, Adam Atadan soñ erkekler iki topara bölünýär ekeni:
1. - mertler.
2. - ejiz, namart, zenanpisint erkekler, birinjisi bolmak kyn bolany üçrip zenanlaň köpüsi öz üstlerine mertlik paýyny alyp "bäş telpekliň" ýerinde bir özi durmagy başarypdyrlar, ikinji topar "erkeklerem" zenanlaň azlygyna rehim edip zenanlarça ýaşaberipdirler. şeýdip dünýäde aýal-erkek sanyny deňlikde saklapýönkenler))

Berdinazar daýy-da gujak gerip, gujak açyp bilipdir öz-ä, "boýun almagam mertlik" diýip gönjesini aýdybam gidipdir:) Ussadyň ruhy şat bolsun
avatar
0
4 Medicall • 14:52, 23.09.2023
Tagzym etdip nana duza - tagzym etdim diýşine gör-ä duz, nan - çörek manyda däl-de duz dadan ýeri, duzun iýen Watany, ojagy, öýi manysynda bolubam biler, edil göni manyda aýtmadyk bolubam biler
avatar
0
5 Medicall • 14:56, 23.09.2023
Gaýtalansa-da sazlaşykly eşdilýär

Heýwereje bet bolan bolmaly Berdinazar aga, gyzlar diýip köpeldipdir öz-ä))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203