Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:01
"Eý, Ezizim.."
"EÝ, EZIZIM.."

Eý, ezizim, Ene ýurdum,
Guşlar gaýsyn asmanyňda.
Aňrysynda Sen ýatansyň
Guwanjymyň, gussamyň-da.

Günler gelsin, günler geçsin,
Ak bulutlar gonsun, göçsün.
Miweleriň bulduraşsyn
Göz güjeňläp bossanyňda.

Daýhanlaryň çeksin azap,
Gaýdyp gelsin gadym ynsap.
Meýdanlarda joýa ýasap
Ýagmyr ýagsyn isläniňde.

Ak alaňlar, gök derekler
Gözden gitmez eger-eger.
Bolsun edip ak pata ber
Göwne hyýal beslänimde.

Gün depäňden eglip dursun,
Nur-bereket guýlup dursun.
Ene mähriň duýlup dursyn
Ýazan, ýazjak dessanymda.

Barlygyňda belent sussum,
Waspyň edýän bassys-bassyr.
Saňa söýgüm mukaddesdir
Arzuwymda, yhlasymda.

Ak çagbalar ýüzüň ýuwar,
Daglar gökden ak süýt emer.
Ruhy golda, güýç-kuwwat ber,
Takdyr bizi gyssanynda.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 57 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Pero • 16:24, 27.12.2022
Amin! Şeýle bolsun ylaýym!
"Gaýdyp gelsin gadym ynsap" diýýär weli,haýsy döwriñ ynsabyka?! Haýsy döwriñ haýsy ynsanyny alsañam döwürdeşleriniñ ynsapsyzlygyndan zeýrenýärler
avatar
0
2 Medicall • 01:46, 28.12.2022
Berdinazar Hudaýnazarow köp goşgusynda ynsaba ýüzlenýär, ata-babalaryñ ähdine, antyna ygraryna, halallygyna sarpasy has çuñ duýulýar:
Duşman äkiden-de doganyn güýlüp,
Ýaraly arslan dek düýrügip, düýrip,
Mele desterhany mañlaýa sylyp
Atalarmyz anty döredipdirler"
(şeýleräk ýalydy bir bendi). Diýmek bu goşgudaky YNSAP hem has irki pederlere degişli ynsap bolmaly aýaldogan, ynsapsyzlygyñ nãmedigini soñ öwrenendir biziñ has gadymy sähraýy Pederlermiz ))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203