20:46 Meniñ bu dünýäde ýitirjek zadym, õmrüm we adym | |
MENIÑ BU DÜNÝÄDE ÝITIRJEK ZADYM, ÖMRÜM WE ADYM... Ikimizem bir duýgyny ýaşaýas, Şolbir howa, şolbir adaty günler, Garaşýarys gowylyklañ gelerne, Garaşmañ, sabyryñ adatyn bilmän. Üýtgeşik bolmagy arzuw edýäs biz, Üýtgejek bolmany niýete düwmän, Bugdaýam, arpa-da meñzeş maýsaka, Emma olañ hersi bir däne düwýär. Sen bolsa zol meni günäkärleýäñ, Hatam ýoga ynsanlygymdan başga, ,,Ynsan borda hata etmezmi?..." Diýme, Säwligim ýok seni söýmekden başga. Ýene şolbir gürrüñ, ýene şolbir heñ, Ynan meni halys irizip barýar, Irden al asmanda dogan güneşi, Ömür biziñ pursatymyz aýaman, Gyssap Günbatara girizip barýar. Sen juda arkaýyn jogap berýärsiñ..., Bagt bize garaşmaýar tutmasak, Ikimizem bir duýgyny ýaşaýas, Hasap çykmaz bu oýunda utmasak... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |