01:06 BOLMALY | |
BOLMALY Owal-ahyr ýagşy bolmaklyk üçin, Göwünler birneme sada bolmaly, Ýalñyşlaryñ ýerin dolmaklyk üçin Özüñe özüñde kada bolmaly. Abraýyñ artmaz ýaranjañ bolsañ, Sylagyñ kemeler gomaljak bolsañ, Köpleriñ öñünde tanaljak bolsañ, Ýaşlañ arasynda moda bolmaly. ,,Menem şeýle boljak..." Şeýlemiş il-ä, Diýmekligiñ özi uly bir günä Umydy süýrekläp, ynamy diräp, Şolara halasgär ada bolmaly. Özün aldaýany gezsemem geñläp, Göwnümi ýazgardym ýüregmi diñläp, Köp zady söz berdim, soñuny bilmän, Bizi köseýän zat wada bolmaly... ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |